Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslar Sewerodonetskiň köp bölegini ele geçirdi, Kiýew täze ýaraglara garaşýar


Söweşde weýran bolan rus tanklary
Söweşde weýran bolan rus tanklary

Kiýewiň gündogar Ukrainadaky söweşde ABŞ-nyň we Germaniýanyň berjek juda wajyp we döwrebap ýaraglarynyň gelip gowuşmagyna garaşmagy bilen, rus goşunlary öýme-öý diýen alnyp barlan gazaply söweşleriň arasynda Donbasyň esasy şäheriniň, Sewerodonetskiň köp bölegini ele geçirdi, Moskwa ukrain goragçylaryna beriljek kämil ýaraglary nazarda tutup, gündogar Ukrainadaky urşuň üstüne ‘ýag guýmazlyk”, ýagny ony has öjükdirmezlik barada duýduryş berdi.

Ukrain güýçleri Sewerodonetskiň 20 göterimini elde saklaýar, şäheriň 60 göterimden gowragy ruslaryň gözegçiligine geçdi, galan ýerler “hiç kimiň ýurduna” öwrüldi diýip, şäheriň ukrain dolandyryşynyň başlygy Oleksandr Strýuk 1-nji iýunda aýtdy.

Öz ýerleşýän ýerini aýtmakdan saklanan Strýuk şäherde gazaply söweş alyp barýan ukrainalylaryň şindi hem Russiýanyň bu şäheri doly gözegçilik astyna almagynyň öňüni alyp biljekdiklerine umyt edýändigini aýtdy.

Şäheriň "20 göterimi biziň ýaragly güýçlerimiz tarapyndan berk goralýar" diýip, Strýuk sözüniň üstüni ýetirdi.

"Bizde umyt bar, hiç bir zada garamazdan, şäheri azat ederis we onuň tutuşlygyna basylyp alynmagyna ýol bermeris" diýip, ol şäherde 12 müňden 13 müňe çenli adamyň azyksyz, suwsuz ýagdaýda, gabaw astynda galandygyny hem sözüne goşdy.

"Ukrain goşunlarynyň bir bölegi häzir has amatly, öňünden taýýarlanan ýerlere yza çekildi, goşunlaryň galan bölegi şäheriň içindäki söweşlerini dowam etdirýär" diýip, Luhansk sebitiniň harby dolandyryş edarasynyň başlygy Serhiý Haýdaý aýtdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Oleksandr Motuzýanik Sewerodonetskde köçe söweşleriniň bolandygyny we ruslaryň häzir şäher merkezine gelip ýetendigini aýtdy.

"Ukrainanyň ýaragly güýçleri olara işjeň garşylyk görkezýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eger-de ruslar Sewerodonetskini öz gözegçiligine geçirseler, onda olar onuň içinde artilleriýa we minomýot toplaryny gurarlar we derýanyň aňyrsynda heniz ukrain gözegçiliginde galýan Lisiçansk şäherine atýan bombalaryny köpelderler diýip, Haýdaý 1-nji iýunda Telegramda çap eden ýazgysynda aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski gündogardaky ýagdaýy "örän kyn" diýip atlandyrdy we 1-nji iýunda ABŞ-nyň "Newsmax" habarlar toparyna beren interwýusynda Ukrainanyň söweşde her gün 60-dan 100-e çenli esger ýitirýändigini we 500-e golaý adamyň ýaralanýandygyny aýtdy.

Britan Goranmak ministrligi 1-nji iýunda Twitterde ýerleşdiren gündelik habarynda, öz hasaplamalaryna görä, "şäheriň ýarysyndan gowragynyň rus güýçleri, şol sanda çeçen söweşijileri tarapyndan eýelenen bolmagynyň ähtimaldygyny” öňe sürdi.

Şeýle-de, britan aňtaw gullugynyň hasabatynda ruslaryň Donbasdan başga ýerlerde hem, uzak aralyga atýan raketa hüjümlerini ulanyp, "ukrain infrastrukturasyny nyşana almagy dowam etdirýändikleri” bellenýär.

1-nji iýunda günbatar Lwow şäherine edilen ganatly-raketa hüjüminde bäş adam ýaralandy diýip, şäher resmileriniň biri aýtdy.

Rus goşunlary ýaranlaryň ýangyç we ýarag üpjünçiligini togtatmak maksady bilen demirýol ötügine hüjüm etdiler diýip, ol resmi sözüniň üstüni ýetirdi. Emma ol ýerde infrastruktura ýeten zyýan barada resmi tassyknama bolmady.

Ukrain harbylarynyň aýtmagyna görä, Sewerodonetskden 60 km günbatarda ýerleşýän Limanda hem "söweş dowam edýär", sebitdäki möhüm demirýol çatryklarynyň biri bolan şäheriň ozal ruslaryň eline geçendigi aýdylypdy.

Ruslar biziň Bahmutyň günortasynda ýerleşýän "goşun bölümlerimizi hem öz goraýan ýerlerinden çykaryp kowmaga synanyşýar" diýip, harbylar aýtdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Birleşen Ştatlar şu aralykda, ukrain goragçylarynyň güýç taýdan has agdyk bolan garşydaşlarynyň öňünde durmagyna kömek bermek üçin, Kiýewe has uzaga atýan raketa ulgamlaryny bermäge razy boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 1-nji iýunda Ukraina berilýän täze, 700 million dollarlyk howpsuzlyk kömeginiň çäginde, Kiýewe has kämil, ýokary çeýelikli raketa ulgamlarynyň hem beriljekdigini tassyklady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonda, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg bilen eden çykyşynda "Ukrainalylar bizi bu ulgamlary Russiýanyň çägindäki nyşanalara garşy ulanmajakdyklaryna ynandyrdylar” diýdi. Şeýle-de ol, ABŞ-nyň hasaplamalaryna görä, bu konfliktiň entek “köp aý” dowam etjekdigini, ýöne Russiýa agressiýany bes etmek kararyna gelse, onuň ertiriň özünde soňlanyp hem biljekdigini, emma özleriniň häzirlikçe munyň hiç bir alamatyny görmeýändiklerini belledi.

Täze howpsuzlyk kömeginiň çäginde berilýän ulgamlar Kiýewiň soraýan raketa ulgamlaryndan has gysga aralyga, ýagny 300 km uzaklyga däl-de, 80 km uzaklyga ýetýän hem bolsa, ABŞ-nyň Himarlar diýilýän raketalary Kiýewe bermek barada gelen karary Moskwanyň gaty gaharyny getirdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 1-nji iýunda geçirilen konferensiýada žurnalistlere "Biz ABŞ-nyň ýangyna bilkastdan we yhlas bilen ýag guýýandygyna ynanýarys" diýdi.

ABŞ-nyň Kiýewe döwrebap ýaraglary ibermek barada gelen karary Germaniýa we Angliýa tarapyndan hem derhal goldaw tapdy we olaram Ukraina basym has kämil ýaraglary ibermek wadasyny berdiler.

XS
SM
MD
LG