Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkanyň çagalar baglarynda daşary ýurt multfilmleriniň gahrymanlarynyň oýunjaklary, egin-eşikleri gadagan edilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky çagalar baglaryna gatnaýan çagalara daşary ýurt multfilmleriniň, şol sanda Golliwudyň we Disneýiň çaga gahrymanlarynyň keşpleriniň suratlary ýerleşdirilen egin-eşikleri geýmek gadagan edildi. Şeýle-de, dükanlara daşary ýurt multfilmleriniň gyz gahrymanlaryny şekillendirýän oýunjaklaryň, hususan-da, gurjaklaryň satuwyny bes etmek hem tabşyryldy. Şeýle oýunjaklary çagalar baglaryna eltmek hem gadagan edildi. Bu täze gadaganlyklaryň arasynda, günbatar welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň käbir çagalar baglarynda çagalar üçin ýörite uniforma güýje girizildi.

"Çagalaryň egin-eşiklerinde daşary döwletleriň, Golliwudyň multfilmleriniň gahrymanlarynyň şekilleri ýerleşdirilen bolsa, onda olar çagalar baglaryna goýberilmeýär. Şeýle-de, çagalar baglaryna gyz çagalar üçin niýetlenen daşary ýurt multfilmleriniň gyz gahrymanlaryny şekillendirýän oýunjaklary, hususan-da, gurjaklary eltmek hem gadagan edildi" diýip, balkanly bir ene anonimlik şertinde 28-nji aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, sebitiň söwda merkezlerine we dükanlaryna şeýle oýunjaklaryň, hususan-da, gurjaklaryň satuwyny bes etmek hem tabşyryldy.

Bu täze gadaganlyklaryň arasynda, Türkmenbaşynyň azyndan dört çagalar bagynda çagalar üçin ýörite uniforma geýmek düzgüni güýje girizildi. Bu talap şu hepdäniň başynda, has takygy 25-nji aprelden başlap güýje girdi.

"Şäheriň 1-nji, 6-njy, 8-nji we 28-nji çagalar baglarynyň ýolbaşçylary uniforma talabyny ýerine ýetirmedik çagalaryň çagalar bagyndan çykaryljakdygyny duýdurdylar. Olar maşgalalaryň bu uniformany satyn almaga maddy güýjüniň ýetýändigi ýa ýetmeýändigi bilen gyzyklanmaýarlar" diýip, balkanly ene aýtdy.

Ene-atalaryň ençemesiniň sözlerine görä, häzirki wagtda çagalar baglarynyň köpüsi çagalardan ýerli tekstil kärhanalary tarapyndan öndürilen egin-eşikleri geýmegi talap edýär.

Ýöne ene-atalar ýerli tekstil önümleriniň bahalarynyň maşgalalaryň köpüsiniň maddy mümkinçiliginden has gymmatdygyny aýdýarlar.

"Bäş ýaşly çaga üçin niýetlenen ýerli tekstil önümleriniň bahasy 2 müň manatdan geçýär. Hytaýda öndürilen sintetiki lybaslaryň bahasy 150 manada ýetmeýär. Maşgalalaryň köpüsi, hytaý önümleri zyýanly bolsa-da, şolary satyn almagy makul hasaplaýar. Hatda häzirki wagtda köp maşgala üçin hytaý önümleri hem gymmat hasaplanýar. Sebäbi ýurtda ortaça aýlyk 1010 manada we döwlet kömek pullary 390 manada deň" diýip, balkanly ene sözüni jemledi.

Habarçymyz çagalar üçin egin-eşik we oýunjak çäklendirmeleriniň diňe ene-atalara däl, eýse bu pudaga gönükdirilen biznes bilen meşgullanýan telekeçilere-de agyr täsir ýetirýändigini aýdýar.

Geçen ýylyň noýabrynda häkimiýetler "çagalary milli ruhda terbiýelemek üçin" diýip, çagalar baglarynda türk we rus multfilmleriniň görkezilmegini gadagan edipdi.

Häkimiýetler häzirki gadaganlyklarynyň sebäpleri barada düşündiriş bermeýär. Azatlyk bu barada ýerli bilim bölüminden we agzalan çagalar baglaryndan hem kommentariýa alyp bilmedi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan we arhitektura ugry boýunça Türkiýede bilim alýan türkmen ýaşlarynyň biri munuň sebäplerini türkmen häkimiýetleriniň aýal-gyzlaryň daşky keşbine garşy alyp barýan soňky göreşleri bilen baglanyşdyrýar.

"Ýaňy-ýakynda aýal-gyzlaryň egin-eşiklerine gadaganlyk getirildi. Jeans balaklar, dar köýnekler, botoks ýaly zatlar gadagan edildi. Golliwudyň çaga gahrymanlarynyň hem çagalary bular ýaly köýnekleri geýmäge, bular ýaly zatlary etmäge höweslendirýändigi üçin beýle karar kabul edilendir diýip pikir edýärin" diýip, özüni Sona diýip tanyşdyran türkmen studenti sözüni şeýle dowam etdirdi:

"Ýöne bu karary dogry hasaplamok, sebäbi birinjiden, Golliwudyň çaga gahrymanlary dünýä medeniýetiniň bir bölegine öwrüldi diýip hasaplaýaryn. Çagalar şol medeniýetden zor bilen mahrum edilse, olar eýýäm dünýä medeniýetinden çäklendirilýär. Ikinjidenem, adamlar bir zada mejbur edilse, onuň hiç haçan gowy netijesi bolmaýar".

Soňky üç hepdäniň dowamynda türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlara garşy alyp barýan kampaniýalaryny güýçlendirip, olara garşy berk çäklendirmeleri we gadaganlyklary girizdi. Häkimiýetler beýlekiler bilen bir hatarda, saç reňklemek, manikýur etdirmek, goşmaça kirpik we dyrnak dakdyrmak, botoks ýaly gözellik hyzmatlary we dar köýnek hem-de jeans geýmegi dil üsti bilen gadagan etdi.

27-nji aprelde mälim bolan soňky çäklendirmelere laýyklykda, Aşgabatda we Balkanda aýal-gyzlar ak reňkdäki toý lybasyny geýmekden, ulagyň öň oturgyjyna oturmakdan mahrum edilýär. Şeýle-de, sürüjilere agşam sagat 8-den soňra ulaga zenan ýolagçy mündürmek gadagan edilýär.

Häkimiýetler dil üsti bilen ýöredýän bu gadagançylyklarynyň sebäplerini düşündirmeýär. Bu barada resmi metbugat hem kelam agyz söz aýtmaýar.

Synçylar türkmen häkimiýetleriniň soňky gadaganlyklarynyň syýasy üzňeligi doly diýen ýaly tassyk bolan Türkmenistanyň agressiw medeni üzňelige tarap barýandygy barada aladalary döredýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG