Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sanksiýalar döwründe Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň geljegi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin wideokonferensiýa arkaly Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň sammitine gatnaşýar. 2022-nji ýylyň 27-nji maýy.

Halkara habar beriş serişdeleri Ukraina garşy alyp barýan harby agressiýasyna jogap hökmünde, Russiýa girizilen sanksiýalaryň barşynda, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝAYB) geljegi barada ýazýarlar. Izolýasiýanyň güýçlenýän ýagdaýynda, Moskwanyň az sanly hyzmatdaşyndan goldaw almak isleýändigini habar serişdeleri belleýärler, ýöne şol bir wagtyň özünde, çäklendirmeleriň we Kremliň kararlarynyň ýaramaz netijelerini başdan geçirýän Merkezi Aziýa ýurtlaryna Moskwa kömek bermäge howlukmaýar.

MOSKWA NÄHILI GOLDAW GÖZLEÝÄR WE NIÇIK BASYŞ EDÝÄR

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýa garşy girizilen sanksiýalar sebäpli Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝAYB) hyzmatdaşlaryndan goldaw agtarýar, emma integrasiýa birleşiginiň agzalary seresap bolmaga çalyşýarlar diýip, Nikkei Asia ýapon neşiri ýazýar.

Geçen anna güni, 27-nji maýda, Bişkekde ÝAYB sammiti geçirildi. Sammite gatnaşmak üçin, Gyrgyzystanyň paýtagtyna ýeke-täk lider Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geldi. Sammite Putin, Belarusyň lideri Aleksandr Lukaşenka we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

ÝAYB sammitine gatnaşyjylar
ÝAYB sammitine gatnaşyjylar

Neşiriň awtory, Almatyda ýaşaýan publisist Pol Bartlett bellemegine görä, Moskwa ýaranlaryň Russiýany açyk goldamagyny isleýär. Emma ÝAYB agzalary Russiýanyň Ukraina çozup girmeginden soň, kyn ýagdaýa düşdüler, olar Russiýa garşy girizilen sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz boldular, netijede Moskwa bilen ykdysady we harby gatnaşyklary saklamakda kynçylyk çekýärler.

"Moskwa ÝAYB agzalaryny Russiýany aç-açan goldamaga mejbur etmek üçin, sammiti peýdalanyp bilerdi" diýip, ABŞ-nyň Daşary syýasaty öwreniş institutynyň barlagçysy Maksimilian Hess hasap edýär. Bilermeniň pikirine görä, häzir bileleşigiň durmuşa ukyplylygyny kesgitlän aýgytly pursat geldi.

Bileleşigiň göz öňünde tutulýan topara öwrülip biljekdigi, hakykat ýüzünde hut şeýle-de bolmalydy, ýagny hakyky ykdysady integrasiýa guraly bolup biljekdigi hem-de söwda päsgelçiliklerini ýeňip geçjekdigi bu sammitde açyk synagdan geçmelidi" diýip, bilermen aýdýar.

Hessiň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýanyň iki döwleti bolan Gazagystan bilen Gyrgyzystan sammitiň “kän bir janköýerliksiz” geçmegini isleýär. Olar Moskwany goldaýandyklaryny görkezmäge synanyşýarlar, ýöne beýleki bir tarapdan, sanksiýalardan sowa galmak üçin, Russiýa ýardam berýär diýiläýjek hereketlerden gaça durmaga synanyşýarlar.

Russiýa bilen serhetleşýän Gazagystan ilatynyň 18%-i etniki ruslar bolansoň, “demirgazykdaky agressiw goňşusyny gaharlandyrmakdan gorkýar”. Şeýle-de bolsa, olaryň käbir hereketi Moskwanyň "gaharyny getirýär" diýip, Bartlett ýazýar. Meselem, Nur-Sultanyň Donbasdaky separatistik bölünişigi ykrar etmekden ýüz öwrendigini, Almatyda Ukrainany goldap ýöriş geçirilmegine ygtyýar berilmegini hem-de 9-njy maýda geçiriljek harby paradyň ýatyrylmagyny belläp geçýär.

Moskwa Merkezi Aziýadaky ýaranlaryna basyş edýär diýip, awtor hasaplaýar hem muňa mysal hökmünde Gazagystanyň nebitiniň agramly böleginiň eksport edilýän Noworossiýsk portundaky enjamlaryň näsazlygyny ýada salýar. Ol neşiriň ýazmagyna görä, Russiýanyň mart aýynda galla eksportyny birtaraplaýyn gadagan etmegi Gazagystanda ol bileleşigiň geljeginiň boljakdygyny ýa-da ýokdugyny ýatlatdy. Syýasata gaýdyp gelen gazak telekeçisi Bulat Abilow ýurduň ÝAYB-dan çykmagyny talap edýän partiýa döretmek meýilnamasyny yglan etdi. Graždan aktiwisti Rysbek Sarsenbaýuly mart aýynda Nikkei Aziýa neşirine beren interwýusynda, "bileleşigiň Gazagystanyň ykdysady ösüşine päsgelçilik döredýändigini we onuň Gazagystany syýasy taýdan Russiýa garaşly edýändigini" aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Hess neşir bilen söhbetdeşlikde, ol bileleşigiň öňünde durýan dürli kynçylyklara we sanksiýalaryň ýaramaz netijelerine garamazdan, Gazagystanyň ýakyn wagtda ÝAYB-dan çykmaga "mümkinçiligi gaty az" diýip hasaplaýar.

«RUSSIÝANYŇ HAÝYŞYNY ÖDEMEÝÄN» MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY

Amerikanyň barlaglar merkezi Jamestown Foundation neşiri Russiýa garşy girizlen sanksiýalaryň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirýändigini ýazýar. "Ukraina çozup girenden soň, Moskwa Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetini petige direlmäge mejbur etdi, ol indi hyzmatdaşlaryna ýardam goluny uzatmagyň deregine günäni sanksiýa girizen Waşingtona ýükleýär" diýip, makalada aýdylýar.

Harytlary üpjün etmek we aragatnaşyk zynjyrynyň yzygiderliliginiň arasynyň bökdelmegi, ýakyn wagtda döräp biläýjek azyk krizisi, walýutanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, inflýasiýanyň ýokary bolmagy hem-de işçi migrantlarynyň Russiýadan gaýdyp gelmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan käbir agyr meselelerinden diňe bir bölek bolup durýar.

Daşkentde ýaşaýan garaşsyz barlagçy Fozil Maşrabyň ýokarda ýatlanan neşirde ýazmagyna görä, Russiýa tarapyndan hiç hili düýpli kömek ýokdugy sebäbli, sebitdäki ýurtlar ykdysadyýete edilýän zarbalary ýumşatmak maksady bilen ABŞ we Ýewropa Bileleşigine ýüz tutmaga mejbur bolýarlar. Moskwanyň ýokary wezipeli resmileriniň Günbatara garşy duşmançylykly sözleri diňe bir Merkezi Aziýada ýaňlanman, eýsem Kremliň Ukrainadaky agressiw hereketlerinden we görnüp duran biperwaýlygyndan has köp aladalanýan sebit ýolbaşçylarynyň gaharyny getirýär diýip, awtor hasap edýär.

Ukrainada alyp barýan urşuny aklamak üçin, rus resmileri ýaranlar bilen duşuşyklarda Amerikany ýazgarýarlar. GDA-nyň daşary işler ministrleriniň 16-njy maýda Duşanbe şäherinde geçiren ýygnagynda, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Waşingtony Russiýanyň post-Sowet respublikalary bilen söwda gatnaşyklaryna zyýan ýetirmäge synanyşmakda aýyplady.

"Elbetde, rus resmileriniň ol sözleri GDA ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň bäş respublikasynyň arasynda başlanan ykdysady başagaýlyga Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek kararyn gönüden-göni sebäp bolýandygyny ýaşyrmak üçin aýdýandygyny görkezýär" diýip, Maşrab ýazýar.

“Merkezi Aziýa bilen söwda gatnaşyklaryny we özüniň syýasy täsirini saklamak we urşuň ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin, Russiýa nähilidir bir göze görnerlik kömegi öňe sürüp bilmedi... Munuň tersine, Russiýa tarapyndan däne, şeker we beýleki harytlaryň eksportyny gadagan etmek ýaly käbir soňky çäreler Merkezi Aziýanyň onsuzam agyr sosial-ykdysady ýagdaýyny hasam çylşyrymlaşdyryp biler" diýlip, makalada bellenýär.

Syýasy barlagçynyň sözüne görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri Russiýa tarapyndan döräp biljek öjükdirmelerden, aýratyn-da içerki syýasatda (Gazagystanda ýanwar aýynda bolup geçen wakalary ýaly) prowokasiýalardan we daşardan abanýan howplardan, esasanam owgan terrorçy toparlarynyň hüjümlerinden gorkýarlar. "Şol sebäplere görä, olar Russiýanyň Ukraina hüjümini aç-açan ýazgarmaýarlar we bitaraplygy saklaýarlar".

Jamestown Foundation neşiriniň ýazmagyna görä, Merkezi Aziýanyň ýurtlary ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary çäklendirmek baradaky Moskwanyň haýyşyny ýerine ýetirmekden ýüz öwürdiler. "Bu saýlanan ugur sebite möhüm ykdysady kömek we goldaw Russiýadan däl-de, Günbatardan gelýänçä güýçlener" diýip, barlagçy sözüni jemleýär.

QUAD MAKSATNAMASYNDA MERKEZI AZIÝANYŇ ORNY NÄHILI?

ABŞ-ny, Awstraliýany, Ýaponiýany we Hindistany öz içine alýan Hindi-Ýuwaş okean dört taraplaýyn howpsuzlyk (QUAD) meýilnamasy Merkezi Aziýany öz içine alarmy? Bu meselä jogabyny Amerikanyň Diplomat žurnaly agtarýar.

24-nji maýda Tokioda geçirilen dörtleriň” sammitinde dört ýurduň ýolbaşçylary Hindi-Ýuwaş okean sebitinde erkinligi we aç-açanlygy öňe sürýän parahatçylyk düzgünlerini, gymmatlyklaryny we kadalaryny goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Makalanyň awtorlary, Tokiodaky Seikei uniwersitetiniň professory Keý Hakata we Abu-Dabidäki Halifa uniwersitetiniň professory Brendon Kennon Russiýanyň Ukraina çozmagy QUAD ýurtlarynyň agzybirliginiň synagydygyny we guramanyň içindäki çatlary açandygyny aýdýarlar.

Barlaylar dört ýurda öz strategiýalaryny (gury ýerde däl-de, esasan deňzi nazarda tutup), giňeltmegiň gereklidigini belleýärler. Bu Ýewraziýadaky awtoritar gurluşlaryň ýolbaşçylygyndaky Pax Eurasiana — gegemon ulgama garşy durmak üçin gerek. Deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa Russiýanyň we Hytaýyň täsiri astynda galýar, munuň özi aýratyn üns berilmegine mynasyp diýip, awtorlar ýazýarlar. Russiýanyň "ýeri köpräk almak" islegi göz öňünde tutulanda, Gazagystanyň we Özbegistanyň dörtlük üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup biljekdigine barlagçylar ynanýarlar.

Barlagçylaryň bellemegine görä, QUAD ýurtlarynyň Merkezi Aziýa boýunça pozisiýalary gabat gelmän biler. Eger Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Ýaponiýa Hindi-Ýuwaş okean meýilnamasyny giňeltmek isläp, Merkezi Aziýa ünsi has güýçlendirýän bolsa, Hindistan Russiýanyň pozisiýasyna zyýan ýetirip biljek ädimi ätlemese gerek. Şol bir wagtyň özünde, bu sebit Awstraliýa üçin, kän bir gyzyklanma döretmän biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG