Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mariupoldan göçürilen ukrain raýatlarynyň Zaporižýa gelmegine garaşylýar


Mariupoldan ewakuasiýa edilen 100-e golaý ukrain raýatynyň günorta-gündogar Zaporižýa şäherine gelmegine garaşylýar, ýöne ýüzlerçe adam şindi hem gabaw astyndaky Azow portunda, “Azowstal” polat zawodynyň aşagyndaky bukularda galýar diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski aýtdy.

Söweş meýdanynda, britan aňtaw gullugynyň 2-nji maýda aýtmagyna görä, Russiýanyň saýlama güýçleri örän uly ýitgi çekdi we olaryň öwezini doldurmak üçin birnäçe ýyl gerek bolar.

Habarda aýdylmagyna görä, konflikt başlanaly bäri Russiýanyň basyp alyjy güýçleriniň 25 göteriminden gowragy “söweşe ukypsyz” ýagdaýa salyndy.

Zelenski Twitterdäki habarynda ewakuasiýanyň üstünlikli bolmagyny gutlady.

"Öz toparymyza minnetdar! Indi olar [Birleşen Milletler Guramasy] bilen bilelikde, çykyp bilmän galan beýleki parahat adamlary ewakuasiýa etmek boýunça iş alyp barýarlar" diýip, Zelenski aýtdy.

Ukrain Milli gwardiýasynyň resmisi Denis Şleha 1-nji maýda milli telewideniýede “Azowstalda” galan ähli raýaty ewakuasiýa etmek üçin azyndan ýene iki sany ewakuasiýa tagallasynyň zerurdygyny, ýüzlerçe adamyň gabawda saklanýan bunkerlerde galýandygyny, olaryň köpüsiniň aýallardan we çagalardan ybaratdygyny aýtdy.

"Onlarça çaga henizem zawodyň aşagyndaky bunkerlerde" diýip, Şleha aýtdy.

Mariupolda çykyp bilmän galanlaryň sany 100,000 töweregi adam bolup biler, şol sanda şäheriň ruslar tarapyndan basyp alynmadyk ýeke-täk bölegi bolan “Azowstal” toplumynyň aşagynda 2000-e golaý ukrain söweşijisi bar.

XS
SM
MD
LG