Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mekdep remonty üçin okuwçylardan pul toplanýar


Lebap welaýat Saýat etrabynyň Ahmet Bekmyradow adyndaky 10-njy orta mekdebi. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. 2014 ý.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde tomus paslynyň öň ýany, adat bolşy ýaly, bilim ojaklarynyň abatlaýyş işleri üçin okuwçylaryň ene-atalaryndan pul toplanýar. Ýöne ene-atalar, mugallymlar we terbiýeçiler öz aýlyk girdejileriniň öz hojalyklaryna zordan ýetýändigini aýdýarlar. Bu barada ýerli habarçylarymyz sebitlerden habar berýärler.

“Tomus paslyna bir aý galanda orta mekdeplerde we çagalar baglarynda ene-atalardan remont üçin pul ýygnalyp başlandy. Her ýyl adat bolşy ýaly, klas ýolbaşçylar öz okadýan okuwçylaryndan tomus pasly edilmeli remont üçin pul toplaýarlar” diýip, ene-atalaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Tomsuň öňüsyrasynda tas her ýyl Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bilim we terbiýeçilik edaralarynyň abatlaýyş işleri üçin ene-atalardan pul ýygnalýar. Bu gezek ýygnalýan puluň möçberi 40 -100 manat aralygynda üýtgeýär.

“Orta mekdebe gatnaýan her bir okuwçydan 80-100 manat aralygynda pul talap edilýär. Çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň ene-atalaryndan 40-50 manat aralygynda pul toplanýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol pul toplamak işlerine dowam edýän okuw ýylynyň tamamlanmagyna bir aý galanda girişilendigini belledi.

Şeýle-de, habarçymyzyň maglumatyna görä, mekdepleri her ýyl abatlamak talaby etrap, şäher, welaýat bilim müdirlikleri tarapyndan öňe sürülýär. Synp otaglarynyň abatlaýyş işlerine mekdep mugallymlary jogap bermeli edilýär.

“Bilim müdirlikleri her ýyl synplaryň remont edilmegini talap edýär. Bu remont işleri mugallymlaryň boýnuna goýulýar. Mugallymlar, öz gezeginde, remont üçin okuwçylardan pul toplaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Mugallymlar-da, terbiýeçiler-de abatlaýyş işleri üçin özleriniň goşmaça çykdajy etmäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar, we alýan zähmet haklarynyň öz hojalyklaryna zordan ýetýändigini aýdýarlar.

“Bize-de düşüniň, biziň alýan aýlygymyz öz hojalygymyza zordan ýetýär. Ýolbaşçylar we mekdep direktorlary mekdebiň remont işlerini bizden talap edýär. Häzir siz bize remont üçin kömek etseňiz, täze ýylda özüňiz şu remont edilen synplarda bilim alarsyňyz” diýip, mugallymlar okuwçylara ýüzlenýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň döwlet býujetinde orta mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin goşmaça maliýe serişdeleriniň bölünip berilmeýändigini habar berýär.

Mekdep mugallymlary bilen bir hatarda çagalar baglarynyň terbiýeçileri hem abatlaýyş işleri üçin özleriniň çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Mekdep mugallymlaryna garanyňda, çagalar baglarynda terbiýeçiler ene-atalardan has köp çykdajy edýärler. Olar her bir ene-atadan pul toplandan soňra, tomus paslynyň dowamynda hek çalmak üçin çotga satyn almaga ýa-da gurluşyk harytlaryna kömek etmeli bolýarlar. Çagalar baglarynyň meýdançasyna boýag gerek bolýar, ýa-da meýdançalardaky ýodajyklara sement gerek bolýar” diýip, bir terbiýeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyza görä, mugallymlar pul bermäge razy bolmadyk okuwçylary mekdepleriň remont işlerine çekmek haýbatyny atýarlar.

“Okuwçylar pul bermekden boýun gaçyrsa, synp ýolbaşçylarynyň gahar-gazabyna duçar bolýarlar. Mugallym pul bermedikleri üç aý kanikulda mekdebe çagyryp, diwarlary boýatdyrjakdygyny duýdurýar. Eger-de kimde-kim remonta pul bermese, mugallymlar olaryň tomusda hek çalmak işlerine çekiljekdigini duýdurýar” diýip, bir ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG