Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: häkimiýetler un zawodlarynda we çörek kärhanalarynda barlag geçirýär


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Iýul, 2014. Türkmenabat.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Iýul, 2014. Türkmenabat.

Şu günler häkimiýetler Lebabyň iri un zawodlarynda we çörek bişirýän kärhanalarynda barlag geçirýärler. Bu barada polisiýa edaralaryndaky çeşmämiz 9-njy fewralda habar berdi. Barlaglar sebitde un gytçylygynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Maglumata görä, derňewler Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda ýerleşýän un zawodlaryny hem öz içine alýar.

Azatlyk Radiosynyň polisiýa edaralaryndaky çeşmesi un zawodlarynyň we çörek bişirýän kärhanalaryň käbir ýolbaşçylarynyň “bidüzgünçilikde” güman edilip, häzirki wagtda sebitiň Polisiýa müdirliginde saklanýandyklaryny habar berýär.

Çeşmämize görä, saklanan ýolbaşçylaryň ýerli kärhanalarda öndürilýän unlary ‘gara bazar’ arkaly satmakda güman edilýändikleri aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň bu iş boýunça Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginden kommentariý almak synanyşygy netije bermedi.

“Häzirki wagtda ähli çörek bişirýän zawodlarda we uly degirmen toplumlarynda barlaglar geçirilýär we birnäçe çörek zawodyň direktory tussag edildi” diýip, polisiýa edaralaryndaky çeşme aýtdy. Ol güman edilýän kärhana ýolbaşçylaryna garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny aýdýar.

Un zawodlarynyň hem-de çörek bişirýän kärhanalaryň ýolbaşçylary döwlet tarapyndan önümçilige iberilen unlary “gara bazaryň” bahasyndan sarp edijilere we öýlerde çörek bişirip satýan hususy taraplara gymmat bahadan satmakda güman edilýärler.

Çeşmämiz güman edilýän shemanyň ýöredilişi barada maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlaryny çörek bilen üpjün etmek üçin döwlet gözegçiliginde çörek bişirýän zawodlar ýeňillikli bahadan un bilen üpjün edilýär. Ýöne, derňew geçirilýän kärhanalaryň saklanan ýolbaşçylary özlerine döwlet tarapyndan ýeňillikli bahadan hödürlenýän uny hususy taraplara, öýlerinde çörek bişirip satýan adamlara “gara bazar” bahasyndan satmakda güman edilýär.

“Öz öýlerde çörek bişirip, eklenç edýän raýatlar bişiren çöreklerini hususy dükanlara satýarlar. Hususy dükanlar bolsa her bir çöregiň üstüne 1 manat goşup, müşderilere hödürleýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy un we çörek üpjünçiliginiň sebitdäki ýagdaýy barada habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, döwlet dükanlaryndaky subsidirlenen iýmit önümleri ilata çäkli möçberlerde paýlanýar, un üpjünçiligi sebitde mesele bolmagynda galýar. Bazarlarda Russiýada we Gazagystanda öndürilen unlar satylýar.

Un gytçylygyna garamazdan, habarçymyz hususy dükanlarda çörek önümleriniň satylýandygyny, ýöne olaryň bahasynyň gymmatdygyny habar berdi.

Azatlygyň çeşmesi sebitiň degirmen toplumlarynda we çörek kärhanalarynda geçirilýän derňewleriň dowam edýän un gytçylygy bilen ilteşiklidigini aýdýar.

Habarçymyza görä, hususy dükanlarda satylýan çöregiň bahasy 5-10 manat aralygynda üýtgeýär we dükanlardaky tamdyr çörekleri hil taýdan üç görnüşe bölünýär.

“Ol çörekler öý tamdyrlarynda ýapylyp, hususy dükanlara paýlanýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Mundan ozal, Azatlygyň sebitdäki çeşmeleri ýanwaryň ortalarynda Aşgabatdan baran toparlaýyn barlagçylaryň Lebap we Mary welaýatlarynyň edara-kärhanalarynda duýdansyz barlag geçirendiklerini habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji ýanwarda Lebabyň çörek kärhanalarynyň onlarça işgäri tölegsiz zähmet rugsadyna iberendiklerini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri edara-kärhanalarda wagtal-wagtal duýdansyz barlag geçirýärler. Ilat köpçüligi derňewçileriň haýsy döwlet edarasyndan iberilýändiklerinden we beýleki jikme-jikliklerden köplenç bihabar galýar.

Häkimiýetler Lebabyň un zawodlarynda we bugdaý ammarlarynda geçen ýylyň awgust aýynda hem giňişleýin derňew işlerini geçirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG