Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynda barlag geçirildi. Hassahananyň baş lukmany saklandy


Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynda barlag geçirildi. Hassahananyň baş lukmany saklandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:41 0:00

Türkmenbaşy şäherindäki täze açylan köpugurly hassahanada dowam edýän korrupsiýa barada, Azatlyk Radiosynyň habarlaryndan soň, ol ýere Aşgabatdan ýörite derňew topary iberildi. Birnäçe jogapkär adamyň, şol sanda bir aý mundan ozal açylan hassahananyň baş lukmanynyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady. Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana 15-nji aprelde, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, dabaraly ýagdaýda açylypdy. Iki hepdeden soň, Azatlyk saglyk işgärleriniň we täze hassahananyň baş lukmanynyň işe ýerleşmek isleýän medisina işgärlerinden, ýüzlerçe müň manat para alýandyklary barada habar berdi.

XS
SM
MD
LG