Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan halkara howa gatnawlaryny bölekleýin dikeldýär, maska režimini gowşadýar


Türkmenistanyň uçary. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanyň uçary. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasynyň arasynda girizen çäklendirmelerini gowşadyp, iki halkara ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär, maska režimini bölekleýin saklap galýar. Bu barada TDH habar berýär.

Resmi habara görä, Türkmenistan 1-inji iýundan başlap, maska režimini ýurt boýunça diňe ýapyk binalarda we transport serişdelerinde saklap galýar. Şeýle-de, Birleşen Arap Emirlikleri we Germaniýanyň Frankfurt şäheri ugurlary boýunça halkara howa gatnawlaryny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalkysy ýaly, adatdaky tertipde ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy maýda sanly ulgam arkaly geçiren hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri COVID-19 waksinalarynyň kabul edilmeginiň ýokary derejesine salgylanyp, howa gatnawlarynyň bölekleýin dikeldilmegini we maska režiminiň gowşadylmagyny teklip edýärler.

Saglyk hünärmenleri “1-nji iýundan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edýärler. Şeýle hem dünýäde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygyny göz öňünde tutup, BAE we GFR-iň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmak teklip edilýär” diýip, TDH ýazýar.

Maglumata görä, Serdar Berdimuhamedow bu teklipleri makullapdyr.

Öz çäginde koronawirus hadysasyny hasaba almandygyny öňe sürýän türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykan koronawirus keseliniň tutuş dünýä ýaýrap başlamagy bilen, 2020-nji ýylyň fewralyndan başlap, halkara howa gatnawlaryny çäklendirip başlady we soňy bilen, şol ýylyň mart aýynda koronawirusyň pandemiýa yglan edilmeginden soňra, halkara howa gatnawlaryny doly ýatyrdy.

Pandemiýanyň arasynda halkara howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy bilen ençeme türkmenistanly daşary ýurtlarda galdy.

2020-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanda güýje girizilen maska režimi, resmi habarda aýdylmagyna görä, 1-nji iýundan başlap diňe ýapyk binalara we ulaglaryň ähli görnüşlerine degişli ediler.

Galyberse-de, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň tekliplerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüminiň 15-nji maýdan başlanmagyny hem makullady.

Türkmenistanyň pandemiýa çäklendirmeleri ýurt içinde sebitara hereketiň, halkara hereketiň çäklendirilmegi, maska režiminiň güýje girizilmegi, zerur harytlar satylýan dükanlardan başga ähli bazarlaryň we söwda merkezleriniň ýapylmagy ýaly berk çäreleri öz içinde aldy. Bu çäklendirmeler apreliň soňky ongünlüginde ýurt boýunça tapgyrlayýn gowşadylyp başlandy.

Türkmenistanda COVID-19 hadysasynyň hasaba alynmandygy baradaky öňe sürmeler halkara saglyk ekspertlerinde şübhe döredýär.

Türkmen hökümeti pandemiýanyň syýasylaşdyrylmazlygyny tutanýerlilik bilen aýdyp, asla öz çäginde koronwirus keselini ykrar etmedi.

Bütin dünýäde iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän koronawirus epidemiýasynyň ýapyk Türkmenistanda näçe adama ýokuşandygy we näçe türkmeniň bu kesel bilen aradan çykandygy baradaky maglumatlara tas döwlet syry derejesinde çemeleşildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG