Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gagarumlylardan zeýkeşleri gazmak üçin pul ýygnalýar


Illvustrasiva suraty
Illvustrasiva suraty

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimiýetleri zeýkeşleri gazmak we arassalamak üçin ýaşaýjylardan, şol sanda telekeçilerden we kärendeçilerden pul ýygnaýarlar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar, ýygnalýan pullara garamazdan, zeýkeşleriň talaba laýyk gazylmaýandygyny aýdýarlar.

Ýagdaýdan habarly çeşmelerimiziň we ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu çäre üçin oba ýaşaýjylaryndan pul ýygnamak baradaky karara etrap häkimliginde geçirilen ýygnakda gelindi.

"Garagum etrap häkimligi daýhan birleşikleriň we geňeşlikleriň başlyklary bilen ýygnak geçirip, olara zeýkeşleri gazmak üçin ediljek çykdajylary öz üstüne almagy tabşyrdy. Şondan soňra başlyklar ýaşaýjylardan, kärendeçilerden we telekeçilerden pul ýygnap başladylar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Ol bu ýagdaýyň etrabyň tas ähli geňeşliginde we daýhan birleşiginde gaýtalanýandygyny hem belläp, bu iş üçin telekeçilerden 200 manat, kärendeçilerden 50 manat we adaty oba ýaşaýjylaryndan, has takygy her hojalykdan 20 manat ýygnalýandygyny aýtdy.

"Bu pullar her obada beýemçi bellenen bir adam tarapyndan ýygnalýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran oba ýaşaýjysy 9-njy maýda gürrüň berdi.

Bellesek, ýeriň artykmaç yzgaryny çekdirmek we şorlaşmagynyň öňüni almak üçin ýörite gazylýan kanala zeýkeş diýilýär. Ýurduň käbir sebitlerinde gowaça meýdanlaryny ýuwuş suwuna tutmak üçin zeýkeşleriň suwundan hem peýdalanylýar. Zeýkeşleri gazmak, çuňaltmak we arassalamak işleri adatça döwlet tarapyndan amal edilýär.

Häkimiýetler ilatdan pul ýygnamak işlerine ýaşululary hem çekýärler. Habarçymyzyň maglumatyna görä, olar ilatyň pul tabşyrmagy ugrunda tagalla edip, obalarda wagyz işlerini geçirýärler.

"Bu ýaşulular köpçülik ýerlerinde çykyş edip, obalaryň zeýkeşleri gazylyp arassalansa, obamyz şor basmakdan azat bolar diýýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Mundan başga-da, ýerli ýaşaýjylar we çeşmelerimiz ýygnalýan pullara garamazdan, zeýkeşleriň talaba laýyk gazylmaýandygyny aýdýarlar.

"Zeýkeşleri çuňlaşdyrman, diňe gyrasynyň gumuny gazyp alýarlar we olary giňeldýärler. Olaryň içindäki gamyşyny doly çykarmaýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Şeýle-de, ýaşaýjylar geňeşlikleriň we daýhan birleşikleriň başlyklarynyň zeýkeşleri gazmak işlerinden "bikanun gazanç" edýändigini hem habar berýärler.

"Başlyklar zeýkeşleriň gyralaryndan ýygnalan gumlary kerpiç zawodlaryna satýarlar we şol pullary öz jübülerine alýarlar. Zeýkeşleri gazýan ekskawator her bir ýük ulagyna gum ýükläni üçin 50 manat pul alýar. Ýük ulagy gumy kerpiç zawodyna eltip bereni üçin 150 manat alýar. Ýöne kerpiç zawody her eltilen gum üçin 200 manat pul töleýär. Şeýlelikde, 200 manat başlyga gaýdyp gelýär" diýip, ýagdaýdan habarly ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Garagum etrap häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Bu barada Mary welaýat häkimliginiň oba hojalyk bölümi bilen hem habarlaşyp bolmady.

Türkmenistanda ýaşaýjylardan, şol sanda telekeçilerden we kärendeçilerden dürli, şol sanda bag nahallaryny ekmek, ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýer üçin sadaka bermek ýaly maksatlar üçin pul ýygnamak adaty çärä öwrüldi. Azatlyk bular barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylar ýurtda gümürtik taslamalara milliardlarça dollar goýberip, suw desgalaryny abatlamaga, kanallary gazmaga, zeýkeşleri çuňaltmaga serişde goýbermegiň unudylandygyny we bu desgalaryň, ýurduň başga-da birnäçe pudagynda bolşy ýaly, raýatlaryň maddy serişdesiniň hasabyna saklanmaga çalşylýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek, zeýkeşleri çekmek we arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmek barada wagtal-wagtal gürrüň edilýär. Ýöne olarda işleriň amal edilşiniň jikme-jiklikleri, şeýle-de ilatdan ýygnalýan pullar barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG