Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guterrişiň sapary wagtynda Kiýewe howa zarbasy uruldy, Russiýa Donbas niýetini üýtgetmeýär


 BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş ukrain lideri Wolodymyr Zelenski bilen gürleşýär.
 BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş ukrain lideri Wolodymyr Zelenski bilen gürleşýär.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň sapary wagtynda Kiýewe edilen howa hüjüminden bir gün soňam Moskwanyň häzirki strategiki maksadynyň, ýurduň Donbas ady bilen tanalýan gündogar bölegini ele geçirmek bolup galýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Waşingtonda Kongrese ýüzlenip, Ukraina Moskwanyň hüjüminden goranmagy üçin berilýän amerikan maliýe goldawynyň ýokarlanmagy netijesinde, 33 milliard dollar berilmegini sorady.

Angliýanyň aňtaw gullugynyň 29-njy aprelde beren habaryna görä, Luhansk sebitiniň Lisiçansk we Siýewerodonetsk şäherleriniň töwereginde, Donetsk sebitindäki Slowýansa tarap ilerlemek synanyşygynyň çäginde, has agyr söweşler boldy.

Emma habarda bellenilmegine görä, ukrainalylaryň güýçli garşylygy sebäpli, Moskwanyň territorial ilerlemeleri "çäklendirildi we rus güýçleri üçin ep-esli derejede gymmat düşdi".

Russiýa 28-nji aprelde, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň Ukraina sapar edýän wagtynda Kiýewi iki gezek howa zarbasy bilen nyşana aldy.

Ukrain ýolbaşçylary bu çäräni "ýigrenji wagşyçylykly hereket" hökmünde häsiýetlendirdi.

Bu zarbalar Şewçenkiýski etrabyna uruldy diýip, Keýewiň häkimi Witaliý Kliçko telegramda aýtdy. Pidalar barada maglumat berilmedi, ýöne Guterrişiň ýakyn kömekçisi žurnalistlere özleriniň aman-esen galandygyny tassyklaýan habar iberdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Guterriş bilen geçirilen gepleşikleriň yz ýanyndan urlan zarbalaryň Russiýa tarapyndan "BMG-ni we guramanyň wekilçilik edýän ähli zadyny kiçeltmek" üçin edilen synanyşyk bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG