Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Duterte: Köp adam Putin ikimize ganhor diýýär. Ýöne men çagalary we garrylary öldürmeýärin


Rodrigo Duterte 

Filippinleriň prezidenti Rodrigo Duterte hökümet agzalary bilen geçirýän hepdelik telekonferensiýasynda Ukrainada barýan uruşda parahat adamlary öldürýändigi üçin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini tankyt etdi diýip, "The Independent" gazeti habar berýär.

Duterte Russiýanyň prezidentini ýazgarmaýandygyny, ýöne Putiniň bu hüjümi "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrmagy bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, hakykatda bu Russiýanyň "özygtyýarly döwlete" garşy alyp barýan giň gerimli urşy bolup durýar.

“Köp adam Putine maňa, ikimize-de ganhor diýýär. Men filippinlilere öňden bäri hakykatdanam öldürýändigimi aýdýaryn. Emma men jenaýatçylary öldürýärin, men çagalary we garrylary öldürmeýärin" diýip, filippin prezidenti aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, uruş köp ýurtda nebit bahasynyň ýokarlanmagyna, köp ýurduň, şol sanda filippinleriň hem ejir çekmegine sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG