Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze gadaganlyklar: Aýal-gyzlar ak reňkdäki toý lybasyny geýmekden we ulagyň öň oturgyjynda oturmakdan mahrum edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda häkimiýetleriň aýal-gyzlara gözegçiligi güýçlenip, olaryň daşky keşbine girizýän gadaganlyklarynyň sany günsaýyn artýar. Paýtagt Aşgabatda we Balkan welaýatynda gelinler üçin ak reňkdäki toý lybaslaryny kireýine bermek we almak gadagan edilýär. Balkanda aýal-gyzlaryň ulagyň öň ýolagçy oturgyjyna münmegine hem gadaganlyk girizildi. Mary welaýatynyň köçelerinde gadaganlygy bozan aýal-gyzlara jerime salynýar. Ýurtda aýal-gyzlara gönükdirilýän bu gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.

Aşgabatdaky we Balkandaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler durmuşa çykýan gelinler üçin ak reňkdäki toý lybaslaryny kireýine bermek gadagan edildi. Şeýle-de, gelinlere toý güni ak reňkdäki toý lybasyny geýmäge hem rugsat berilmeýär. Azatlyk munuň sebäplerini häzirlikçe anyklap bilmedi.

Ýöne bu maglumat ýurtda häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň daşky keşbine, şol sanda egin-eşiklerine we kosmetiki hyzmatlardan peýdalanmagyna degişli gadagançylyklaryň ençemesini, dilden berlen görkezme esasynda, güýje girizen mahalyna gabat geldi.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz bu gadaganlyklaryň üstüne ýene ikisiniň goşulandygyny aýdýar. Birinjiden, aýal-gyzlara ulagyň öň ýolagçy oturgyjyna münmek, ikinjiden, sürüjilere agşam sagat 8-den soňra ulaga zenan ýolagçy mündürmek gadagan edilýär.

"Awtoulag sürüjisi indi ulagyň öň ýolagçy oturgyjyna zenan ýolagçy mündürse, onda onuň ulagy polisiýanyň awtoduralgasyna alnyp gidilýär we oňa 7 müň manat möçberinde pul jerimesi salynýar. Şeýle-de, ulag eýeleri ýa sürüjiler agşam sagat 8-den soňra ulaglaryna aýal ýolagçy mündürip bilmeýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly balkanly sürüji 27-nji aprelde gürrüň berdi.

Bellesek, bu barada garaşsyz "Turkmen.news" neşiri hem habar berip, bu gadaganlygyň döwlet we hususy ulaglaryň ählisine degişlidigini aýtdy.

"Sürüji zenanyň kakasy, erkek dogany ýa äri bolsun - tapawudy ýok. Ol sürüjiniň ýanynda oturmaly däl" diýip, neşir 26-njy aprelde çap eden habarynda aşgabatly ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Balkandaky habarçymyz soňky iki günüň dowamynda zenan sürüjileriň ulag sürmegine-de rugsat berilmeýändigini aýdýar. Şeýle-de, ol polisiýa işgärleriniň köçelerde nobatçylyk çekip, ýoldan ýöräp barýan aýal-gyzlaryň ýüzlerini barlaýandygyny hem habar berýär.

"Polisiýa aýal-gyzlaryň maskasyny aýyrdýar we olaryň dodagyny çişirdendigini ýa çişirtmändigini barlaýar" diýip, balkanly bir zenan anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aýal-gyzlaryň ençemesiniň sözlerine görä, sebit zenanlary häkimiýetleriň bu gadaganlyklaryna nägilelik bildirmek üçin köpçülikleýin protest geçirmegi planlaşdyrýarlar.

"Bu prezident aýallara garşy boldy. Gender deňligi düýbünden ýok" diýip, balkanly zenan sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň 29-njy maddasynda "Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr" diýilýär. Bu maddada deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagynyň kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýändigi hem aýdylýar.

Şeýle-de, Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna ýurduň "Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky" kanunynda hem kepil geçilýär.

Galyberse-de, ýurtda aýal-gyzlara girizilen bu gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) 20-nji aprelde geçiren nobatdaky mejlisinde Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça, BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllardaky agzalygyna saýlandy diýip, Türkmen DIM-i bir ýyl mundan öň, has takygy 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde habar berdi.

Şeýle-de habarda, türkmenistanly aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmakdaky derwaýys milli resminamalaryň biri hökmünde, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllarda edilmeli işleriň milli plany ýatlanýar.

Muňa garamazdan, häkimiýetler ýurtda zenanlara garşy syýahat, daşky keşp, şol sanda egin-eşik we kosmetika serişdeleri hem-de awtoulag sürmek bilen bagly ençeme çäklendirme we gadaganlyk girizdi. Soňky hepdelerde bu gadaganlyklaryň aglabasy ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilip, olaryň üstüne täzeleri goşuldy.

Ýurtda ilki saç reňklemek, saç kesmek, manikýur, botoks, depilýasiýa, goşmaça kirpik we dyrnak daňmak ýaly kosmetiki hyzmatlara gadaganlyk girizildi, soňra raýatlaryň egin-eşiklerine degişli talaplar hem has güýçlenip, zenanlara jeans we erkeklere şorty, gysga balak geýmek gadagan edildi. Şondan soň polisiýa düzgün bozanlara pul jerimesini salyp başlady. Bular barada habarçylarymyz 11-nji aprelden bäri Marydan, Balkandan, Lebapdan we Aşgabatdan yzygiderli habar berip gelýärler.

Häkimiýetler dil üsti bilen ýöredýän bu gadagançylyklarynyň sebäplerini düşündirmeýär. Ýöne soňky günlerde kärhanalarda we okuw jaýlarynda ýörite ýygnaklary geçirýän döwlet wekilleri “tebigy gözelligi” wagyz edýärler. Şeýle-de, býujet işgärlerinden "emeli gözellikden" ýüz öwürmek barada dilhat alynýar.

Azatlygyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi bilen habarlaşyp, bu mesele barada düşündiriş almak synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz sebitiň köçelerinde polisiýanyň aýal-gyzlara gözegçiliginiň güýçlenendigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, dar ýa-da jeans geýen aýal-gyzlar polisiýa tarapyndan saklanýar.

"Polisiýa olary surata düşürýär we protokol taýýarlar. Şeýle-de, olara pul jerimesi salynýar" diýip, maryly zenan anonimlik şertinde 27-nji aprelde gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG