Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetleriň nyrh syýasaty türkmen telekeçilerini söwdadan ýüz öwürmäge mejbur edýär


Türkmenistan. Daşoguz bazary, Türkmenistanyň prezidentiniň ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň gelmegine taýýarlandy. 2021-nji ýylyň 21-nji dekabry
Türkmenistan. Daşoguz bazary, Türkmenistanyň prezidentiniň ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň gelmegine taýýarlandy. 2021-nji ýylyň 21-nji dekabry

Türkmenistanyň häkimiýetleri telekeçilere bahalary arzanlatmak üçin basyş etmegini dowam etdirýärler. Telekeçiler öz gezeginde ýitgi çekmezlik üçin söwdadan saklanmaga mejbur bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebapdaky we Marydaky ýagdaýlar barada habar berýärler.

Ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda et satyn alyp bilmeýärler. 24-nji dekabrda et dükanlarynyň hemmesi diýen ýaly ýapylypdyr. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan gassaplaryň sözlerine görä, döwletiň etiň her kilogramy üçin 30-35 manat derejesinde kesgitlän bahasy etiň önümçilik bahasyndan has arzan. Gassaplar diňe bir girdejilerini ýitirmän, eýsem agyr ýitgiler çekýärler.

Habarçy telekeçileriň söwdadan ýüz öwrüp, häkimiýetleriň bahalary arzanlatmak syýasatyna garşy nägilelik bildirýändiklerini habar berdi.

Telekeçiler önümçilik çykdajylary göz öňünde tutulanda, etiň hakyky bahasy bir kilogram üçin 150 manatdan pes bolmaly däl diýip, hasap edýärler.

Bu aralykda, Marydaky telekeçiler hem sebit häkimiýetleriniň bahalary zor bilen aşaklatmak üçin edýän basyşy sebäpli agyr zyýan çekýärler we söwdany bes etmäge mejbur bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy häkimiýetler tarapyndan etiň bir kilogramy 35 manatdan diýlip, kesgitlenen nyrhyň malyň iýmiti we garaşygynyň çykdajysy nukdaý nazardan önümçiligiň bahasyny ödemeýändigini aýtdy.

Şol sebäpli soňky günlerde wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň sebite eden sapary sebäpli bahalaryň zor bilen aşakladylmagy, saparyň yzýany dessine et dükanlarynyň we supermarketlerdäki et tekjeleriniň boşap galmagyna getirdi diýip, habarçymyz 24-nji dekabrda gürrüň berdi.

Lebaply telekeçileriň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň sebite baryp gören bazarlarynda et hatarlaryny doldurmak üçin saparyň öňüsyrasynda ýerli gassaplar etiň her kilogramyny 20 manatdan satmaga mejbur bolupdyr.

Maryda prezidentiň oglunyň sapary wagtynda kafelere we restoranlara işlemek gadagan edilipdir. Bişirýän naharlaryny öýlere eltip bermek bilen uzak wagtlap oňuşan ýerli azyk nokatlary iki günläp doly ýapyk durupdyr.

Ýurduň maliýe we ykdysady pudagyna ýolbaşçylyk edýän prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryna 20-23-nji dekabr aralygynda eden saparynda ýerli bazarlara baryp gördi. Döwlet telewideniýesi sapar baradaky reportažynda bolçulykly we arzan bahaly azyk tekjelerini, şeýle hem hökümetiň syýasatyny wasp edýän söwdegärleri we alyjylary görkezdi.

Azyk meselesi Serdar Berdimuhamedowyň üns berýän ugurlarynyň biri. Şu ýylyň maý aýynda azyk nobatlary onuň ünsüni çekdi. Serdar Berdimuhamedowyň nobatlaryň prezidentiň abraýyny bozýandygyny aýtmagyndan soň Aşgabatda nobatlar gadagan edildi. Emma paýtagtda we tutuş ýurtda azyk ýetmezçiligi güýçlendi.

Uzaga çeken ykdysady krizisiň çäginde Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň köpçüligi azyk üpjünçiliginde gitdigiçe köp kynçylyk çekýär. Hökümet subsidirlenen önümleriň satuwyny gijikdirýär we çäklendirýär, täjirçilik bahalary ýokarlanýar.

Ýurduň häkimiýetleri nyrh syýasaty barada ilata düşündiriş bermeýärler, statistikany çap etmeýärler. Sarp ediji sebedi düşünjesi ýurtda düýpden ýok. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň häkimiýetleri agyrlaşýan meseleleri çözmegiň ýerine, problemalary ýaşyrmagy dowam etdirýärler, bahalary emeli usulda aşakladýarlar, nobatlary gadagan edip, ilatyň nägileliginiň ýüze çykmagyny ýatyrmaga synanyşýarlar we resmi taýdan "abadan durmuşy" wasp edýärler.

Türkmen telekeçilerine nyrhlary aşaklatmak boýunça edilýän soňky basyş koronawirus pandemiýasy sebäpli dört aý töweregi dowam eden çäklendirmeleriň ýaňy gowşadylan wagtyna gabat geldi. Awgustdan bäri söwda, azyk, hyzmatlar we güýmenje kärhanalarynyň ýapyk durmagy müňlerçe telekeçini we işgäri girdejiden mahrum etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG