Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda harby bölümlerdäki gulluk şertleri tapawutlanýar


Harby gullukçylar. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Harby gullukçylar. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ýaşlaryň ýurduň ýaragly güýçlerine harby gulluga alynmagy dowam etdirilýär. Bu möwsüm öz çagalarynyň goşun gullugyndaky ykbaly we howpsuzlygy bilen aladalanýan ene-atalar üçin agyr pursat bolýar. Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary harby gullugyň şertleriniň hemme ýerde birmeňzeş däldigini, köp islenilýän has amatly harby bölümleriň bardygyny habar berýärler.

"Ýurdumyzda baý adamlaryň çagalarynyň gullugy hem ansat. Ministrleriň, baý adamlaryň we tanyşlygy bar adamlaryň çagalary Çülide ýerleşýän harby bölümde gulluk edip bilýärler. Ol ýerde tötänleýin hem-de garyp adamyň çagasy gulluk edip bilmeýär. Diňe güýli tanyşyň we puluň bolmaly" -diýip, Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän harby bölümleriň birindäki şertleri barada habar beren çeşme Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlygyň çeşmelerine we habarçylaryna görä, Çüliniň we Pöwrizäniň arasynda ýerleşýän bu harby bölüm prezident goragynyň ýörite bölümidir. Bu ýörite bölüm, paýtagtdan Çülä barýan uly ýolda "Çüli" dynç alyş öýünden 3 km uzaklykda ýerleşýär, ýöne Pöwrizedäki "döwlet rezidensiýasynyň" obýektlerini goraýar. Bölüm serhet goşunlaryna alynýan esgerlerden düzülýär.

Kartalarda harby bölümiň ýerleşýän ýeri tapylmaýar, hiç hili bellik görünmeýär. Emma Azatlygyň iki habarçysy harby bölümiň çägine bardy, barlag nokadyny we kazarmalaryň ýerleşýän binalaryny gördi.

"Öňden gelişine görä, prezidentiň goragy bilen baglanyşykly hemme zat "tanyşlyk" bilendi. Emma ol ýere alynýanlar güýçli seçilýardi, aýratynam içerki töwerekde gulluk edenler çynlakaý saýlanýardy. Şeýle hem "daşky" töwerekde gulluk edýänler hem bar, olar mysal üçin uçarlary goraýar, şäherdäki ýaşaýyş jaýlary"-diýip, Azatlygyň habarçylaryndan biri gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, öňki ýyllarda prezident goragy bölüminiň esgerleri öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň "Dworýalaryň höwürtgesi" diýilýän sowet döwründe partiýanyň nomenklaturasy üçin gurlan köp gatly öýdäki jaýlaryny goraýardylar.

"Nyýazow ähli köşklerine garamazdan, bu kwartirada hasaba durupdy we şol ýere kämahal barýardy. Ol ölinçä jaý gorag astynda saklandy" - diýip habarçy aýtdy.

Başga bir habarçynyň sözlerine görä, bu bölümdäki gulluk şertleri hem beýlekiler bilen deňeşdirilende ganymat görünýär: “Bu ýerde dedowşina howpy az, hemme ýerde kameralar ýerleşdirilýär we esgerleriň durmuşy gözegçilik astynda saklanýar. Beýleki bölümlerden tapawutlylykda esgerler pagta ýygnamak, köçeleri arassalamak üçin alynmaýar. Olar diňe tomusky dynç alyş lagerindäki çagalara gözegçilik etmek üçin çekilýär. Iýmiti welaýatlardaky we hatda paýtagtdaky harby bölümlerden has gowy, olara börek, palaw, mesge we gowyçörek, miwe suwy we kompot berilýär".

Şeýle-de habarçy harby ýolbaşçylar bilen ylalaşyp, pula kafelerden we restoranlardan nahar sargyt edip getirdip bolýandygyny, esgerleriň jübi telefonlaryny ulanyp bilýändigini we esgerlere hepde soňunda rugsat berilýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy harby bölümiň wekilleri bilen habarlaşyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmeleri bu harby bölüme para berip, girip bolýandygyny aýtdylar, emma anyk mukdaryny aýdyp bilmediler. Çeşmeleriň birine görä, bu bölüme harby gulluga ýerleşmek üçin 1000 amerikan dollarynyň berlen ýagdaýy bolupdyr. Geçen ýyl, ýaz paslynda, Azatlygyň habarçylary Türkmenistanyň has amatly hasaplanýan harby bölümlerine esger ýerleşdirmek üçin paralaryň has uly mukdary barada habar beripdi. Hususan-da, paýtagtda ýa-da Türkmenbaşyda ýerleşýän harby bölümlerde paranyň 10 000 manat ýa-da resmi kurs boýunça 2,857 dollara, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümine ýerleşdirmek üçin paranyň 30 000-den 50 000 manada çenli ýagny resmi kurs boýunça 8 571-14 285 amerikan dollaryna ýetendigi aýdylypdy.

Türkmen goşunyna harby gulluga alynýanlaryň ene-atalarynyň köpüsi gullukdaky iýmit ýetmezçiligi, ýaşaýyş şertleriň agyrlygy we dedowşina howpunyň abanmagy zerarly öz çagalarynyň gullukdaky ykbaly we saglygy barada çynlakaý alada edýärler. Harby gulluga çagyrylanlaryň arasynda ölüm we ýaralanma ýaly ýagdaýlar giňden ýaýran.

Mundan başga-da, ene-atalaryň köpüsi çagalaryny Owganystan we Eýran bilen serhetdäki serhet goşunlaryna ibermekden gorkýarlar. Geçmişde Türkmen-Owganystan serhedinde çaknyşyklar we harbylaryň ölmegi barada birnäçe gezek habar berildi.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu meselede ene-atalar çagalaryny has howpsuz hasaplanýan harby bölümlere ibermek we gulluk döwründe maddy taýdan goldamak üçin bar güýji bilen synanyşýarlar, para bermek üçin zerur mukdardaky puly karz alyp ýa-da emlägini satyp ýygnaýarlar.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli ýylda iki gezek amala aşyrylýar. Harby gulluk hökmany hasaplanýar, ýurtda şertnama esasyndaky harby gulluk we alternatiw gulluk göz öňünde tutulmaýar. Ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, şol sanda daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan ýaşlar okuw döwründe harby gullugy yza tesdirip bilýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG