Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýet wekilleri kiçi telekeçileri gysýar


Turkmenistan. A market in Ashgabat
Turkmenistan. A market in Ashgabat

Türkmenistanda pandemiýa çäklendirmeleri ýaňy bir gowşadylyp, söwda nokatlarynyň ýaňy ýakynda açylyp başlanandygyna garamazdan, salgyt gulluklary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, häkimlikleriň söwda bölümleriniň işgärleri we polisiýanyň söwda ulgamyna gözegçilik edýän bölümleri “dürli bahanalar” bilen telekçilere we dükan eýelerine basyş edip başlady. Basyşlar köplenç telekeçilerden we dükançylardan pul toplanmagyna getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji maýda paýtagt Aşgabatdan habar berýär.

“Emeldarlar pul talap etmek üçin dürli bahanalardan hyýanatçylykly peýdalanýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Galyberse-de, dükan eýeleri we telekeçiler häkimiýetleriň dükanlaryň daş ýüzünde harytlaryň mahabatlandyrylmagyny gadagan edýändiklerini aýdýarlar.

“Mahabat üçin ýa-da müşderi çekmek üçin önümleriň dükanlaryň daşynda goýulmagyny gadagan edip başladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berýär.

Telekeçiler we dükan eýeleri, çeşmämiziň maglumatlaryna görä, söwda nokatlary üçin onsuz hem aýda azyndan 6 müň manat kireý tölegini töleýärler.

“Üstesine, olardan pul talap edýärler” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýöne onuň maglumatlaryna görä, dükan eýeleriniň we telekeçileriň geçirýän tölegleri diňe bir kireý puly bilen çäklenmeýär. “Olar gözegçilik edaralaryndaky emeldarlara hem para bermäge mejbur bolýarlar” diýip, çeşme aýdýar.

Häkimiýetler tarapyndan görkezilýän basyşlar kiçi telekeçilere oňyn täsir etmeýär. Dükan eýeleri we söwdagärler görkezilýän basyşlar zerarly kiçi telekeçilik bilen meşgullanýan käbir iş ýerleriniň basyşlara çydap bilmän öz-özünden ýapylýandygyny aýdýarlar.

“Şol sebäpden we korrupsiýa zerarly söwda bilen meşgullanýan köp sanly telekeçiler kiçi bizneslerini ýapmaga mejbur bolýarlar. Bu kiçi telekeçiligiň ösüşini pese gaçyrýar” diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylýandygyna garamazdan “Altyn asyr” söwda bazarynda köp sanly söwda nokatlarynyň ýapylýandygyny habar berýärler. Çäklendirmeler bilen bir hatarda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy hem telekeçileriň, dükan eýeleriniň söwdasyna ýaramaz täsir ýetirýär.

“Ýagdaýlar döwlet dükanlarynda bolsa gün-günden gowulaşmaýar, ýaramazlaşýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berdi.

Öz çäginde koronawirus hadysalaryny ykrar etmedik Türkmenistanyň hökümeti dünýäde pandemiýa yglan edilmeginden soňra berk çäklendirmeleri durmuşa geçirdi. Gündelik zerur harytlar satylýan dükanlardan daşary ähli söwda dükanlary, bazarlar we söwda-dynç alyş merkezleri yzly-yzyna ýapyldy.

Karantin döwründe telekeçileriň çeken ýitgileri bilen baglylykda ilata, telekeçilere hödürlenen ýeňillikler barada maglumat ýok, ýöne Türkmenistanda pandemiýadan ozal hem ilatyň ykdysady we durmuş şertleri ýaramazlaşyp başlapdy.

Köplere görä, pandemiýa çäklendirmeleri köp sanly telekeçi üçin goşmaça urgy boldy.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri telekeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, galyberse-de olaryň duçar bolýan basyşlary barada kelam agyz gürrüň gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG