Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Harasadyň ikinji ýyl dönümi: Ilat gussa bilen ýatlaýar, betbagtçylygyň netijeleri doly dikeldilmeýär, häkimiýetler dymýar


Lebapda iki ýyl mundan ozal turan harasatda zyýan çeken jaý

2020-nji 27-nji aprelinde giçlik sagat 6:40 töwereginde Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda güýçli harasat turdy. Bu tebigy betbagtçylyk öwezini dolup bolmajak adam ýitgilerine we agyr maddy zyýana ýol açdy. Onuň netijeleri heniz hem doly dikeldilmeýär. Bu harasat heniz hem adamlaryň ýadyndan çykmaýar we olar muny gam-gussa bilen ýatlaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berýärler.

Iki ýyl mundan ozal şu gün turan şol harasat onlarça adamyň heläk bolmagyna sebäp bolup, ýaşaýyş jaýlaryna, durmuş desgalaryna, şäher infrastrukturalaryna, awtoulaglara we ekin meýdanlaryna agyr zyýan ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy diňe harasat gijesi elektrik sütünleriniň we jaýlaryň diwarlarynyň hem-de üçekleriniň ýykylmagynyň netijesinde Lebapda 10 adamyň wepat bolandygyny, başga-da azyndan 20 adamyň harasatdan soň dörän ýangynlarda aradan çykandygyny aýdýar.

"Başga-da azyndan 50 adam maýyp bolup galdy" diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk Radiosy harasadyň yz ýany Lebapda azyndan 30 adamyň we Maryda bäş adamyň wepat bolandygyny aýdyp, azyndan 35 ölüm hadysasy barada habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ne harasat, ne onuň ýetiren zyýanlary, ne-de adam ýitgileri barada resmi hasabat çap etdi.

Lebapdaky habarçymyz, aradan iki ýyl geçendigine garamazdan, sebitde harasadyň netijesinde hatardan çykan, ýykylan we üzülen elektrik sütünleriniň hem-de simleriniň heniz-de doly bejerilmeýändigini aýdýar.

"Harasadyň netijeleri häli-şindi duýulýar. Harasatdan soňra belli bir derejede bejeriş işleri geçirildi, ýöne bu işler başdansowma amal edildi. Käbir ýerlerde elektrik sütünleri ýykylyp, elektrik simleri çykyp dur. Üzülen simleriň käbirlerini doly täzelemän, häli-şindi biri-birlerine sepleşdirýärler. Elektrik geçiriji simleriň barysyny täzelemeli. Sütünler ýykylyp ýa egrelip dur" diýip, Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysy 27-nji aprelde gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar "häkimiýetleriň biperwaýlygynyň, ýagny harasadyň yz ýany sebitde elektrik energiýasynyň öz wagtynda dikeldilmezliginiň goşmaça adam ýitgilerine sebäp bolandygyny" hem aýdýarlar.

"Adamlar käbir sebitlerde 25 gün, käbirinde-de 27 günläp toksuz, garaňkyda oturdylar. Şol döwürde iň bir pajygaly ölümler boldy. Türkmenabadyň Dostluk etrapçasynda gije şemiň ýykylyp, jaýyň ot almagy netijesinde bir zenan aradan çykdy. Çärjew etrabynda hem ata-ogul ýogaldy. Bu adam maýyp ogly gorkmasyn diýip, gije şem ýakyp goýýar. Şemiň ýykylmagy netijesinde jaýy ot alýar. Olaryň ikisi hem ýangynda aradan çykdy. Bular meniň bilýän wakalarym. Şuňa meňzeş başga-da ençeme hadysa ýüze çykdy" diýip, çärjewli ýaşaýjy aýtdy.

Maryly ýaşaýjylar hem iki ýyl ozal turan güýçli harasady häli-şindi gaýgy-alada bilen ýatlaýarlar. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, indi sebitde sähel ýiti ýel tursa, adamlar şol harasadyň gaýtalanmagyndan howatyrlanýarlar.

"Şol harasatda jaýlaryň üçeklerip opurlyp, elektrik simleriniň üzülmegi we sütünleriň ýykylmagy netijesinde adam ýitgileri boldy. Günüň ikinji ýarymynda okaýan okuwçylar okuwlaryny tamamlap, mekdepden öýlerine gaýdyp barýarka turan şol harasat iki çaganyň ölümine sebäp boldy. Olaryň biri elektrik simleriniň üzülip, tok urmagy netijesinde aradan çykdy, beýlekisi elektrik sütüniniň aşagynda galdy. Şuňa meňzeş hadysalaryň netijesinde maýyp galan çagalar hem bar. Şol güni ene-atalar üçin ömür boýy ýatdan çykmajak gün boldy" diýip, maryly bir ene gussa bilen gürrüň berdi.

Maryly ýaşaýjylar "häkimiýetleriň geleňsizligine" ünsi çekip, tebigy betbagtçylyk barada ilatyň öňünden hiç hili habarly edilmezligine-de gahar-gazap beýan edýärler.

"Adamlar 'eger güýçli harasadyň geljekdigi barada öňünden azajyk bolsa-da habarly edilen bolsadyk, çagalarymyzy mekdebe ugratmazdyk' diýýärler" diýip, habarçymyz belledi.

Habarçymyz, aradan iki ýylyň geçendigine garamazdan, sebitde heniz hem öz ýaşaýyş jaýlaryny doly dikeldip bilmedik hojalyklaryň barydygyny hem aýdýar. Bu hojalyklar munuň sebäplerini ykdysady krizisiň arasynda, eklenç kynçylyklary, şol sanda gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatçylygy bilen düşündirýärler.

"Her kim güýji ýeteninden bejeriş işlerini geçirýär. Entek doly abatlanmadyk üçekler bar. "Bejerdik" diýlip goýlan üçeklerden ýagyş ýagsa suw geçýär. Çala şemal tursa, üçekler jygyldap dur. Harasatda köp gatly jaýlaryň balkonlary hem zir-zöwran bolupdy, penjireleri döwlüp pytrapdy. Hojalyklaryň köpüsi heniz hem penjirelerine paket tutup, oňşuk edýär" diýip, maryly ene sözüni jemledi.

Bellesek, ýurtda harasatdan zyýan çeken hojalyklar we edara-kärhanalar öz hasabyna gurluşyk we abatlaýyş işlerini geçirmeli boldular.

Türkmen häkimiýetleri zyýan çekenlere kömek bermek beýlede dursun, hatda bolan ýagdaýlary agzamady. Türkmenistanyň hökümeti harasat we onuň adam pidalary, ýol açan agyr maddy zyýany barada şu güne çenli dymyşlygyny dowam etdirýär.

Häkimiýetleriň tebigy betbagtçylyk barada kelam agyz söz aýtmazlygy we hereketsizligi ýurduň içindäki we daşynda türkmenistanlylaryň arasynda nägilelik döretdi. Harasatdan soňky hepdelerde we aýlarda Türkmenabadyň we beýleki şäherçeleriň ýaşaýjylary birnäçe gezek köçelere çykyp, häkimiýetlere nägilelik bildirdi. Şeýle-de, Türkiýedäki, Kiprdäki, ABŞ-daky we beýleki ýurtlardaky türkmen migrantlary hem, Türkmenistanyň hökümetine garşy nägilelik protestleriniň ençemesini geçirip, şol döwürdäki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyryş etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG