Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy


Serhetsiz reportýorlar guramasy
Serhetsiz reportýorlar guramasy

Türkmenistan Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirildi. Serhetsiz reportýorlar guramasynyň (RSF) 3-nji maýda çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň, metbugata doly döwlet gözegçiligini saklap galmak bilen, geçen ýylka garanyňda bir orun öňe ilerländigini görse bolýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň soňky hasabatynda Türkmenistana 25,01 bal berlip, geçen ýyl bu görkeziji 19,97 bala deň bolupdy.

“Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistanda habarlar diňe režimi wasp etmek üçin ulanylýar” diýip, media azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň hasabatynda bellenilýär.

RSF 2022-nji ýylyň martynda geçirilen irki prezidentlik saýlawlarynda – garaşylyşy ýaly, häkimiýet atadan-ogla geçirilip, – Serdar Berdimuhamedow ýeňiji yglan edileninden soň, ýurtda senzuranyň güýçlenendigini we žurnalistlere garşy basyşlaryň artandygyny belleýär.

“Ýurtdaky bar bolan habar serişdeleriniň ählisi häkimiýetiň alyp barýan ýörelgesine boýun bolmaly we Türkmenistan üçin ‘oňaýly bir şekili’ döretmeli. Prezidenti we beýleki resmileri tankytlamak gadagan. Bu düzgünlere garşy çykmaga milt edýän žurnalistler yzarlanýar, türmä höküm edilýär, gynalýar we hatda öldürilýär” diýip, guramanyň beýanatynda bellenilýär.

RSF Türkmenistanda 2013-nji ýylda kabul edilen kanunda senzuranyň gadagan edilýändigine garamazdan, ýurtda ähli metbugatyň hökümet tarapyndan kontrol edilýändigine, şeýle-de maglumatlaryň çap edilmezinden ozal ýörite rugsatnamany almalydygyna hem ünsi çekýär.

“[Türkmenistanda] ‘gadagan edilen saýtlaryň’ jemgyýetçilik bir sanawy bolmasa-da, täze media serişdeleri dowamly petiklenýär. Eger-de žurnalistler resmileriň göwnünden turmaýan maglumatlary çap etseler, häkimiýetler olary jenaýat işine çekmekden hem çekinmeýärler” diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

Özge pikirlileri yzarlamakda ýakasyny tanadan türkmen hökümeti soňky ýyllardan bäri ýurtdaky bidüzgünçilikler barada çykyş eden ençeme adamy, şol sanda lukman Hursunaý Ismatullaýewany, blogçy Myrat Düşemowy, aktiwist Mansur Mingelowy, Myrat Öwezowy, Nurgeldi Halykowy dagy türme tussaglygyna höküm etdi. Hukuk toparlary olara ýöňkelen aýyplamalaryň toslamadygyny, aslynda, häkimiýetleriň olardan öz pikirini aýdany üçin ar alýandygyny aýdýarlar.

Bellesek, Türkmenistanda beýleki habar saýtlary bilen birlikde, Azatlyk Radiosynyň hem websaýty petikli bolmagynda galýar. Türkmen hökümeti onsuz hem adamlaryň garaşsyz maglumat edinmek mümkinçiliklerini berk çäklendirmek bilen birlikde, soňky döwür bu ugurdaky basyşlaryny hasam artdyryp, petiklenen saýtlara girmäge mümkinçilik berýän VPN ulgamlaryna garşy söweşini hem güýçlendirdi. Häkimiýetler proksi ulgamlaryny ulanýanlary, olary gurnap berýän ussalary ýüze çykaryp, jerime ýazyp, olary hatda türme tussaglygy bilen hem gorkuzýarlar.

Serhetsiz reportýorlar Türkmenistandaky sanlyja žurnalistiň, şeýle-de gaýybana işleýän žurnalistleriň ýurduň içindäki çeşmeleriniň yzarlanmak, türmä höküm edilmek we gynalmak wehimleriniň arasynda işleýändigini belleýär. Türkmen emeldarlary olaryň maşgala agzalaryna hem berk basyş edýärler.

Media azatlygyna gözegçilik edýän gurama Türkmenistanda ozalky prezidentler Saparmyrat Nyýazowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň döredilendigini, ýurtdaky ähli medianyň hem olaryň waspyny ýetirmäge we hökümetiň öňe sürýän gün tertibini beýan etmäge mejbur edilýändigini hem nygtaýar.

Sebitdäki ýurtlar bilen deňeşdirmek üçin aýdylsa, metbugat azatlygy indeksinde bu ýyl Gazagystan 122-nji, Özbegistan - 133-nji, Täjigistan - 152-nji orunlary aldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gowy ýeri - 72-nji orny Gyrgyzystan eýeleýär.

Dünýäniň iň erkin metbugatly ýurtlaryň bäşligine Norwegiýa, Daniýa, Şwesiýa, Estoniýa we Finlýandiýa girýär. Türkmenistan bilen birlikde, metbugaty has köp çäklendirýän ýurtlaryň arasynda Demirgazyk Koreýa, Eritreýa, Eýran, Mýanma we Hytaý agzalýar.

Gurama soňky hasabatynda Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy sebitdäki metbugat azatlygy üçin ýykgynçylykly netijeleri döredendigini, žurnalistleriň uruş habarlaryny taýýarlaýan wagtlarynda öldürilendigini, ýaralanandygyny we bu sebitde Sowet döwründen bäri görülmedik senzuranyň, köpçülikleýin dezinformasiýanyň kada öwrülendigini hem belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG