Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Serdar Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglady


Türkmen prezidentiniň bu sylagy Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglady, bu baradaky karar kanuny maglumatlaryň resmi internet portalynda çap edildi diýip, Russiýanyň “Nowosti” habar gullugy 18-nji maýda habar berdi. Mundan öňki ýyllarda Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy, onuň atasy Berdimuhammet Annaýewi orden-medal bilen sylaglasa, G.Berdimuhamedow W.Putini orden bilen sylaglaýardy.

"Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly goşandy üçin Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglamaly” diýip, kararda aýdylýar.

Türkmen prezidentiniň bu sylagy Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

W.Matwiýenke Aşgabada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna, sebitiň zenanlar dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin geldi.

Türkmen prezidenti duşuşykda Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, “Russiýa Federasiýasy hemişe ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy boldy we şeýle bolmagynda-da galar” diýdi.

“Döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan uly goşandy” sebäpli, W.Matwiýenko Türkmenistanda “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglandy.

Habarda myhmanyň türkmen liderine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýanyň hökümet başlygy Mihail Mişustiniň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirendigi hem bellenip geçilýär.

Federasiýa Geňeşiniň maglumatyna görä, myhman söhbetdeşine Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň salamyny we Russiýa sapar etmek baradaky çakylygyny hem getirdi. Emma TDH bu çakylygy agzamaýar.

Ýatlatsak, Putin 2018-nji ýylda, türkmen kärdeşiniň doglan gününe gabatlap, onuň atasyny uruşda görkezen batyrlygy we gaýduwsyzlygy üçin “Edermenlik” medaly bilen sylaglady.

Ondan öň, 2017-nji ýylda W.Putin Berdimuhamedowy Orsýetiň Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglady.

Aleksandr Newskiý ordeni şondan öň 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan 6 türkmene berlipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG