Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ruslar Seweredonetskini bölekleýin ele geçirdi, Zelenski Gündogardaky ýagdaýyň 'gaty agyrdygyny' aýdýar


Ukrain esgerleri

Rus goşunlary Ukrainanyň gündogaryndaky Sewerodonetsk şäheriniň gözegçiligini bölekleýin ele geçirdi, weýran edilen şäherde barýan köçeme-köçe atyşyk wagtynda müňlerçe parahat adam iki oduň arasynda galdy, gyssagly kömek gerek. Şu aralykda rus prezidenti Wladimir Putin türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogana Moskwanyň ukrain portlaryny açmak üçin Ankara bilen işlemäge taýýardygyny aýtdy; amerikan prezidenti Jo Baýden bolsa, Ukraina Russiýa ýetjek raketa ulgamlarynyň iberiljegi barada çykan habarlary ret etdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski soňky hepdelerde dyngysyz bombalanýan Donbas sebitindäki ýagdaýyň "adatdan daşary kyn" bolandygyny, sebäbi Russiýanyň bu ýere özünde bar bolan harby söweş kuwwatyny aňrybaş derejede jemländigini aýtdy.

Sewerodonetskiň bir bölegi “eýýäm rus goşunynyň gözegçiligine geçdi” we rus goşunlary “kem-kemden şäher merkezine tarap süýşýär” diýip, Luhansk sebit harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Haýdaý 31-nji maýda aýtdy.

Sewerodonetsk şäheriniň häkimi Oleksandr Stryuk milli telewideniýede ruslaryň şäheriň “ýarysyna” gözegçilik edýändigini aýtdy. Etrap häkimliginiň başlygy Roman Wlasenko Azatlyk radiosyna rus goşunlarynyň şäheriň takmynan 50 göterimini eýeländigini tassyklady we söweşleriň şäher merkezine ýetendigini aýtdy.

Norwegiýanyň Bosgunlar Geňeşi (NRC) 31-nji maýda Sewerodonetskde 12,000-e çenli parahat ýaşaýjynyň çykalgasyz ýagdaýa düşendigini we gyssagly kömege mätäçdigini aýtdy.

Gündogar Ukrainanyň Luhansk sebitinde Moskwa tarapyndan goldanýan separatist lideri Leonid Paseçnigiň TASS habar gullugyna aýtmagyna görä, Sewerodonetskiň üçden bir bölegi "eýýäm olaryň gözegçiligine” geçdi, ýöne ruslaryň ilerlemegi umyt edişlerinden has haýal boldy.

Britan aňtaw gullugy 31-nji maýda Sewerodonetsk şäherini agyr top okuna tutmagyň dowam etdirilendigini, şäher eteklerinde köçe söweşleriniň barýan bolmagynyň mümkindigini tassyk etdi

"Progres haýal boldy, ýöne ilerleme gazanylýar" diýip, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň gündelik habarlarynda Moskwanyň syýasy maksadynyň Donetsk we Luhansk sebitlerini doly gözegçilik astyna almak we eýelemek bolup galýandygy bellenilýär.

Ýöne britan aňtaw gullugy Moskwanyň urşuň ilkinji günleri bilen deňeşdirilende, ýerli derejede hem bolsa, has uly üstünlik gazanandygyny, şol bir wagtda bu ilerlemäniň goşunlary degişlilikde has kiçi ýere jemlemegiň we ot açmagyň hasabyna gazanylandygyny duýdurdy.

"Bu Russiýany basyp alnan ýerleriň başga bir böleklerinde töwekgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mejbur edýär" diýip, aňtaw gullugynyň gündelik habarynda bellenýär.

Moskwanyň Sewerodonetskdäki hüjümleriniň güýçlenmegi bilen, rus goşunlary Ukrainanyň demirgazyk-gündogar böleklerini hem topa tutdy.

"Donbasdaky ýagdaý adatdan daşary kyn bolmagynda galýar. Rus goşuny biziň watan goragçylarymyza has köp basyş görkezmek üçin belli-belli ýerlerde aşa kän güýç toplamaga synanyşýar. Donbasda häzir rus goşunynyň iň ýokary derejedäki söweş kuwwaty jemlendi” diýip, Zelenski 30-njy maýda, gije eden çykyşynda aýtdy.

Ýöne Kiýew ukrain güýçleriniň ruslary Toşkiwka obasyndan çykaryp, günorta tarapa kowandyklaryny, munuň soňy bilen Moskwanyň bu etraby gabap almak synanyşyklaryna päsgel bermeginiň ahmaldygyny aýtdy.

Şeýle-de, ukrain goşuny öz güýçleriniň rus goşunlaryny Andriýewkada, Lozowada we Bilohorkada goranyş pozisiýalaryna çekilmäge mejbur edendigini aýtdy. Bu obalar Inhulets derýasynyň günorta kenarynda, Moskwanyň gözegçiligi berkitmäge synanyşýan Herson welaýatynyň serhedini emele getirýän ýerlerde ýerleşýär.

"Duşman ýitgi çekdi we Herson sebitiniň Mikolaýka obasyndan yza çekildi, bu Russiýa Federasiýasynyň ýaragly güýçleriniň beýleki bölümleriniň harby gullukçylarynyň arasynda howsala döretdi" diýip, Ukrainanyň Baş ştabynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Bu maglumat garaşsyz ýagdaýda barlanyp bilinmedi, ýöne rus goşunlary Mikolaýwkadan yza çekilen bolsa, bu ukrain bölümleri üçin birnäçe kilometrlik ilerleme bolar.

Ruslaryň strategiki taýdan möhüm derýa bolan Siwerskiý Donetsiň iki tarapynda ýerleşýän Sewerodonetsk we Lisiçansk hüjümlerinde ilerlemegi Kremliň wagtdan ozmak hökmünde häsiýetlendiren umumy hüjüminiň bir bölegi bolýar.

Bu şäherler Russiýanyň Donbasy Ukrainanyň goragyny güýçlendirjek has kän günbatar ýaragy gelip ýetmezinden öň doly basyp almak üçin edýän tagallalarynyň esasyny düzýär.

Gündogar Ukrainanyň Moskwa tarapyndan goldanýan separatist lideri 31-nji maýda, ukrain goragçylary bilen birnäçe aýlap dowam eden gazaply söweşden soň ruslaryň eline geçen Mariupol portundan, Azow deňziniň boýundaky strategiki şäherden ilkinji gäminiň ýola çykandygyny aýtdy.

Denis Puşilin demir önümleri ýüklenen gäminiň gündogara, Russiýa tarap ugrandygyny aýtdy.

"Şu gün 2500 tonna demir önümi Mariupol portundan çykdy, bu gämi Don boýundaky Rostowa barýar" diýip, Puşilin Telegramda ýazdy.

Ukraina Mariupoldan Russiýa alnyp gidilen demir önümleriniň talaňçylyk bolýandygyny aýtdy.

Zelenski 30-njy maýda ÝB liderleri bilen gürleşende, olaryň täze sanksiýalar toplumyny işläp düzýän wagtynda has kän güýç görkezmelidigini ýatlatdy.

"Ýewropanyň güýç görkezmegi gerek, sebäbi Russiýa güýç-kuwwatdan başga delili görmeýär” diýip, Zelenski 30-njy maýda Ýewropa Bileleşiginiň sammitine wideo arkaly eden ýüzlenmesinde aýtdy.

ÝB ýurtlarynyň arasynda Russiýanyň nebit importy üstünde dörän bölünişik täze sanksiýalar toplumynyň kabul edilmegini haýallatdy, ýöne Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary 30-njy maýda ahyry nebit importynyň köpüsini gadagan etmek barada ylalaşyga geldi.

Şeýle-de olar Russiýanyň Sberbankyny SWIFT habarlaşma ulgamyndan aýyrmak, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki telekanallarynyň ýene üçüsini gadagan etmek we uruş jenaýatlary üçin jogapkär adamlara garşy sanksiýa girizmek ylalaşygyna geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG