Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elon Mask russiýaly hekerleriň “Starlink” ulgamyna hüjüm edendigini aýdýar


“Starlink” “SpaceX” tarapyndan dolandyrylýan hemra internet ulgamy bolup, Ýeriň köp böleginde hemra internet elýeterliligini üpjün edýär.
“Starlink” “SpaceX” tarapyndan dolandyrylýan hemra internet ulgamy bolup, Ýeriň köp böleginde hemra internet elýeterliligini üpjün edýär.

Kompaniýany esaslandyryjy Elon Maskyň sözlerine görä, “Starlink” hemra ulgamy Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda barýan uruş wagtynda rus hakerleriniň köpçülikleýin kiber hüjümlerine sezewar edildi.

Mask bu maglumaty "Viasat" hemra kompaniýasyna rus urşunyň başlanan wagtyndan bäri edilen hüjümler barada gürrüň berende aýtdy.

“Viasat” ulgam toplumlary, ähtimal, Ukraina ABŞ tarapyndan iberildi. Emma Maskyň özi hem Kiýewi hemra internetiniň enjamlary bilen üpjün edýär. Aragatnaşygyň bu görnüşi ukrain goşunlarynyň kynçylykly aragatnaşyk şertlerinde özara habarlaşmagynda giňden ulanylýar diýip, habarda bellenýär.

Habar serişdeleriniň habaryna görä, hakerler emeli hemranyň özüne däl-de, “Viasatyň” ýerüsti infrastrukturasyna hüjüm edipdir. Emma ahyr netijede bu hüjümler Ukrainanyň özünde-de, ÝB ýurtlarynda hem müňlerçe adamyň internete girmek mümkinçiligini ýitirmegine sebäp boldy.

Germaniýanyň käbir sebitlerinde bolsa henizem täsir ýeten modemleri çalyşmak we aragatnaşyk programma üpjünçiligini täzelemek işleri alnyp barylýar.

“Forbesiň” derňewi bu hüjümiň arkasynda hakykatdanam Russiýanyň duran bolmagynyň mümkindigini görkezýär.

XS
SM
MD
LG