Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler çäklendirmeleri gowşadyp, maska režimine gözegçiligi güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalary sebäpli girizilen karantin çäklendirmelerini gowşadyp başlan bolsa-da, raýatlaryň maska režimini berjaý edişine gözegçilikleri barha güýçlendirýär. Aşgabadyň köçelerinde maska geýmeýän adamlara jerime salynýar. Kanun goraýjy edaralaryň wekilleri şäheriň käbir orta mekdeplerine reýdleri geçirip, maskasyz ýa-da maskany talaba laýyk geýmedik okuwçylara pul jerimesini salýarlar. Şuňa meňzeş reýdler ýurduň Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda hem geçirilýär.

"Häkimiýetler karantini gowşatsa-da, raýatlara gözegçiligi barha güýçlendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary gorky astynda ýaşaýar. Olara jerime salynýar, olar polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär" diýip, paýtagtly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Aşgabatly okuwçylaryň we mugallymlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, geçen penşenbe güni kanun goraýjy edaralaryň wekilleri orta mekdeplere duýdansyz reýdleri hem geçirdiler.

"Synp otagynda maska geýmeýän ýa-da maskasyny dogry geýmeýän okuwçylary anyklamak maksady bilen geçirilen bu reýdlerde örän köp okuwça pul jerimesini saldylar" diýip, 15-nji orta mekdebiň bir bilim işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, synpda maska geýmek baradaky düzgüni bozan okuwçylaryň her birine 20 manat möçberinde jerime ýazyldy.

"Ene-atalar bu jerimäni bank arkaly tölemeli boldular. Olar bank hyzmatlary üçin hem goşmaça 1 manat tölediler. Bu jerime ene-atalara jemi 21 manada düşdi" diýip, aşgabatly ene anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz Aşgabatda koronawirus bilen keselleýänleriň köpelýändigi barada maglumatyň ýokdugyny habar berdi.

"Bir döwür COVID-19 näsaglaryndan dolan Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynda hem näsaglaryň aglabasy içege infeksiýasy, gepatit we menengit ýaly keseller bilen näsaglan syrkawlardan ybarat" diýip, bir saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz maska düzgünini bozup, köpçülik ýerlerde maska geýmeýän raýatlary anyklamak boýunça reýdleriň Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda, hususan-da, Kakada hem geçirilýändigini habar berýär.

"Bu reýdler köpçülikleýin geçirilýär. Maska düzgünini bozanlara jerime salynýar" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde 2-nji maýda gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleriniň maska düzgünine gözegçiligi güýçlendirmegi ýurtda koronawirus aladalary sebäpli girizilen karantin çäklendirmeleriniň gowşadylyp başlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

26-njy aprelde Lebap welaýatyndaky habarçymyz sebitde bazarlaryň açylyp başlandygyny habar berdi. Munuň netijesinde, Türkmenabatdaky iň uly iki bazar - 4-nji we 5-nji bazarlar - gaýtadan açyldy.

Türkmenistanda teatrlaryň we konsert zallarynyň, dükanlaryň we söwda merkezleriniň, restoranlaryň we kafeleriň açylýandygy barada 25-nji aprelde hökümetçi "Orient" we "Türkmenportal" neşirleri hem habar berdiler. Neşirler bu düzgünleriň 1-nji maýdan güýje girýändigini aýdyp, köp adamly ýerlerde maska režiminiň saklanyp galýandygyny bellediler.

Pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri 2020-nji ýylyň iýulynda ýurtda berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Häzirki wagtda ýurtda bazarlaryň, söwda we güýmenje merkezleriniň ençemesi gaýtadan açylan bolsa-da, içerki awtobus, otly we uçar gatnawlary heniz-de karantinden öňki iş tertibinde işlemeýär. Şeýle-de, Türkmenistan pandemiýanyň başyndan bäri adaty halkara ýolagçy uçar gatnawlaryny häzire çenli dikeltmedik sebitdäki ýeke-täk ýurt we dünýädäki sanlyja döwletiň biri bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG