Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda öýüne Wi-Fi çekdirenler pes tizlikden şikaýat edýär, ‘Türkmentelekom çäre hödürlemeýär’


Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Aşgabadyň käbir sebitlerinde “Türkmentelekom” kompaniýasynyň Ethernet ýa-da ADSL tehnologiýalary arkaly öýlerine internet birikdiren hojalyklar pes tizlikden şikaýat edýärler.

Onsuz hem dünýäde iň pes internet tizliginden peýdalanmaga mejbur bolýan türkmenistanly internet ulanyjylary indi birnäçe aý bäri internet tizliginiň uçdantutma pese gaçmagyndan, köpçülikleýin petiklemelerden ejir çekip gelýärler.

Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda öýüne internet birikdiren hojalyklaryň pes internet tizliginden şikaýat edýändiklerini habar berýär.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bir “Türkmentelekom” hünärmeni öýe çekilen internet aragatnaşygynyň haýal tizligine routerleriň sebäp bolýandygyny aýdýar.

Hünärmen routerleriň ep-esli könelişendigini aýdýar. Azatlygyň habarçysy ilkibaşda öýe internet çekilende, enjam tölegi hökmünde her bir router üçin kagyz ýüzünde ulanyjylara 2620 manat ýazylandygyny aýdýar. Ýöne habarçymyz olaryň mugt gurnalandygyny aýdýar we, aragatnaşyk hünärmenine salgylanyp, bu routerleriň ilkibaşda mugt üpjün edilendigini habar berýär.

“Köpler Türkmentelekomyň hyzmatlaryndan ýüz öwürdi. Ussalaryň hünär taýýarlyk derejesi pes” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berýär.

“Türkmentelekom” Türkmenistanyň ýeke-täk internet prowaýderi bolup durýar.

Apreliň ortalarynda hökümetçi neşirler “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýtagtyň demirgazyk künjeklerini internet aragatnaşygy bilen üpjün edendigini we şäheriň bu künjeklerinde 26 müň metr töweregi fiberoptiki süýümli kabelleriň çekilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan aşgabatly bir internet ulanyjysy öz öýünde tas bir ýarym aýdan gowrak wagt bäri internetiň kadaly işlemeýändigini habar berýär.

“Bir ýarym aý bäri Wi-Fi işlemeýär. Bir minutlyk baglanýar, üç minutlap öçýär. Ýöne şeýdip gaýtalanyp dur. Internet ýitýär, iki Wi-Fi çyzygy öçýär, soň ýene ýanýar” diýip, Wi-Fi ulanyjysy gürrüň berdi.

Ol soňky bir ýarym aýdan gowrak wagtyň dowamynda onlarça aragatnaşyk ussasynyň hojalyga gelip, aragatnaşygy barlandygyny ýöne munuň netijesiz bolandygyny gürrüň berýär.

“Hiç kim hiç zat düşündirip bilmeýär. Ussa gelip, paroly täzeläp gidýär. Ondan kabeli barlamagy haýyş etsem, ol elini galgadyp, mesele kabelde däl diýýär, mesele routerde diýýär” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar aragatnaşyk kärhanalarynyň tehniki hyzmatlarynyň özlerini kanagatlandyrmaýandygyny aýdýarlar.

“Türkmentelekom” hünärmenleri tizlik problemasyna routerleriň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Ýerli ýaşaýjylar pes tizlige köpçülikleýin petiklemeleriň sebäp bolýandygyny çaklaýar.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi geçen ýylyň dekabrynda telearagatnaşyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak üçin ýurduň ähli sebitlerinde we Aşgabat şäherinde fiber optiki süýümli kabelleriň çekilendigini habar berdi.

Türkmenistanda indi bir aýdan gowrak wagt bäri internetiň tizligi uçdantutma haýallaýar.

Düýbi ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Cloudflare” Internet hyzmatlary kompaniýasy 10-njy aprel güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 7-den başlap, Türkmenistanda internet tizliginiň düýpli peselendigini anyklady. Şonda “Cloudflare Radar” Türkmenistanda Internetiň tas doly diýen ýaly öçürilendigini aýtdy.

Kompaniýa 12-nji aprel güni beren goşmaça maglumatynda 40 sagat dowam eden bökdençlikden soňra, Türkmenistanda internet aragatnaşygynyň gaýtadan dikeldilendigini habar berdi.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Cable.co.uk saýtynyň bilermenleriniň geçiren barlaglaryna görä, dünýäde iň haýal we iň gymmat internet Türkmenistanyň ilatyna hödürlenýär.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň sebitlerinde Wi-Fi internet aragatnaşygynyň hiliniň peselmegi bilen baglylykda “Türkmentelekom” kompaniýasyndan we “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG