Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda gazet-žurnallara abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Býujet işgärlerinden 100 manada çenli pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda döwletiň howandarlygyndaky metbugata hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, munuň üçin býujet işgärlerinden 50-100 manat aralygynda pul tabşyrmak talap edilýär.

"Baýramaly etrabynda ähli býujet işgärlerinden nobatdaky abuna ýazylyşyga pul çöpleýärler. Bu edara-kärhanalaryň arasynda Baýramaly etrap hassahanasy, mekdepler we öý müdirlikleri bar. Edaralar her bir işgärden degişlilikde 50 manatdan 100 manada çenli pul ýygnaýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan Baýramalydaky habarçymyz 18-nji iýunda gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesi gazet-žurnallarda "okar ýaly zadyň ýokdugyny" aýdyp, özlerinde döwlet metbugatyna abuna ýazylmaga islegiň hem ýokdugyny belleýärler.

Ýöne olar geçen ýyllardaky tejribäniň şu ýyl hem gaýtalanýandygyny ünsi çekip, gazet-žurnallara abuna ýazylmakdan ýüz öwren ýa-da pul tölemegi gijikdiren raýatlara işden çykarylmak howpunyň abanýandygyny hem aýdýarlar.

"Işlejek bolsaň abuna hökman ýazylaýmaly. Sebäbi "göwnüňize ýaramasa arzaňyzy ýazyp, işden çykyp bilýärsiňiz" diýip aýdylýar. Abuna ýazylmak islemeýänlere döwletiň guramaçylykly işlerine gatnaşjak däldigi we garşydygy barada düşündiriş ýazdyrýarlar. Işgärler düşündiriş ýazmajak bolup, pul ýygnamak işleriniň ählisinde pul bermeli bolýarlar. Sebäbi bu düşündirişi ýazsaň, şondan bir salym geçip-geçmänkä işden çykarýarlar" diýip, býujet işgärleriniň biri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary her aý diýen ýaly bir zada pul ýygnaýarlar. Üstesine-de, olar bu pul serişdesini işgärleriň aglabasy entek bank kartlaryndaky zähmet haklaryny nagtlaşdyryp ýetişmänkä talap edýärler.

"Işgärlerden pagta ýygymyna, merkezden barlag gelen wagty ýowarlara, ýörite egin-eşiklere we şuňa meňzeş zatlara pul ýygnalyar. Abuna ýazylyşykdan öňürti-de gözegçilik üçin her adam 10 manat pul bermeli boldy" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda döwlet metbugatyna abuna ýazylyşyk ýylda iki gezek guramaçylykly häsiýetde amala aşyrylýar. Bu çäre her bir edarada ýylyň dürli wagtynda amal edilip, onuň çäginde býujet işgärleri mejbury ýagdaýda gazet-žurnallara abuna ýazylmaly edilýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar mejbury abuna ýazylyşykdan indi ençeme ýyl bäri şikaýat edip gelýärler.

Şeýle-de, olar gazet-žurnallaryň birinji sahypasynyň "Arkadagy" öwüp başlaýandygyny, soňky sahypalarynyň onuň ata-babalaryny öwýän mazmun bilen tamamlanýandygyny hem aýdýarlar.

Galyberse-de, býujet işgärleri her ýarym ýyllykda bir sapar 100 manada golaý pul töläp, mejbury abuna ýazylýan gazet-žurnallarynyň özlerine gowşurylmazlygyndan hem şikaýat edýärler.

Abuna ýazylyşyk döwründe her 6 aýda bir sapar 150 manat çemesi pul tutulýar, ýöne näçe ýyl bäri ýekeje-de gazet-žurnal alyp görmedim” diýip, lebaply bir mehanizator şu ýylyň ýanwarynda gürrüň beripdi.

Türkmenistanda 30-dan gowrak gazet-žurnal çap edilip, olaryň ählisi döwletiň howandarlygynda ilata hödürlenýär. Şeýle-de, ýurtda bar bolan neşirýatlar esasan döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirýärler we metbugat önümlerini, prezidentiň kitaplaryny hem-de portretlerini çap edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG