Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzdaky täze hassahanalaryň açylyş dabarasyna prezidentiň gatnaşmagyna garaşylýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Daşoguz şäheriniň köçelerinde iki günden gowrak wagt bäri arassaçylyk işleri batlanýar. Müňlerçe býujet işgäri arassaçylyk işlerine çekilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýakyn wagtlarda prezident Serdar Berdimuhamedowyň sebit merkezine sapar etmegine garaşylýandygyny habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy welaýatyň edara ediş merkezinde köçeleri arassalamak işlerine we geçiriljek köpçülik çärelerine müňlerçe býujet işgäriniň çekilýändigini habar berýär.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz sebitiň çäginde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berýärler.

“Howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Medeniýet we sungat işgärleri täze eserleri bilen çykyş etmäge taýýarlyk görýärler. Şäheriň içindäki ýollar abatlanyp, tanalmajak derejede yşyklandyryjy çyralar bilen bezeldi” diýip, bir ýerli çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri prezidentiň welaýatda ulanylmaga berilýän täze köpugurly hassahananyň we onkologiýa merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berýärler.

Şeýle-de, prezidentiň sapary bilen baglylykda köçelerde, öndürilen senesi 2012-nji ýyldan aňyrda bolan ulaglaryň hereketine rugsat berilmeýär.

“Öndürilen ýyly 2012-nji ýyldan köne bolan awtoulaglaryň hereketine, myhmanlar gidýänçä, Daşoguz şäherinde rugsat berilmeýär” diýip, ýerli çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Garaşsyz turkmen.news neşiri hem 23-nji maýda Daşoguzda awtomobil ulaglarynyň köpçülikleýin jerime duralgalaryna alnyp gidilýändigini habar berdi. Neşiriň çeşmeleri 1500-den gowrak awtoulagyň jerime duralgasyna äkidilendigini aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar prezidentiň sebite amala aşyrýan saparynyň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda welaýatyň suw we elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň meselelerine garalmagyna umyt bildirýärler.

“Welaýatyň çözülmedik ýol, suw we elektrik tok meselelerine garalmagyna umyt bildirilýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýerli ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olaryň prezidentiň saparynyň dowamynda garalmagyna umyt bildirýän meseleleri barada, galyberse-de býujet işgärleriniň köpçülikleýin arassaçylyk işlerine çekilmegi barada habar bermeýär.

Türkmenistanda döwlet baştutanynyň sebitlere amala aşyrýan saparlary köplenç ýerli ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýär, ýollar ýapylýar, we býujet işgärleri köpçülikleýin çärelere çekilýär.

Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň açylyp ulanylmaga berilmegine garaşylýar.

Ýerli metbugata görä, köpugurly hassahana “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 18-nji maýda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Annanepesow bilen geçiren ýygnagynda ministr Daşoguzdaky köpugurly hassahananyň hem-de onkologiýa merkeziniň taýýardygy barada hasabat berdi.

“Gurbanguly Berdimuhamedow [...] Daşoguzda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň açylmaga doly taýýarlygy bilen baglanyşykly maglumatlary […] prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirjekdigini aýtdy” diýip, Turkmenportal.com neşiri geçen hepde habar berdi.

Asyl käri diş lukmany bolan Gurbanguly Berdimuhamedow 15 ýyl ozal ýurduň saglyk pudagyna gözegçilik edýärdi.

Azatlyk Radiosy 24-nji maýda Serdar Berdimuhamedowyň Daşogza amala aşyrmagyna garaşylýan sapary boýunça kommentariý sorap, Daşoguz welaýat häkimligine telefon arkaly jaň etdi. Häkimlik işgäri prezidentiň sapary boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny tassyklady, ýöne saparyň anyk senesini aýtmakdan saklandy.

Mundan ozal, 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şonda döwlet metbugaty ýakyn wagtlarda Daşoguzda, soňra bolsa Ahal welaýatynda hem köpugurly hassahanalaryň gurlup ulanylmaga beriljekdigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG