Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telewideniýesi aglap 'toba edýän' ozalky azyk resmilerini görkezdi


Synçylar häkimiýetleri ozalky resmileriň tobaly çykyşlaryny ýurtdaky bar bolan asyl meselelerden ünsi sowmak üçin görkezýändiklerini belleýärler
Synçylar häkimiýetleri ozalky resmileriň tobaly çykyşlaryny ýurtdaky bar bolan asyl meselelerden ünsi sowmak üçin görkezýändiklerini belleýärler

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi azyk üpjünçiligi bilen bagly dürli etmişlerde, esasan hem ilata arzan bahadan berilýän subsidirlenen önümleri bikanun ýerlemekde we korrupsiýada aýyplanyp türme tussaglygyna höküm edilen, eli gandally we öz-özlerine garşy görkezme berýän raýatlaryň tobaly çykyşlaryny görkezdi.

5-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda – ilat arasynda ‘paýok’ atlandyrylýan – degişlilikde arzan bahadan we çäkli möçberde satylýan un, ýag ýaly ilatyň günübirin sarp edýän esasy azyk önümlerini bikanun ele geçirmek boýunça ýüze çykarylan jenaýatlar barada hasabat berilse-de, ýurtdaky ýiti ykdysady krizis sebäpli gurpdan düşen ilatyň bu önümlere bolan garaşlylygynyň sebäpleri barada hiç zat aýdylmady.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylary entek kiçi Berdimuhamedow martda prezident bolmazyndan ençeme aý ozal, döwlet edaralarynda we dükanlarda giň gerimli barlaglaryň geçirilýändigini, bularyň netijelerini hem Serdaryň häkimiýete geçmeginden soň äşgär etmek meýilleşdirilýändigini belläpdiler.

Penşenbe güni geçirilen mejlisde baş prokuror Batyr Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ol ýakynda Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde, dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde uny, ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satan raýatlaryň ýüze çykarylandygyny aýtdy.

Baş prokuroryň hasabatynda welaýat we etrap alyjylar jemgyýeti birleşiginiň başlyklary, ammar müdiri, satyjy ýaly wezipelerde işlän 14 raýatyň atlary agzalyp, olaryň 4-sine 20 ýyl, birine 15 ýyl we dokuzsyna 8 ýyl türme möhleti berildi. Mundan başga-da, aýyplanýanlaryň jenaýatçylyk ýoly bilen gazanandygy aýdylýan uly mukdardaky pul serişdeleri, gymmatbaha ulaglary görkezildi we ele geçirilen serişdeleriň döwletiň haýryna geçiriljekdigi mälim edildi.

#AdyEýelän wezipesiTürmä höküm edilen möhleti
1R.DurdynazarowAhal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň başlygy20
2R.BäşimowBüzmeýin alyjylar jemgyýetiniň başlygy20
3G.BabaýewBüzmeýin alyjylar jemgyýetiniň Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazarynyň direktory20
4Ç.AtdaýewAhal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň söwda bölüminiň başlygy8
5H.AşyrowBüzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazaryň gözegçisi15
6M.AbdullaýewBüzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ammar müdiri20
7M.GoşunowBüzmeýin alyjylar jemgyýetiniň işçisi8
8B.ZahirowBüzmeýin alyjylar jemgyýetiniň 1-nji dükanynyň satyjysy8
9Y.MeredowBüzmeýin alyjylar jemgyýetiniň 3-nji dükanynyň müdiri8
10Ý.SeýdalyýewBüzmeýin alyjylar jemgyýetiniň 4-nji dükanynyň müdiri8
11Y.ZahyrowBüzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ekspeditory8
12A.Sähetmyradowbelli däl8
13B.Ataýewbelli däl8
14R.Çopanowbelli däl8

Döwlet telewideniýesi eli gandally saklananlaryň aglap, şol sanda öz-özüne hem garşy görkezme berýän wideo çykyşlaryny görkezdi. Hukuk toparlary Türkmenistanyň ozalky iki awtoritar prezidenti, şol sanda häzirki ýurtbaştutanynyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe hem giňden ulanylan bu tejribeleri adamyň mertebesini kemsitmek hökmünde tankytlaýarlar.

Türkmen telewideniýesi saklananlaryň bikanun ýol bilen gazanandygy aýdylýan emläklerini hem görkezdi
Türkmen telewideniýesi saklananlaryň bikanun ýol bilen gazanandygy aýdylýan emläklerini hem görkezdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow munuň bilen baglylyka eden çykyşynda “Süri agsaksyz bolmaz” diýen nakly hem dile getirip, korrupsiýa, parahorluga garşy göreşmek boýunça döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygyny aýtdy.

‘Parahorlygyň soňuna çykmak’ baradaky bu görnüşli çykyşlar türkmen ýolbaşçylary tarapyndan ýygy-ýygydan edilýär. Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar, iş ýüzünde ýurduň tas ähli pudagynda alym-berimiň höküm sürýändigini aýdýarlar. Transparency International guramasynyň 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça geçen aý çap eden hasabatynda Türkmenistana korrupsiýanyň derejesi boýunça mümkin 100 baldan 19 dereje berlip, ol 180 ýurduň arasynda 169-njy orunda ýerleşdirildi.

Türkmenistandaky ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan synçylar häkimiýetleriň eli gandally ozalky resmileriň tobaly çykyşlaryny ýurtdaky bar bolan asyl meselelerden ünsi sowmak üçin görkezýändiklerini belleýärler. Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally dünýädäki iň bir awtoritar türkmen režiminiň munuň bilen ýurtdaky kynçylyklaryň jogapkärçiligi öz üstünden aýyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

“Türkmenistanyň häzirki edýän çäresi bilen, azyk gytlygyny, haryt gytlygyny belli bir adamlaryň, alyp-satarlaryň üstüne atyp, şolary günäkärlemek bilen öz kemçiliklerini ýaşyrjak bolýarlar” diýip, Hudaýberdi Hally 6-njy maýda Azatlyk bilen geçiren söhbetdeşliginde belledi we alyp-satlarlaryň diňe gytçylygyň bar ýerinde döreýändigini sözüne goşdy.

Azatlyk ençeme ýyldan bäri döwlet dükanlarynda arzan bahadan goýberilýän harytlaryň emeli gytçylygynyň döredilýändigini we ilata berilmeli paýyň dükanlaryň arka gapysyndan restoran eýelerine, howpsuzlyk işgärlerine dagy uly mukdarda goýberilýändigi barada dowamly maglumatlary berip gelýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady krizisi, munuň bilen bir wagtda döwlet dükanlarynda ýitileşýän azyk ýeter-ýetmezçiligini aç-açan boýun almaýarlar. Azatlygyň bu barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary hem jogap tapmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG