Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pussy Riot pank toparynyň Türkmenistanyň raýaty bolan gatnaşyjysy Horwatiýada saklandy


Aýsoltan Nyýazowa 2011-nji ýylda Interpol tarapyndan gözlenilýärdi, ýöne Interpoluň häzirki maglumat bazasynda onuň ady ýok.

Pussy Riot rus pank toparynyň Türkmenistanyň raýaty bolan gatnaşyjysy Aýsoltan Nyýazowa Horwatiýanyň Bregana şäherinde saklandy. Habar berilmegine görä, Nyýazowa Türkmenistanyň Interpola beren haýyşnamasy esasynda saklandy. Aşgabat Nyýazowanyň tussag edilmegi üçin 2003-nji ýylda gurama ýüz tutupdyr. Ekstradisiýa karary horwat kazyýeti tarapyndan kabul ediler.

Görnüşinden, Türkmenistan Nyýazowany ýurduň Merkezi bankyndan onlarça million dollar pul ogurlamakda aýyplap, 2003-nji ýylda onuň tussag edilmegi boýunça order çykarypdyr. Aýdylýan ogurlyk hadysasy entek 2002-nji ýylda bolup geçipdir. Pussy Riot toparynyň agzalary horwat köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren kommentariýlerinde Nyýazowa garşy bildirilýän aýyplamalaryň galplaşdyrylandygyny, sebäbi onuň kakasynyň 2002-nji ýylda şol wagtky türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hökümeti tarapyndan tussag edilen ýüzlerçe adamyň biri bolandygyny aýtdylar.

Azatlygyň maglumatlaryna görä, türkmen aktiwistiniň kakasy Gurbanmyrat Nyýazow 2002-nji ýylyň başlarynda parahorluk bilen bagly galplaşdyrylan iş boýunça tussag edildi we türmede ýürek keselinden aradan çykdy. Ol Sowetler döwründe we 1990-njy ýylyň başlarynda içeri işler edaralarynda işledi. Munuň yz ýany, ol adwokat bolup işde galdy we oppozisiýaçylary hem-de aktiwistleri goramak bilen meşgullandy. Nyýazow 2002-nji ýylyň başlarynda müşderileriniň biri bilen geçiren duşuşygynyň yz ýany, para almakda aýyplanyp saklandy.

“Gurbanmyrat Nyýazow islendik mesele barada dogrusyny aýdýardy, açyk gürrüň edýärdi. 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda hökümete garşy guralan proteste gatnaşanlaryň sudunda ol öz müşderisiniň hiç bir günäsiniň ýokdugyny, kanuny bozmandygyny, hereketinde jenaýatyň ýokdugyny aýdyp, oňa garşy gozgalan işi ýatyrmagy talap etdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň şol döwürleriň tutha-tutlugyndan ýakyndan habarly gürrüňdeşi Horwatiýada tussag edilen türkmen aktiwistiniň kakasyny ýatlaýar.

Aýsoltan Nyýazowa pank toparynyň Riot Days urşa garşy saparlaryna gatnaşýardy. Topar agzasynyň sözlerine görä, Nyýazowa geçen hepde Sloweniýada saklandy, ýöne 10 sagat soňra kazyýet karary bilen boşadyldy. Şondan soň topar Horwatiýa barýar, Sloweniýa bilen aradaky serhetde aktiwist tussag astyna alynýar.

Aýsotlan Nyýazowa 2011-nji ýylda ogly bilen Şweýsariýada ýaşap ýören wagty tussag edilýär. Ýöne ol şonda Moskwanyň haýyşy boýunça Russiýa ekstradisiýa edilýär. Ol Russiýada maliýe jenaýatlary bilen bagly aýyplamalar boýunça bäş ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Aýsoltan Nyýazowany tussag etmek baradaky order türkmen häkimiýetleri tarapyndan çykarylmazdan ozal, ol Russiýanyň täjirçilik banklarynyň birinde işleýärdi.

Nyýazowa 2011-nji ýylda hakykatdan-da Interpol tarapyndan gözlenýänleriň sanawyndady. Ýöne, bellemeli ýeri, häzirki wagtda halkara polisiýanyň internetde elýeterli bolan maglumat bazasynda Aýsoltan Nyýazowanyň adyny tapyp bolmaýar.

Nyýazowa türmede Pussy Riot toparynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Mariýa Alýohina bilen tanyşýar. Alýohina şol wagtlar pank toparyň Moskwadaky Halasgär Mesihiň kilisesinde geçiren şowhunly çykyşy üçin türme möhletini ýerine ýetirýärdi.

Nyýazowa, adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan gynamalarda, eden-etdilikli tussag etmelerde we ýüzlerçe adamyň türmelerde zorlukly ýitirim edilmeginde aýyplanýan Türkmenistana ekstradisiýa edilmek howpy abanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG