Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogarda gazaply söweşler barýar, ABŞ Ukraina has ösen raketa ulgamlaryny berýär


Gündogar Ukraina
Gündogar Ukraina

Rus güýçleriniň häzirki wagtda Donbasdaky Sewerodonetsk şäheriniň esasy bölegine gözegçilik etmegi bilen, gündogar Ukrainadaky söweşler möwjemegini dowam etdirdi, Birleşen Ştatlar bolsa şu aralykda Kiýewe has uzak aralyga atýan raketa ulgamlaryny iberip, has güýçli ýaraglara we has kän harby güýje garşy durýan ukrain güýçleriniň kuwwatyny artdyrar.

Emma muňa garamazdan, ýokary tehnologiýaly ýaraglaryň iberilmegi Kiýew tarapyndan gaýta-gaýta talap edilen uzak aralyk ulgamlarynyň berilýändigini aňlatmaýar.

Ukraina raketalary Russiýanyň içine zarba urmak üçin ulanmazlyk barada "kepillik" bereninden soň, ABŞ Kiýewi Himars (himarlar) diýlip atlandyrylýan kämil artilleriýa raketa ulgamy bilen üpjün etmäge razy boldy diýip, ýokary derejeli dolandyryş resmisi aýtdy.

"Biz ukrainalylary has ösen raketa ulgamlary we ok-däriler bilen üpjün ederis, bu olara Ukrainadaky söweş meýdanlarynda esasy nyşanalara has takyk zarba urmaga mümkinçilik berer" diýip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 31-nji maýda "Nýu-Ýork Taýms" gazetinde çap edilen makalasynda bu gelen kararyny tassyk etdi.

Himarlar (US M142 High Mobility Artillery Rocket System)
Himarlar (US M142 High Mobility Artillery Rocket System)

Luhansk sebit harby administrasiýasynyň başlygy söweş meýdanynda hem ukrain goşunlarynyň, hem rus goşunlarynyň, iki tarapda hem agyr ýitgileri çekendiklerini, rus goşunlarynyň häzir Sewerodonetskiň köp bölegine gözegçilik edýändigini aýtdy.

"Ruslar Sewerodonetskiň merkezinde birleşip, infrastrukturany we senagat desgalaryny ýykyp-ýumurmagy dowam etdirýärler" diýip, Serhiý Haýdaý 1-nji iýunda Telegramda ýazdy.

Britan Goranmak ministrligi 1-nji iýunda Twitterde ýerleşdiren gündelik habarynda "şäheriň ýarysyndan gowragy häzir rus güýçleri, şol sanda çeçen söweşijileri tarapyndan basyp alnana meňzeýär" diýdi.

Britan aňtaw gullugynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, Russiýa Donbasyň daşynda "Ukrainanyň hemme ýerindäki infrastruktura garşy uzak aralyga ýetýän raketa zarbalaryny urmagyny dowam etdirýär".

Haýdaý rus howa zarbasynyň Sewerodonetskdäki himiýa zawodynda azot kislotasy guýlan boçka gelip urandygyny aýtdy. Ol şäheriň galan ýaşaýjylarynyň öýlerinden çykman oturmagy barada duýduryş berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski urulýan howa zarbalarynyň "däliräne" dönendigini, ýöne munuň "rus goşunlary, rus serkerdeleri, rus esgerleri üçin geň däldigini, olar üçin islendik däliçiligiň kabul ederlik bir zat bolandygyny” aýtdy.

Şeýle-de, Zelenski ukrain güýçleriniň günortadaky Herson şäheriniň golaýynda belli bir derejede üstünlik gazanyp, Kiýewiň gündogaryndaky Harkow sebitiniň käbir böleklerinde öňe süýşendigini habar berdi.

"Rus goşunynyň harby enjam we esger sany taýdan düýpli artykmaçlygyna garamazdan, biziň goragçylarymyz aňrybaş derejede gaýduwsyzlyk görkezýärler we frontdaky ýagdaýyň hojaýyny bolup galýarlar" diýip, ol özüniň öten agşam eden ýüzlenmesinde nygtady.

Ruslaryň ilerlemegine garşy durmak üçin, Ukraina berilýän 700 million dollarlyk täze howpsuzlyk kömeginiň çäginde, Waşington Kiýewe HIMARS raketa ulgamlaryny hem iberýär. Olar 1-nji iýunda aýan edilmegine garaşylýan 700 million dollarlyk ýarag bukjasynyň bir bölegi bolar. Täze ýarag bukjasyna ok-däriler, garşylykly ot açýan radarlar, birnäçe howa gözegçilik radarlary, tanka garşy ulanylýan “Jawelin” raketalary we bronly ýaraglara garşy ýaraglar hem bar diýip, ABŞ administrasiýasynyň wekili aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň tassyklamagyna görä, Ukraina 80 kilometre çenli nyşana takyklyk bilen urup bilýän ösen raketa ulgamlary bilen üpjün ediler.

Baýden Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň diplomatiýa arkaly tamamlanjakdygyny, ýöne gepleşikleriň barşynda Ukrainanyň has ýokary tutumlarynyň bolmagy üçin Birleşen Ştatlaryň Kiýewi möhüm ýaraglar we ok-däriler bilen üpjün etmelidigini aýtdy.

ABŞ resmisi žurnalistlere Himarlar raketa ulgamlarynyň häzirki wagtda Ukrainada ulanylýan howitserlerden has uzak aralyga ýetýändigini aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Himarslar täze ýarag bukjasynyň esasy bölegi bolup, ukrainalylaryň olary Donbasda rus artilleriýasyna garşy söweşýän wagtlarynda, gijikmän almagy barada tagalla edilýär.

ABŞ-nyň öňdebaryjy raketa ulgamlary bilen üpjün etmek karary Ukrainanyň Russiýanyň dyngysyz artilleriýa zarbalaryna garşy durmagyna kömek bermek islegi bilen bir hatarda, Kiýewi Russiýanyň has içindäki nyşanalara hüjüm edip, konflikti güýçlendirip biljek ulgamlar bilen üpjün etmezligiň arasynda, gazaply uruş wagtyndaky deňagramlylygy saklamak synanyşygy bilen bagly. Ýogsa Kiýew Waşingtondan has güýçli ýaraglary, şol bir wagtda has köp raketa atýan we 300 km aralyga çenli ýetýän ulgamlary soraýardy.

Russiýanyň harby resmileri Baýdeniň Ukraina beriljek raketa ulgamyny tassyklap aýdan sözleri "Nýu-Ýork Taýms" gazetinde çap edileninden gysga wagt soň ýurduň ýadro güýçleriniň Iwanowo sebitinde türgenleşik geçirýändigini aýtdylar diýip, "Interfaks" habar gullugy habar berdi.

XS
SM
MD
LG