Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatly okuwçylardan täze prezidentiň suratlaryny satyn almak we mekdebi abatlamak üçin pul toplanýar


Türkmenistanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň suratlary onuň kakasy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretleriniň ýerine oturdylýar. 

Aşgabadyň orta mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda dürli zerurlyklar üçin pul ýygnalyp başlandy. Esasy çykdajylar mekdebi abatlamak, uçurym çagalary surata düşürmek we prezidentiň täze portretlerini satyn almak ýaly zatlary öz içine alýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan habar berdiler.

Aşgabatdaky her bir orta mekdep okuwçysy ýa-da çagalar bagynda terbiýelenýän körpe pul tabşyrmaly edildi. Soralýan puluň mukdary okuw jaýyna görä, biraz tapawutlanýar. Käbir mekdeplerde 150 manat ýygnaýarlar, beýlekilerde tölegleriň mukdary 100 manatdan başlaýar we "goşmaça çykdajylar" ýüze çykan halatynda ýene goşmaça pul ýygnaljagy aýdylýar.

Hususan-da, paýtagtyň 56-njy mekdebinde her bir okuwçydan 150 manat ýygnaýar. Okuwçylaryň ene-atalaryna aýdylyşy ýaly, bu pul mekdebi abatlamak üçin niýetlenýär. Ähli synp okuwçylaryndan pul ýygnamak hökmany edilýär.

15-nji mekdepde okuwçylardan 100 manat ýygnaldy.
Bu mekdepde çagalardan soralan pula öňki prezidentiň suratyny täze döwlet baştutanynyň portretleri bilen çalyşmak we mekdebi abatlamak planlaşdyrylýar.

"9-njy 'B' synpda 30 okuwçy bar, hersinden 100 manat ýygnaýarlar. Ýöne ýeterlik bolmasa, goşmaça pul ýygnajakdyklaryny aýtdylar" - diýip, mekdebiň okuwçylarynyň biriniň ejesi Azatlyga gürrüň berdi.

Pul ýygnamak işi klasa ýolbaşçylyk edýän mugallymyň borjy hasaplanýar. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, synpda 30 okuwçy bar bolsa, klas ýolbaşçysy her birinden 150 manat ýygnap belli bir mukdary mekdep müdirine tabşyrmaly, ýygnap bilmese, öz aýlygyndan goşmaly bolýar.

"Synp mugallymy zerur mukdarda pul ýygnap bilmese, ýetmeýän puly öz gazanan girdejisinden goşmaga borçly. Ýogsa, mekdep müdiri mugallymy synp ýolbaşçylygyndan mahrum edip, ýarym stawka işe geçirip bilýär" -diýip, paýtagtyň mekdepleriniň birinde işleýän mugallyma adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, klasa ýolbaşçylyk edýän mugallymyň aýlygy 2000 manat töweregi bolsa, doly bolmadyk stawka işleýän mugallymyň aýlygy 860 manatdan geçmeýär.

"Şonuň üçin synp mugallymlary müdiriň göwnünden turmak we wezipäni saklamak üçin zerur puly her ýol bilen ýygnaýarlar" - diýip aşgabatly mugallym aýdýar.

Mekdebi abatlamak we beýleki zerurlyklar üçin pul ýygnamak däbi onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär. Her ýyl, okuw ýylynyň ahyrynda mekdep müdirleriniň buýrugy bilen synp mugallymlary pul ýygnap başlaýarlar. Bu köplenç maý aýynda bolýar.

Şu günler paýtagtyň çagalar baglarynda hem pul ýygnalýar.

Mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri gutardyş üçin ene-atalardan 100 manat ýygnaýarlar. Mugallymlaryň sözlerine görä, 100 manat mukdarda soralýan pul çagalaryň topar bolup, surata düşmegi we albom üçin niýetlenýär.

Dürli zerurlyklar üçin okuwçylardan we döwlet işgärlerinden pul ýygnamak, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanda adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Prezidentiň portretlerini we kitaplaryny satyn almak üçin ilatdan yzygiderli pul ýygnalýardy. Bu däp, Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlikden aýrylandan soňam saklanyp galdy.

Lebap welaýatynda döwlet edaralarynyň işgärlerinden Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine ýetiren aýdymlaryny jübi telefonlaryna jaň edip goýmak talap edilip başlandy. Mundan başga-da, döwlet işgärlerine öňki prezidentiň elektron kitaplaryny jübi telefonlarynda saklamak tabşyryldy.

Täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň wezipesine girişmegi bilen onuň şahsyýet kulty hem tutuş ýurtda döredilip başlandy. Döwlet edaralarynda onuň portretlerini asylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary taksi sürüjileriniň öz awtoulaglarynda Serdar Berdimuhamedowyň portretlerini ýerleşdirmegi baradaky talaplaryň giňden edilýändigi barada habar berýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG