Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Urşuň 100-nji gününde ukrain güýçleri gündogardaky rus çozgunyna garşy durýar


Ukrainanyň Slowýansk şäherine urlan howa zarbasyndan soň, öýüniň harabaçylygynda goşlaryny gözleýän aýal.
Ukrainanyň Slowýansk şäherine urlan howa zarbasyndan soň, öýüniň harabaçylygynda goşlaryny gözleýän aýal.

Ukrain güýçleri gündogardaky möhüm Sewerodonetsk şäherinde gazaply rus hüjümlerine gaýtawul bermegi başardy diýip, prezident Wolodymyr Zekenskiý aýtdy. 3-nji iýunda Moskwanyň Ukraina garşy esassyz çozuşyna 100 gün dolýar.

Bu aralykda, NATO çaknyşygyň “surnukdyryjy urşa” öwrülendigini aýtdy. Russiýanyň çalt ýeňiş gazanmak babatdaky deslapky maksady başa barmady.

“Biz Sewerodonetskdäki söweşlerde käbir üstünlik gazandyk” diýip, Zelenski 2-nji iýunda giç agşamky ýüzlenmesinde aýtdy, “ýöne heniz bir zat aýdardan ir” diýip, ol sözüne goşdy. Ol umumy ýagdaýyň “gaty agyr ” bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi özüniň 3-nji iýunda çap eden gündelik aňtaw çaparynda, Russiýanyň asyl meýilnamalary bilen deňeşdirilende, Moskwanyň strategiki maksatlarynyň hiç haýsyna ýetip bilmändigini aýtdy.

“Rus güýçleri özleriniň Kiýewi hem-de ukrain merkezlerini ele geçirmek baradaky deslapky maksatlarynyň hiç haýsyny amala aşyryp bilmedi” diýip, britan hasabatynda aýdylýar. “Berk ukrain garşylygy we [Kiýewiň golaýyndaky] Hostomel howa meýdançasynyň ilkinji 24 sagatda alnyp bilinmezligi rus hüjüm operasiýalarynyň yza tesmegine getirdi” diýip, hasabatda aýdylýar.

Waşingtonyň wada beren ösen ýaraglaryna garaşýan ukrain güýçleri rus goşunlaryna garşy durmakda kynçylyk çekýän mahaly, ukrain resmilerine görä, 80 göterimine rus güýçleri tarapyndan gözegçilik edilýän Sewerodonetskde öýme-öý uruş barýar.

Luhansk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Haýdaý 800 töweregi adamyň, şol sanda çagalaryň şäherdäki bir himiýa zawodynyň ýerzeminindäki bomba gaçybatalgasynda gizlenýändiklerini aýtdy. Haýdaý olaryň ozal şäheri terk etmekleri soralan, ýöne muny ret eden ýerli ýaşaýjylardygyny aýtdy.

3-nji iýunda ukrain güýçleri basylyp alnan günorta Herson sebitindäki rus pozisiýalaryna eden hüjümlerinde möhüm öňegidişlik gazanandyklaryny aýtdy. AZOW Dnepr Territorial goranyş bölümçesi öz güýçleriniň “basylyp alnan territoriýanyň” sekiz kilometr çägini azat edendigini aýtdy.

Günbatar resmileri ösen ýarag ulgamlarynyň Ukraina gowşurylmagynyň üç hepde töweregi wagt alyp biljekdigini çaklaýarlar, ukrain güýçleri bolsa rus agressiýasyna taýýarlyk görýär.

Has ozal, 2-nji iýunda Zelenski Lýuksemburg parlamentinde eden wideo ýüzlenmesinde Ukrainanyň territoriýasynyň bäşden bir bölegine Russiýanyň gözegçilik edýändigini aýtdy. Bu 125 müň inedördül kilometre barabar, ýa-da Zelenskiniň aýdyşy ýaly “tutuş Beneluksdan hem uly”. Beneluks Belgiýanyň, Niderlandiýanyň we Lýuksemburgyň atlarynyň gysgaltmasydyr.

Britan aňtawyna görä, gündogar Ukrainanyň Luhansk sebitiniň 90 göterimden gowragyna Russiýa gözegçilik edýär hem-de onuň öňümizdäki iki hepdäniň dowamynda tutuş sebiti öz kontrollygyna almagy mümkin.

Ýöne britan hasabaty Russiýanyň soňky taktiki üstünlikleri üçin resurs babatda ýokary töleg töländigini we bu meýliň dowam etmeginiň mümkindigini aýtdy.

Waşingtonda, NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg çaknyşygyň “surnukdyryjy urşa” öwrülendigini aýtdy.

"Uruşlar tebigaty boýunça öňünden çak edip bolmaýan zat bolýar, şu sebäpden biz munuň uzaga çekmegine taýyn bolmaly" diýip, Stoltenberg Baýden bilen Ak tamda duşuşandan soň, žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Uruş gepleşik stolunda tamamlanjaga meňzeýär, gepleşikleriň dowamynda bolup geçýän zatlar "ýerlerdäki ýagdaý bilen ýakyndan baglanyşykly" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kiýewde, ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi Zelenskä ynanç hatyny gowşurandan soň, ABŞ-nyň harby ýardamlaryny gowşurmagyň tijendirilýändigini aýtdy.

“Meniň düşünişime görä, örän çalt, birnäçe günüň içinde belki-de ondan hem az wagtda tehnika ukrainlaryň elinde bolar” diýip, ilçi Bridjet Brink aýtdy.

Ýöne ýokary derejeli Pentagon resmileri iň ösen ABŞ raketa ulgamlarynyň, 80 kilometr aradaşlykdan nyşany urup bilýän HIMARS-laryň söweş meýdanyna gowuşmagy üçin azyndan üç hepdäniň gerekdigini aýtdy. Bu bolsa ýaraglaryň Russiýanyň haýal ýöne yzygiderli ilerlemesini togtadyp biljekdigi ýa-da däldigi barada sorag döretdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow 2-nji iýunda Günbataryň üpjün edýän ýaraglary Russiýa garşy ulanylsa, “düýbünden islenilmeýän we örän ýakymsyz ssenariýler” barada ýene duýduryş berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG