Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjy 33 gurama Türkiýeden türkmen aktiwistleriniň yzarlanmagynyň öňüni almagy talap edýär


Türkmen hökümetine garşy demonstrasiýa, ABŞ, 2020-nji ýylyň sentýabry

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň onlarçasy bilelikdäki beýannama ýaýradyp, türkmen hökümetiniň syýasatlary bilen ylalaşmaýandyklaryny aç-açan beýan edýän we konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegini talap edýän türkmen aktiwistleriniň Türkiýede yzarlanmagynyň öňüni almagy talap etdi. Protestlere gatnaşan we You Tube kanalynda hem-de sosial ulgamlarda aç-açan çykyş eden Türkmenistanyň raýatlary soňky aýlarda Stambulda hüjüme, tussaglyga we ýenjilmelere sezewar edildi, zorlukly wakalaryň biri hut türkmen konsullygynyň binasynda boldy. 2-nji noýabrda ýaýradylan bilelikdäki beýannama Ýewropa ýurtlaryndan, Russiýadan, Ukrainadan, Gürjüstandan we ABŞ-dan bolan 33 sany hökümete degişli bolmadyk gurama gol çekdi.

Bilelikdäki beýanata gol çeken döwlete degişli däl guramalaryň wekilleri, türkmen häkimiýetleriniň hereketlerini tankytlaýan türkmen migrantlarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna çynlakaý alada bildirdiler.

Türkiýedäki türkmen aktiwistleri soňky aýlarda görlüp-eşidilmedik ýanamalara, türk polisiýasy tarapyndan esassyz tussag edilmegine, ýenjilmegine we gorkuzylmagyna sezewar boldy. Munuň bilen birlikde olaryň Türkmenistandaky garyndaşlaryna basyş edildi. Howpsuzlyk işgärleri aktiwistleriň Türkmenistandaky maşgala agzalaryndan olaryň raýat we syýasy işjeňlikden ýüz öwürmegini talap edip, haýbat atdy.

"Biz Türkmenistanyň hökümetinden bu basyşy bes etmegi we türk häkimiýetlerinden halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini we öz çäginde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralmagyny talap edýäris. Halkara jemgyýetçiliginden bolsa, ýagdaýa ýakyndan gözegçilik etmegi we bu aladalandyryjy ýagdaýy çözmekde kömek bermegi soraýarys"-diýlip beýanatda aýdylýar.

Sosial ulgamlarda aç-açan çykyş edýän üç türkmen raýaty Nurmuhammet Annaýew, Aziz Mammedow we ýene bir adam Stambulda 11-nji oktýabrda näbelli hüjümçiler tarapyndan ýenjildi. Annaýew Azatlyk radiosyna bäş hüjümçiniň türkmenlerdigini aýtdy. Ondan soň, 18-22-nji oktýabr aralygynda türk häkimiýetleri üç aktiwisti - Ahmet Rahmanowy, Kamil Abulowy we Baýram Allaliýewi tussag etdi we Stambuldaky deportasiýa merkezine ýerleşdirdi. Aktiwistleriň ikisi tussaglygyna kanuny esas bolmansoň boşadyldy.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň ýaýradan bilelikdäki beýanatynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyklarynyň işgärleriniň, Türkmenistanyň kanunlaryny bozup, ýurt raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryny täzelemekden we çalyşmakdan ýüz öwürýändigi, adamlary pasportlaryny täzelemek üçin Türkmenistana gitmäge mejbur edilýändigi bellenilýär. Bu ret etmeleriň netijesinde köp sanly türkmen migranty öz ýaşaýan ýurtlarynyň, şol sanda Türkiýäniň migrasiýa kanunlaryny mejbury bozýan bolup çykýar. Soňky bir ýarym ýylda COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýagdaý agyrlaşýar.

"Bu çylşyrymly ýagdaý, Türkiýedäki türkmen migrantlaryny konsullykdan Türkmenistanyň konstitusiýasyna we halkara kadalaryna laýyklykda pasportlary uzaltmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmegini açyk talap edip başlamaga iterdi. Şeýle hem, türkmen häkimiýetleriniň ýurtda Covid-19-yň bardygyny ykrar etmezligi, ykdysady krizise we söz azatlygynyň basylmagyna ýeterlik reaksiýa görkezmezligi sebäpli adamlar köçelere çykyp, sosial ulgamlarda öz problemalary barada ýazyp başladylar"-diýlip beýanatda aýdylýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar, Türkmenistanyň raýatlarynyň watanyna deportasiýa edilen halatynda olaryň geljekki ykbalyna aladalanma bildirýärler we Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ençeme ýyllap tankytçylara görkezen rehimsiz repressiýasynyň raýat aktiwistlerini tussag edilmek howpuna sezewar edýändigini, olar üçin gynamalar we hatda türmelerde ýitirim bolmak töwekgelçiliginiň bardygyny belleýärler.

Mundan ozal türkmen aktiwistleri türk häkimiýetlerinde Türkiýede ýaşaýan 25 türkmen aktiwistiniň ady görkezilen sanawyň bardygyny we olaryň basyş astyndadygyny habar berdiler. Bellemeli ýeri, bu sanawda oktýabr aýynda Stambulda tussag edilen aktiwistleriň atlary hem bar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň 2-nji noýabrda çap eden beýanynda ne aktiwistleriň, ne-de olara wekilçilik edýän türk aklawçylarynyň türk polisiýasyndan "25 aktiwistiň sanawy" we tussag edilmegiň kanuny sebäpleri barada düşündirip alyp bilendigi bellenýär, emma şeýle-de bolsa, Türkmen konsullygy tarapyndan türk polisiýasyna 1-nji awgustda iberilen 44 / 05-5490 belgili sanawyň adam hukuklaryny goraýjylara elýeterli bolandygy habar berilýär. Bu sanawda 13 adamyň ady görkezilýär.

Mundan başga-da, hasabatda Türkiýedäki türkmen häkimiýetleriniň tarapdarlarynyň raýat migrantlaryna garşy haýbat atýandyklary, yzarlamalary gurnaýandyklary we iň işjeň ýaşlary telefon hem-de internet arkaly yzygiderli terror edýändigi aýdylýar.

"Aktiwistlere we garyndaşlaryna Türkiýede we Türkmenistanda öldürmek ýaly çynlakaý howplary döretmek bilen haýbat atýarlar. Aktiwistler türk polisiýasy bilen ençeme gezek habarlaşyp, abanýan howpy görkezýän suratlary berdiler we haýbat atýanlaryň atlaryny görkezdiler, ýöne polisiýa hiç hili täsirli çäre görmeýär. Türkmen aktiwistlerine edilýän bu hüjümler we haýbatlar Türkiýede daşary ýurt raýatlary tarapyndan yzarlanmagynyň çynlakaý mysalydyr. Türkiýäniň kanun goraýjy guramalarynyň bu jenaýat işleri bilen baglanyşykly hereketsizligi esassyz we Türkiýäniň kanunlaryna hem halkara kanunlaryna ters gelýär" diýlip, adam hukuklaryny goraýjylaryň beýanatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri türk polisiýasynyň türkmen oppozisiýasyna edýän basyşy ýokary derejede berlen görkezme bolup, 12-nji noýabrda Stambulda geçiriljek türk dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda Ankaranyň syýasy oýnunyň bir bölegi diýip, aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti barha artýan tankytlardan we barha agyrlaşdyrýan sosial-ykdysady meselelere we häkimiýetleriň ilat babatyndaky eden-etdiligine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüniň artmagyndan nägile. 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanyň raýatlary Türkiýede, ABŞ-da we Demirgazyk Kiprde awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy protestleri geçirdi we haklaryny talap etmek üçin täze protest aksiýalaryny guraýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG