Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Merkezi Aziýa ýurtlary Ukrainadaky uruş barada näme diýýärler we näme üçin - muny syýasatçy düşündirýär


Illýustrasiýa suraty 

Uruş başlanaly bäri üç aýyň dowamynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetleri Russiýanyň Ukraina çozmagy baradaky pozisiýasyny aç-açan beýan etmediler. Şeýle-de bolsa, käbir resmiler öz ýurtlarynyň "DHR" we "LHR" garaşsyzlygyny ykrar etmeýändigini aýtdylar. Ilki bilen muny Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow aýtdy. Şondan iki gün geçensoň, ol keselhana ýerleşdirildi we bir ýarym aýdan soň hassahanadan sagalyp çykmanka, wezipesinden boşadyldy.

Separatist "DHR" we "LHR" kabul edilmezligi Gazagystanyň Prezident administrasiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Timur Süleýmenow tarapyndan hem yglan edildi. Ol Gazagystanyň diňe BMG derejesinde kabul edilýän kararlara hormat goýýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, Süleýmenow ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan, Russiýa girizilen sanksiýalardan aýlanyp geçmekde, öz ýurdunyň gural bolmajakdygyny aýtdy. Soňra Nur-Sultanyň resmi pozisiýasy barada, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew The National Interest neşirindäki makalasynda, Gazagystanyň we Russiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýratyn goldanýandygyny ýazdy. Şol bir wagtyň özünde, dünýädäki ýurtlaryň aglaba köplügi ýaly, Gazagystanyň Ukrainanyň territorial bitewiligini ykrar edýändigini-de aýtdy.

Urşuň ilkinji günlerinde Russiýanyň resmi metbugaty Gyrgyzystanyň resmi garaýşyny öz bähbitlerine laýygrak ulanmaga synanyşdy. Şeýlelikde, RIA Nowosti gullugy Wladimir Putin bilen Sadyr Žaparowyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşligi wagtynda, hamana, Gyrgyzystanyň prezidentiniň Russiýanyň "Donbasyň asuda ilatyny goramak" hereketini goldaýandygy barada habar berdi. Soňra Žaparowyň metbugat sekretary muňa düşündiriş bermeli boldy: ol Gyrgyzystanyň konfliktiň parahatçylykly çözülmegini goldaýandygyny mälim etdi.

“Açyk jemgyýet” gaznasynyň syýasy bilermeni Alişer Ilhamow Häzirki Zaman telekanalynyň Aziýa programmasynda, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş wagtynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orny we ruslaryň çozuşynyň ykdysady netijeleri barada pikir alyşdy.

Политолог Алишер Ильхамов - о позиции стран Центральной Азии по войне России с Украиной и об экономических последствиях
please wait

No media source currently available

0:00 0:07:33 0:00

— Siziň pikiriňizçe, uruş uzaga çekse, biziň sebitimizdäki döwletler belli bir wagtda: rus, ukrain ýa-da Günbataryň tarapyny tutmaly bolarlarmy?

— Bu ýakyn möhletde bolmasa gerek. Ýöne şeýleräk meýiller güýçlenip biler, sebäbi bu ýerde Moskwa garaşlylyk gaty çylşyrymly. Bu ýerde awtokratik režimlerini berkitmek meselesinde, Moskwa bilen gatnaşyklary saklamaga gyzyklanma bar. Muny biziň Gazagystanyň mysalynda ýaňy-ýakynda görşümiz ýaly, häkimiýetiň Tokaýewiň elinde saklanyp galmagynda, şeýle ara goşulyşmak sebäp boldy. Şonuň üçinem ol ýagdaýy-da ünsden düşürmeli däl. Oňa belli bir syýasy gyzyklanma bar.

— Siz Özbegistan meselesine ýöriteleşýärsiňiz. Geliň, onuň mysalyny alalyň. Özbegistan haýsy ýagdaýda we haçan öz pozisiýasyny aç-açan beýan edip biler? Biziň bilşimiz ýaly, Özbegistanyň öňki Daşary işler ministri öz pozisiýasyny aç-açan beýan edipdi, eýsem ýurduň has ýokary derejeli ýolbaşçylary haýsydyr bir karar berip bilermi?

— Kamilowyň dili bilen Ukrainanyň özygtyýarlygynyň ykrar edilendigini, "LHR-niň" we "DHR-niň" bolsa ykrar ederlikli däldigini häzir özüňiz aýtdyňyz. Ýöne şondan soň geň ýagdaýda, derrew Kamilowy [wezipesinden aýyrdylar]. Şondan soň Kreml Russiýanyň Ukrainada alyp barýan ýörite operasiýasyna Daşkentiň düşünmek bilen garaýandygyny mälim etdi. Şol bir

wagtyň özünde, Daşkent bu sözleri düzetmek we Ukrainanyň özygtyýarlygyny goldaýandygyny gaýtalamak üçin, hiç hili synanyşyk etmedi. Bu ýagdaý bolsa Mirziýoýewiň gaýra çekilendigini we şol beýanatdan yza çekilýändigini açyk görkezýär. Häzirem ol belli bir ugurda bolmakdan saklanýar.

Bu ýerdäki syýasy matlaby göz öňünde tutmak gerek, aýratyn-da Mirziýoýewiň häzirki prezidentlik möhleti tamamlanyp gelýär. Görnüşinden, häzir Mirziýoýewe indiki prezidentlik möhletine dalaş etmek üçin, onuň öňki möhletlerini hasapdan öçürmek taýýarlygyna girişilene meňzeýär. Şonuň bilen baglanyşykda, eger Mirziýoýew prezidentlik möhletini uzaltmak islese, Gazagystanda bolup geçen krizisiň ýüze çykmagyndan ätiýaç edip biler, birden ýüze çykan ýagdaýynda, krizisden gutulmak üçin, Moskwa ýüz tutmak mümkinçiligini ýatda saklaýar.

Şu we beýleki nukdaýnazarlar Mirziýoýew tarapyndan wekilçilik edilýän Daşkende Ukrainadaky söweş bilen baglanyşykly prinsipial pozisiýany aç-açan beýan etmäge mümkinçilik bermeýär. Ykdysady nukdaýnazardan hem meselä aýratyn gyzyklanma bildiriljek ugurlary bar. Russiýa garşy sanksiýalar girizildi. Biz häzirki wagtda Russiýanyň ol sanksiýalardan sowlup geçmegiň ýollaryny gözleýändigini görýäris, hususan-da, Bileleşikdäki döwletlere giren Merkezi Aziýanyň territoriýasyny peýdalanmagy göz öňünde tutýar, ol ýerde öz [işewür gurluşyny] hasaba aldyryp, esasanam harby senagat üçin, zerur bolan import önümlerini, şeýle hem öz önümlerini çykarmagy maksat edinýär.

— Russiýa Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (KHŞG) girýän ýurtlary urşa çekmäge synanyşýar. Siziň pikiriňizçe, bu synanyşyk nä derejede ähtimal?

— KHŞG ýurtlarynyň nähilidir bir ýagdaýda, gönüden-göni gatyşjakdygyna, hatda käbir ýarag böleklerini üpjün etjekdigine, men şübheli garaýan. Biz Russiýanyň agyr ýaraglarynyň, aýratyn-da ýokary takyk urujy ýaraglaryň gutaryp barýandygyny görýäris, şoňa görä olar şeýle ýaraglary käbir soýuzdaş döwletlerinden – Eýrandan, Kuba we KHŞG ýurtlaryndan almak mümkinçiligini gözleýär. Ýöne şu wagta çenli beýle alamatlary göremzok, sebäbi Merkezi Aziýanyň ýurtlary sanksiýalardan hem-de Günbataryň, ABŞ-nyň, Ýewropanyň şeýle negatiw garaýyşdan gorkýarlar, sebäbi şu babatda olar hem [beýlekilere baglydyr], şoňa görä-de ol döwletlerde dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary saklamak islegleri bar.

— Merkezi Aziýa üçin ykdysady netijeler barada aýtsak, sebitimiziň nähili agyr zyýan çekendigi barada, netije çykarmak mümkinmi?

— Ilki bilen migrantlaryň girdejileriniň peselmegi netijesinde, şu ýyl ykdysadyýetiň güýçli pese gaçmagyna garaşylýandygyny görýäris, jemi içerki önüm 10%-e çenli, belki, ondan hem köpräk aşaklap biler. Bu aýratyn-da Russiýada zähmet migrantlarynyň gatnaşýan birnäçe ykdysadyýet pudaklaryna täsir eder. Mundan-da möhümi, Bütindünýä bankynyň çaklamalary bar, meselem, käbir girdejileriň, Russiýadan Özbegistana iberilýän pul serişdeleriniň düýpli azalmagyna garaşylýar. Ol girdejiler bolsa Özbegistanda, Täjigistanda we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda, şol sanda Gyrgyzystanda jemi içerki önümiň ep-esli bölegini emele getirýär.

Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň çäginden geçýän gatnaw zynjyrlary we ugurlary bozulýar. Indi Özbegistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary işjeň alternatiw ýollary gözleýärler. Diňe Merkezi Aziýanyň ýurtlary däl, hatda Hytaý hem häzir sowlup geçmek ýollaryny agtarýar. Mysal üçin, Hazardan Transkawkaza we ondan aňyry Ýewropa barýan demir ýollary gözleýär. Munuň bilen Özbegistan hem gyzyklanýar. Günorta tarapda – Owganystanyň üstünden, Pakistana tarap käbir tagallalaryň edilýändigini görýäris, şol hatarda Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa demir ýol gurmak boýunça işler gaýtadan dikeldilýär. Şeýle hem Özbegistanyň Hytaýdan Ýewropa barýan bu ugur bilen gyzyklanjakdygyny görýäris.

Şawkat TUGAÝEW, "Nastoýaşeýe Wremýa"

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG