Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy


Awtobus duralgasynda gazet okap oturan bir adam (arhiw suraty)

Türkmenistanda döwletiň berk gözegçiliginde saklanýan metbugata hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin geçirilýän bu mejbury çäräniň çäginde, döwletiň gözegçiligindäki we hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden abuna ýazylandygy baradaky güwanama talap edilýär.

“Lebabyň döwlet edaralarynda býujetçilerden abuna üçin poçta arkaly töleg geçirendigi baradaky kwitansiýa soralýar. Ony 15-nji maýa çenli işleýän ýeriň hasaplaşyk bölümine hödürlemeli. Onlaýn abuna üçin 60 manat, eger-de kagyz görnüşinde öýe gelmegini isleseň 95 manat tölemeli” diýip, türkmenabatly mugallymlaryň biri 8-nji maýda anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol ýolbaşçylaryň abuna ýazylmadyklaryň iş ýerine goýberilmejekdigi barada duýdurýandyklaryny, şeýle-de kärdeşleriniň esasan onlaýn abuna ýazylýandygyny aýtdy.

“Her kim 35 manat arzan bolany üçin onlaýn abuna ýazylýar. Emma onlaýn bolsun, ýa kagyz bolsun, şol bir öwgüli mazmunly bu neşirleri okaýan adam ýok. Meniň tanyşlarymyň köpüsi gazetdir žurnallary onlaýn okamak üçin niýetlenen ‘Türkmenmetbugat’ tilsimini hem indirmediler” diýip, 40 ýaşlaryndaky bilim işgäri sözüne goşdy.

Türkmenistanda býujet işgärlerinden we ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryndan, orta hünär mekdepleriniň okuwçylaryndan ýurtda çap edilýän gazet-žurnallara, ýylda iki gezek abuna ýazylmak hökmany talap bolmagynda galýar. 2020-nji ýylda ýurtdaky gazet-žurnallary onlaýn görnüşine geçirmek baradaky meýiller hem yglan edildi.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar mejbury abuna ýazylyşykdan indi ençeme ýyl bäri şikaýat edip gelýärler.

Galyberse-de, gazetdir žurnallary onlaýn okamaga niýetlenen "Türkmenmetbugat" mobil tilsimine abuna ýazylan okyjylaryň käbiriniň Azatlyga aýtmagyna görä, abuna töleginiň tölenendigine garamazdan, gazet-žurnallary kadaly okap bolmaýar. Şeýle-de, habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesi özleriniň köpüsinde döwrebap smartfonlaryň ýokdugyna, Internetden kadaly peýdalanyp bilmeýändigine, şeýle-de ýurtda Internetiň hiliniň pesdigine ünsi çekýärler.

Türkmenistanda 30-dan gowrak gazet-žurnal çap edilip, olaryň ählisi döwletiň howandarlygynda ilata hödürlenýär. Şeýle-de, ýurtda bar bolan neşirýatlar esasan döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirýärler we prezidentiň şahsyýet kultuny mahabatlandyrýarlar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda söz we metbugat azatlygynyň depelenýändigini aýdýarlar. Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça hasabatlarda-da ýyldan-ýyla iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

Türkmen häkimiýetleri Türkmenistan barada bitarap habarlary çap edýän garaşsyz habar saýtlaryny, şol sanda Azatlygyň websaýtyny ýurduň içinde petikli saklaýarlar.

Geçen anna prezident Serdar Berdimuhamedow “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa ‘käýinç’ yglan etdi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we medeniýet işgärleri, mundan ozal, döwlet ýolbaşçylary tarapyndan yzygiderli ýagdaýda ýurtda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri wagyz etmek bilen borçlandyrylýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG