Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda "ýarawsyz ýaşlar" harby gulluga alynýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda esgerlige saglyk taýdan ýarawsyz ýaşlaryň harby gulluga alynmagy dowam edýär diýip, maryly ene-atalar çagalarynyň saglyk ýagdaýyndan alada edýärler.

Azatlyk Radiosynyň Baýramalydaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, harby gulluga çagyrmagyň soňky möwsüminde bir gözi oňat görmeýän, böwrek näsazlygyndan ýa-da gury agrydan ejir çekýän oglanlaryň ençemesi esgerlige alnyp gidildi.

"Mergeniň gözi çaşy bolup, onuň bir gözi oňat görmeýär. Şu sebäpli ol birnäçe gezek keselhanada ýatyp, saglyk bejergisini aldy. Men bu saglyk bejergileriniň we resminamalaryň esasynda oňa maýyplyk derejesini almaga synanyşdym. Ýöne maýyplygy tassyklaýan saglyk komissiýasy onuň sagatdygy barada netije çykardy. Harby komissiýa hem bu resminamalara garamazdan, ony geçen hepde harby gulluga kabul etdi" diýip, Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşliginden anonimlik şertinde söhbetdeş blan bir ene habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ol saglyk resmilerine ýa-da araçylara para berseň, sagat adama-da maýyplyk derejesini alyp bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Araçylar para berseň, ogluňy maýyplyga çykaryp bereýin diýdiler. Ýöne olar munuň üçin 8000 manat soradylar. Meniň Mergenden basga-da ýene iki çagam bar. Biz günümizi zordan görýäris. Bize şu günki iýjek çöregimiz gaýgy" diýip, türkmengalaly ene aýtdy.

Şeýle-de, ol oglunyň gullukda has-da kösenjekdigini aýdyp, onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, yzyna sag-aman gelmeginden alada edýändigini hem belledi.

"Harby gulluga alnan ýarawsyz ýaşlaryň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, keselhana düşýändigi ýa-da aradan çykýandygy barada häli-şindi eşidýäris" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň habarçysy şuňa meňzeş saglyk problemalary bolan başga-da ençeme oglanyň harby gulluga alnyp gidilendigini aýdyp, munuň harby gulluga alynmaly adamlaryň sanyny dolmak üçin edilýändigini belledi.

"Gurply maşgalalar öz sagat çagalaryny her komissiýa wagtynda keselhanalarda ýatyryp, adam görüp, para berip, harby gulluga ýarawsyz diýip resminama alýarlar. Şeýlelikde, olaryň ýerini esgerlige saglyk taýdan hakykatdan-da ýarawsyz ýaşlar dolmaly bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlary Mary welaýatynyň harby wekilligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary netije bermedi. Bu barada Goranmak ministrliginden hem kommentariý alyp bolmady.

Türkmenistanyň "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" kanunynyň 18-nji maddasynda "saglyk ýagdaýy boýunça bellenilen tertipde harby gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilen raýatlaryň harby gulluga çagyryşdan boşadylýandygy" aýdylýar.

Soňky bir ýarym ýylyň dowamynda türkmen häkimiýetleri goşuna esger çekmek boýunça işlerini güýçlendirdiler. Bu işleriň çäginde esgerlige saglyk taýdan ýarawsyz ýaşlaryň, kanikul döwründe daşary ýurtlardan öýüne barýan studentleriň, şeýle-de okuwyny tamamlap ýetişmedik mekdep okuwçylarynyň zor bilen goşuna alynmagy bilen bagly ýagdaýlaryň onlarçasy boldy.

Bu habarlaryň fonunda türkmen goşunyndaky aýylganç şertler, şol sanda iňňän gowşak azyk üpjünçiligi, kemsitmeler, esgerlere sütem edilmegi we olaryň heläk bolmagy barada hem yzygiderli habarlar peýda bolýar.

Şu aýyň başynda lebaply ene-atalar çagalaryny ýurduň "gowy we howpsuz" harby bölümlerine ýerleşdirmek üçin degişli resmilere para bermäge mejbur bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýaragly güýçlerindäki problemalary resmi taýdan tassyklamaýarlar. Şol bir wagtda-da, olar goşunyň maddy üpjünçiligine döwlet tarapyndan uly üns berilýändigini yglan edip gelýärler.

Raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri Türkmenistanyň prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek - 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG