Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güýçli şemal maryly daýhanlaryň umytlaryny ‘ýele sowurdy’


Türkmen media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan çykyş edýärler.
Türkmen media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan çykyş edýärler.

Geçen dynç günleri Mara gelen güýçli şemal sebitdäki gülläp oturan baglara, bakja önümlerine ýaramaz täsir ýetirdi, daýhanlary hem uly zyýana goýdy.

“21-nji maýda Maryda irden başlanan şemal ýary gijä çenli dowam etdi. Bu ýyl baglarymyzy sowuk urdurman saklap bilenimize begenip otyrdyk welin, bu ýel baglaryň güllerini, ýaňy bişip başlan käbir miweleri ýere dökdi” diýip, Marynyň Garagum etrabynyň daýhanlarynyň biri 23-nji maýda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran 60 ýaşlaryndaky daýhan bu sebäpli tutuş ýyla göz öňünde tutan eklenç mümkinçilikleriniň hem ‘ýele sowurlandygyny’ aýtdy.

“Soňky birnäçe ýyl bäri, howanyň yzygiderli üýtgäp durmagy sebäpli, bag-bakja önümlerimizden kadaly hasyl alyp bilmeýäris. Bir tarapdan şemal, ýagyn gelip baglaryň güllerini ýere dökse, beýleki tarapdan ýazyň ortasynda howa birden üýtgäp, baglary sowuk urýar. Bu ýyl hem çeken azabymyza görä, hasyl alyp bilmejigimiz aýdyň boldy” diýip, 40 ýyl çemesi daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny aýdýan söhbetdeşimiz nygtady.

Onsuz hem ýurtdaky ýiti ykdysady krizisiň arasynda gurpdan düşendigini aýdýan daýhan bu ýylky hasyly bazarda satmagy, ondan gyş üçin banka ýapmagy göz öňünde tutandygyny, ýöne gelen ýel sebäpli, ‘barja umytlarynyň puja çykandygyny” hem sözüne goşdy.

Ol daýhanlaryň özlerine bagly bolmaýan şertler sebäpli uly zyýana galmagy netijesinde, ýerli häkimiýetlerden hiç hili hemaýatyň we goldawyň berilmeýändigini hem aýtdy.

Söhbetdeşimiz, özi ýaly başga-da zyýana galan onlarça maryly daýhanyň aladalaryny resmi media serişdelerinde beýan edip bilmeýändiklerini, ýerli häkimiýetleriň hem olaryň şikaýatlaryna gulak gabartmaýandygyny sözüne goşdy.

Galyberse-de, ýeliň yzýany sebite aýlanyp gören habarçymyz, harasatyň turan güni Marynyň ençeme, şol sanda Garagum etrabynda hem uzakly gün elektrik togunyň bolmandygyny anyklady.

Türkmen häkimiýetleri, soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde turýan güýçli tozanly ýeller, wagtal-wagtal joşýan sil suwlary barada ilaty öňünden aç-açan habarly etmeýşi ýaly, bu gezek hem ýaşaýjylary ýetip gelýän güýçli ýel barada duýdurmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG