Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Analiz: Pandemiýa we harasatdan soňky emelsizlik awtoritar prezidenti hem içerde, hem daşarda gözden düşürdi


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Koronawirus pandemiýasyndan öň, belki-de, Simpsonlar multfilminde bir epizodda ýa-da komediýaçy Stiwen Kolbertiň (Stephen Colbert) giç-agşam gepleşiginde çala ýatlanyp geçilmeginden başga, köp adam Türkmenistan hakynda kän zat eşitmändi.

Mundan öňem käbir çatak pursatlaryň bolandygyna garamazdan, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edil häzirkisi ýaly kynçylykly ýagdaýa hiç wagt düşmändi diýsek, dogry bolar.

Bolýar, Türkmenistanda şu wagta çenli bary-ýogy iki prezidentiň bolandygyny boýun alalyň, ýöne olaryň birinjisi, Saparmyrat Nyýazow şu günki günde Berdimuhamedowyň öňünde keseren çynlakaý kynçylyklar bilen, belki-de, hiç wagt ýüzbe-ýüz bolmandy.

Berdimuhamedowyň we onuň hökümetiniň Türkmenistanda golaýda bolup geçen agyr ýagdaýlar babatda gören ýa-da görmedik çäreleri geň galarlyk derejede ýerliksiz boldy we, onsoň, bu başarnyksyzlyk netijesinde awtoritar lideriň bolanja at-abraýy hem pese gaçdy.

Global garaýyş

Koronawirus pandemiýasyndan öň, belki-de, Simpsonlar multfilminde bir epizodda ýa-da komediýaçy Stiwen Kolbertiň (Stephen Colbert) giç-agşam gepleşiginde çala ýatlanyp geçilmeginden başga, köp adam Türkmenistan hakynda kän zat eşitmändi.

Şol çykyşlardan, Berdimuhamedowyň döwlet telewideniýesinde görkezilen hokgalaryndan, Rambo kysmynda öz söweş ukyplaryny mazamlaýyşyndan we türkmen çölündäki beýikli-pesli, çarkandak ýollarda maşyn sürşünden, agtygy bilen bile saz gurallaryna ussatlarça erk edişinden we sportuň dürli görnüşlerinde kämilligini güjeňlemek synanyşyklaryndan soň, adamlaryň ýatda saklap biljek zady bu ýurduň prezidentiniň örän gömük bolmagy bolsa gerek.

Emma bu köp adam üçin munuň gutarýan, tamam bolýan ýeri bolup durýar.

Kolbertiň programmasyndaky bölekler we Jon Oliweriň şuňa meňzeş gepleşigindäki gürrüňler hem adamlara Berdimuhamedowyň dünýädäki iň bir repressiw, iň uly basyşly hökümetleriň birini dolandyrýandygyny ýatladýar.

Emma indi Türkmenistan özüni başgalardan üýtgeşik, tapawutly görkezmegiň täze bir görnüşine eýe boldy. Bu ýurt dünýäde, azyndan Berdimuhamedowyň hökümetiniň tassyklamagyna görä, koronawirusdan azat bolan az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar.

Bu hili tassyklama köp adamda Eýran, Gazagystan, Özbegistan we Owganystan ýaly ýurtlar bilen araçäkleşýän ýurduň özüni nädip wirusdan üzňe, azat saklap bilýändigi barada ullakan sorag döredýär. Sebäbi 3-nji iýula çenli Türkmenistanyň duldegşir goňşularynda, Eýranda 230 müňden gowrak, Gazagystanda 44 müň çemesi, Özbegistanda 9200, Owganystanda 32 müňden gowrak koronawirus hadysasy hasaba alyndy.

Türkmenistan babatda has köp zat bilmek ýa öwrenmek islegi hökmany suratda halkara hukuk guramalarynyň ýyllyk hasabatlaryna ýa-da bu ýurduň hökümetiniň garaňky keşbini çekýän alymlaryň we žurnalistleriň işlerine alyp gelýär.

Şeýlelikde, halkara derejesindäki paş edişligiň ýokarlanmagy Berdimuhamedowyň häzir birnäçe aý mundan öňki döwre garanda, aglaba köplügi esasy azatlyklarynyň ählisinden mahrum edilen türkmenleriň hukuklaryny basgylaýan zalym hökmünde, belki-de, has gowy tanalmagyny aňladýar.

Mundan başga-da ol, öz raýatlarynyň barha ýaramazlaşýan ýaşaýyş standartlaryna umuman göz ýummak we gerekmejek taslamalara ummasyz köp möçberde pul harçlamak bilen, görnetin awtoritar dolandyryjy hasaplanýar.

Bularyň üstüne onuň, hakykatda ýagdaýyň gözegçilik astyndan çykyp barýandygyny görkezýän delilleriň barha köpelýändigine garamazdan, öz ýurdunyň koronawirusdan azatdygyna aýak depip, halkara jemgyýetçiligine edýän gödeňsi hilesini hem goşmaly.

Bütindünýä saglyk guramasy iki aýdan gowrak wagt bäri Türkmenistana, 6 million töweregi ilatly, aglaba bölegini çöllük tutýan ýurtda bolýandygy aýdylýan medisina gudratyny barlamak üçin, öz delegasiýasyny ibermäge çalyşýar.

Emma türkmen resmileri sypjyklyk etdiler we BSG-nyň delegasiýasynyň anyk haçan geljekdigi henizem belli däl, ýogsa olaryň soňky deslapky senesiniň 6-njy iýuldygy hem aýdyldy.

Bu ýerde Türkmenistana köp ýyl bäri syn edýänler üçin hemme zat düşnükli. Hökümet öz ýurdundaky koronawirus barada dogrusyny aýtmaýar, ýalan sözleýär we BSG-nyň delegasiýasynyň baryp biljek wirusly ýerlerini arassalamak, mümkin bolan wirus yzlaryny gömmek we olaryň wirus ýokuşan adamlar bilen duşuşmagynyň öňüni almak üçin elinden gelenini edýär.

BSG-nyň sapary bilen baglylykda türkmen hökümetiniň ýene bir meselesi bar. Global pandemiýa başlanyndan kän wagt geçmänkä, Türkmenistanda halkara uçuşlaryny kabul edýän ýeke-täk howa menzili Lebap sebitiniň Türkmenabat şäherindäki aeroport boldy.

Onsoň, ýurda gelýänler üçin gurlan esasy karantin lageri hem şu ýerde ýerleşýär. Şu sebäpden, görnüşinden, BSG-nyň delegasiýasy şu ýere uçup geler we şol bada, kän azap görmezden, öz baryp görmek isleýän ýerleriniň birinde bolar.

Emma bu sebit we goňşulykdaky Mary regiony aprel aýynyň ahyrynda we maý aýynyň başynda güýçli ýel-harasatdan we güýçli ýagyş-ýagmyr tupanyndan düýpli zyýan çekdi. Türkmen hökümeti bu betbagtçylygy tasdan hiç zat etmän, goluny gowşuryp diýen ýaly garşy aldy. Hatda bu weýrançylyklar barada, adatça bolşy ýaly, döwlet gözegçiligindäki habar serişdelerinde-de hiç bir maglumat berilmedi.

Waşington. Türkmen aktiwistleri Lebapdaky we Marydaky harasat pidalaryna gynanç bildirýär.
Waşington. Türkmen aktiwistleri Lebapdaky we Marydaky harasat pidalaryna gynanç bildirýär.

Şu sebäpden karantin lageri hem, şäher hem, iň bolmanda howa menziliniň töweregi we lagere barýan ýol, BSG-nyň islendik saparyndan öň mazaly düzedilmeli we tertibe salynmaly.

Lebapda we Maryda bolup geçen tebigy betbagtçylyklar barada türkmen hökümeti we döwlet habar beriş serişdeleri dymsa-da, ýurt daşyndaky türkmenler dymmady.

Maý aýynyň başynda iki sany ýaş türkmen Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň daş işigine gelip, Lebapda we Maryda gopan gaý-tupanyň pidalaryna gynanç bildirilýän ýazgyny galdyrdy.

11-nji maýda bolsa, Demirgazyk Kiprdäki türkmenleriň kiçiräk topary bir ýere toplanyp, hökümetiň tupan pidalaryna kömek, goldaw bermegini talap etdi.

Soňra, 20-nji maýda, Demirgazyk Kiprde ýene bir şunuň ýaly ýygnanyşyk geçirildi we bu gezek adamlar Berdimuhamedowyň işinden çekilmegine çagyrdy. Olar bu çagyryşy ýene bir gezek, 14-nji iýunda-da gaýtaladylar.

15-nji maýda Türkiýede, Stambuldaky türkmen konsullygynyň daşynda hem 20 töweregi adam türkmen hökümetine garşy demonstrasiýa geçirdi. Mundan başga, Stambulda ýene, 26-njy iýunda hem Berdimuhamedowa garşy demonstrasiýa geçirildi.

Berdimuhamedowa hem-de onuň hökümetine garşy guralan şuňa meňzeş demonstrasiýa, ýedi adamyň gatnaşmagynda, 29-njy maýda Nýu-Ýorkda, BMG-niň binasynyň daş işiginde hem geçirildi.

Şondan soň iki hepdeden hem az wagt içinde bolsa, ýene bir topar, ABŞ-nyň Pitsburg şäherinde toplanyp, türkmen liderine garşy protest çäresini geçirdi. 28-nji iýunda, Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda bolsa, Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň öňünde hem, Nýu-Ýorkdaky BMG binasynyň golaýynda hem demonstrasiýa geçirildi.

Protest çäresine gatnaşýan adamlaryň sany hiç wagt beýle köp bolmady, ýöne olar hemişe, köp adamly demonstrasiýalar ýaly, şowhunly we erjel göründi.

Eurasianet.org 24-nji iýunda ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň iki sany ýokary derejeli resmisiniň (Geýl Mançin we Gary Bauer) Berdimuhamedowyň hökümetiniň ýyllar boýy eden eden-etdilikleri barada ýazan jikme-jik makalasyny çap etdi we ol makalada “öz halkynyň esasy hukuklaryny basgylaýan daşarky bir diktatory goldamak Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bähbidine däl" diýilýär.

Mundan öň, ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi 4-nji iýunda eden beýanatynda “Türkmenistanda adam hukuklarynyň we esasy azatlyklaryň ulanylmagy gazaply çäklendirilen” diýmek bilen, ABŞ-nyň Türkmenistanda ýyllar boýy daşarky dünýä bilen habarlaşdyrylman saklanylýan wyždan bendileriniň ýagdaýyny şindi hem alada edýändigini aýtdy.

Halkyň gahar-gazaby güýçlenýär

Ýöne, elbetde, Türkmenistanyň raýatlary öz ýurtlaryndaky durmuş hakykatyny her kesden gowy bilýärler.

Türkmenistanda 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolaly bäri ýekeje-de resmi hasaba alnan garaşsyz metbugat ýa garaşsyz syýasy partiýa bolmady.

Raýatlaryň syýasy meseleler boýunça öz pikirlerini aýtmak, diýmek mümkinçiligi ýok we hökümet tankytçylary türmä basylýar hem-de käte bilinmeýän türmelerde ýitip gidýär.

Soňky bäş ýylda esasy eksportynyň, tebigy gazyň global bahasynyň pese gaçmagy, üç gaz alyjysyndan ikisini ýitirmegi bilen, ýitirilen müşderileriň biri bolan Orsýet 2019-njy ýylda, pes bahadan, her müň kub metr gaza 75 dollar nyrh kesip, kiçiräk möçberde gaz almagyny dikelden hem bolsa, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bagryny ýere berdi.

Türkmenistanda häzir un, nahar ýagy we şeker ýaly iň esasy azyk harytlarynyň hem ýetmezçilik etmegi bolsa, bu ýerdäki ýagdaýlaryň hasam bujurygyny artdyrýar.

Hatda nagt pul hem ýetmezçilik edýär. Soňky ýyllarda bazarlardaky harytlaryň bahasy iki esse ýa-da üç esse ýokarlandy we käbir adamlar iýgi-içgi almak we töleg tölemek üçin pul gözläp, mallaryny, emläklerini satmaga hem mejbur bolýar.

Paýtagt Aşgabatda zir-zibil çeleklerindäki azyk galyndylary we beýleki zatlar üstünde uruşýan adamlaryň hem bardygy, hatda olaryň biriniň ölendigi hem habar berilýär.

Lebap we Mary sebitlerinde aprel/maý aýlarynda gopan güýçli harasatyň ýetiren zyýany bilen baglylykda, hökümetiň tebigy betbagtçylyklardan ejir çekenlere gol uzadyp bilmezligi bolsa, Türkmenistanda garaşsyzlyk gazanylaly bäri dörän halk nägileliginiň iň uly içerki demonstrasiýasyna alyp geldi.

Bazarlardaky bahalar barha ýokarlanýar, adamlarda bolsa pul ýok.
Bazarlardaky bahalar barha ýokarlanýar, adamlarda bolsa pul ýok.

Özem bu aprelde, azyk gytçylygy sebäpli dörän kiçiräk protestlerden soň boldy. Ýogsa ýurtda onýyllyklaryň dowamynda hiç hili garşylyk görkezilmändi, protest bolmandy.

Hökümetiň göz-görtele, dem alyş keselleri bilen keselleýänleriň köpelişini, hatda saglyk edaralarynyň hem karantin astyna alnyşyny görüp duran halyna koronawirusyň bardygyny inkär etmegi bolsa, bu ýagdaýy synlap oturan adamlarda has kän, goşmaça ynjalyksyzlyk döretdi we hökümete garşy içerki garşylygyň güýçlenmegine itergi berdi.

Munuň delili 8-nji iýunda, Fergana.ru web sahypasynda peýda boldy. Neşir Kakamyrat Hydyrowyň Facebookda Türkmenistanyň Demokratik saýlawy atly täze hereketi döredendigini habar berdi.

Hydyrow öz hereketiniň maksadynyň Türkmenistany “Berdymuhamedowyň diktaturasyndan” azat etmekdigini aýtdy.

Hakykatda onuň toparynyň näderejede goldawnyň bardygy aýdyň bolmasa-da, gyzykly ýeri, hereketiň örän täze bolmagyna garamazdan, Hydyrow Türkmenistanyň welaýatlarynyň we etraplarynyň her birinde özlerini goldaýan adamlaryň bardygyny aýdýar.

Elbetde, Türkmenistanyň içinde hökümete garşy adamlar köp bolmaly.

“Turkmen.news” 25-nji iýunda Türkmenistandaky jemgyýetçilik transportunda ellerinde Berdimuhamedowyň portretleriniň ýüzüne "Güm bol!" we "Ogry" diýlip ýazylan listowkalary saklap duran adamlaryň suratlaryny çap etdi.

Bu suratlaryň arkasynda duran adamlar şunuň ýaly surat-listowkalaryň we plakatlaryň awtobuslaryň oturgyçlarynda, köp gatly jaýlaryň girelgelerinde, "Aşgabatdaky we beýleki şäherlerdäki" jaýlaryň howlularynda goýlup gidilýändigini aýtdylar.

Habarda gürrüňi edilýän “raýat başlangyçlary toparynyň” alyp barýan işlerine näçe adamyň gatnaşandygy ýa-da bu listowkalaryň näçe awtobusda, kwartira jaýlarynda we meýdançada ýaýradylandygy aýdylmady.

Emma Türkmenistanyň içindäki we daşyndaky protestleriň türkmen hökümetini dowla salan bolmagy gaty mümkin.

“Turkmen.news” 27-nji iýunda, Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda bellenilýän doglan gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanda gözegçilige çykarylan polisiýa we howpsuzlyk güýçleriniň adatdaky günlere garanda has köpelendigini habar berdi.


Halkara we ýurt derejesindäki biabraýlyk

Bularyň hiç biri Berdimuhamedowyň türkmen prezidenti hökmündäki soňky günlerine gelip ýetendigini aňlatmaýar.

Türkmenistanyň daşynda Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda galmagyndan bähbit araýan güýçli partiýalaryň bardygy bireýýäm bellenen zat.

Emma hökümetiň ýurtda ýekeje-de koronawirus hadysasynyň bolmandygyny tekrarlaýan geň-enaýy beýanatyna ynanýan adam bardyr öýdülenok we, has gowy saglygy saklaýyş ulgamy bolan ýurtlarda hem günde müňlerçe täze näsag ýüze çykarylýan wagtynda döwletiň, barha köpelýän subutnamalara garamazdan, Türkmenistan wirusy ýurda golaýlatman saklap bilen özboluşly bir ýurt diýip ynandyrjak bolmagy adamlaryň köp ýyllap ýadyndan çykmasa gerek.

Şeýle-de köp adam Türkmenistan barada ýeterlik düşünje aldy, munuň türkmen emeldarlarynyň we Berdimuhamedowyň ýurtdaky ýagdaýlar babatda ýalan sözlemeginiň ilkinji mysaly däldigine göz ýetirdi.

Ýolbaşçylary şeýle derejede gözden düşen, özlerini biabraý eden bir ýurda daşary ýurt maýadarlarynyň maýa ýatyrjakdygyna ýa-da beýleki hökümetleriň Türkmenistana bil baglap, ony dost ýa-da hyzmatdaş hasaplap biljekdigine ynanmak-da, muny göz öňüne getirmek-de kyn.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary bolsa indi öz hökümetleri hakynda öňki bilýän zatlarynyň üstüne ýene bir hakykaty goşup biler: olar ozal ýyllap hökümetiň öz garyplyklaryny we mätäçliklerini inkär edişini synlan bolsalar, indi onuň özleriniň näsagdyklaryny, keselleýändiklerini hem inkär edişini we hatda halkara kömegi üçin degişli gurmalara ýüz tutmagy hem başarmandygyny gördüler.

Eger kömek üçin ýüz tutulan bolsa, ýurduň öz saglygy saklaýyş ulgamy näsaglary bejerip ýetişmedik ýagdaýynda, halkara guramalary gümansyz kömge ýetişerdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG