Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň demirýol ulgamyna hüjüm etdi


Lwow sebitinde bolan demirýol partlamasy. 25-nji aprel, 2022
Lwow sebitinde bolan demirýol partlamasy. 25-nji aprel, 2022

Rus goşuny 25-nji aprelde irden Ukrainanyň merkezinde we günbatarynda azyndan 5 demirýol menziline raketa zarbalaryny urdy diýip, Ukrainanyň döwlet demirýol kompaniýasy we birnäçe sebitiň ýolbaşçylary habar berdi.

Elektrik desgalaryna zeper ýetdi, Şepetowka-Kazatin, Žmerinka-Kazatin, Kazatin-Fastow ugurlarynda tok kesildi.

Bular demirýol ulgamynyň strategiki taýdan möhüm ugurlary bolup, Kiýewi we Ukrainanyň merkezi sebitlerini ýurduň günbatar bölegi bilen baglanyşdyrýar.

“Ukrzaliznytsia” guramasynyň başlygy Aleksandr Kamyşiniň sözlerine görä, pida bolanlar bar, azyndan 16 ýolagçy otlusynyň hereketi togtadyldy.

Demirýol desgalaryna urlan zarbalar barada Riwne, Winnitsa, Lwow sebitleriniň administrasiýa ýolbaşçylary habar berdi. Lwow sebitindäki Žmerinka, Kazatin we Krasnoý stansiýalaryna hüjüm edildi.

XS
SM
MD
LG