Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň öňki prezidenti Dodon haýynlykda we korrupsiýada aýyplanýar


Igor Dodon
Igor Dodon

Moldowanyň öňki prezidenti Igor Dodon Kişinýowdaky öýi dökülenden soň, korrupsiýany derňeýän sülçüler tarapynda tussag edildi.

Baş prokuraturanyň metbugat wekili Mariýa Çerpegiň ýerli metbugat tarapyndan sitirlenen sözlerinde aýdylmagyna görä, Russiýa tarapyndan goldanýan we 2016-2020-nji ýyllar aralygynda prezident bolan syýasatçy korrupsiýada, bikanun baýlaşmakda, jenaýat guramasynyň syýasy goldawyny kabul etmekde we haýynlykda güman edilýär.

Moldowanyň iş başyndaky baş prokurory Dumitru Robu Dodonyň 72 sagatlyk saklanandygyny aýtdy.

Dodonyň kanun esasyndaky dogany Petru Merineanu hem, hamala, subutnama bölegini ýuwutjak bolanyndan soň tussag edildi diýip, Baş prokuraturanyň edarasy aýtdy.

Dodonyň Sosialistler partiýasynyň agzalary metbugat ýygnagynda Dodona bildirilýän aýyplamalary ret etdiler.

Olar muny halkyň ünsüni garyplykdan we sosial meselelerden sowmak üçin guralan "iki teňňelik” tomaşa atlandyrdylar we köpçülikleýin protestlere çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG