Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident dowamly azyk ýetmezçiligini gytaklaýyn tassyklap, iki orunbasaryny täzeledi


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

TDH wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýewiň, Çary Gylyjowyň, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşadylandygyny habar berýär. Ozal kakasynyň tabşyrygy bilen sebit bazarlaryna aýlanyp, azyk bolçulygy barada hasabat beren we çörek nobatlarynyň prezidentiň abraýyny gaçyrýandygyny aýdan Serdar Berdimuhamedow bu karara ýurtdaky azyk ýetmezçiligi, oba hojalygyndaky agyr ýagdaý bilen baglylykda gelene meňzeýär. Mundan öň ol ilata arzan bahadan satylmaly azyk önümleriniň käbir resmiler tarapyndan ogurlanýandygyna tassyklapdy.

Ç.Gylyjow bir aý öň, ýurtdaky azyk ýetmezçiligi bilen baglylykda, garamagyndaky edaralara korrupsiýa ýol bermekde tankytlanypdy. Iki wise-premýer bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi Begmyrat Arazow hem, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin diýlip, wezipesinden boşadyldy.

Baş prokuror Batyr Atdaýew wezipesinden boşadylyp, Ç.Gylyjowyň ornuna, hökümet başlygynyň söwda toplumy, dokma senagaty we telekeçilik boýunça orunbasary wezipesine bellendi. Ol bu wezipede ozal hem işläpdi we 2017-nji ýylda häzirki bellenen wezipesinden baş prokurorlyga geçirilipd.

Baş prokuroryň wezipesi wagtlaýyn Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradowyň üstüne ýüklenildi.

Hökümet başlygynyň obasenagat toplumy boýunça orunbasary wezipesine biraz öň prezidentiň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenen Annageldi Ýazmyradow bellenildi.

2017-nji ýyldan bäri işlän wezipesinden boşadylan E. Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan hem boşadyldy we täze bellenen wise-premýer A. Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesi wagtlaýyn Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýewe ynanyldy.

Mundan başga, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin diýlip, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa berk käýinç we soňky duýduryş berildi.

Işinde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplanan resmileriň işleri barada, adataça bolşy ýaly, anyk maglumat berilmedi. Ýöne şol gün, hökümetiň we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikde geçirilen mejlisinde edilen gürrüňlerden çen tutulsa, mesele ýurtdaky azyk ýagdaýlary, oba hojalygyndaky agyr çökgünlik bilen bagly bolup görünýär.

Wezipesinden boşadylmazyndan öň soňky hasabaty diňlenen E.Orazgeldiýewe prezident, TDH-nyň ýazmagyna görä, "oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýandygyny" aýtdy.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasy "pes derejede" durmuşa geçirilýär.

Ozal bu pudakdaky uly ösüşler, ýurtda döredilen azyk howpsuzlygy barada yzygiderli maglumat beren TDH indi, prezidente salgylanyp, "bu pudagyň esasy wezipeleriniň esasy oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny" habar berýär.

Azatlygyň habarçylary oba hojalyk ekinlerinden alnandygy aýdylýan 'ýokary hasylyň' diňe kagyz ýüzünde alynýandygyny ençeme gezek habar beripdiler. Emma mejlisde kada öwrülene meňzeýän artdyryp ýazmalar barada hiç zat aýdylmady.

"Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl" diýip, prezident aýdypdyr.

Şeýle-de ol ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýändigi, ...oba hojalygyny we ilatly ýerleri suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meseleleriniň ýaramaz çözülýändigi barada Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryny tassyklapdyr.

Türkmenistanyň oba hojalygyndaky agyr ýagdaý öňki prezident G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende hem bölekleýin tassyklandy we birnäçe özgertme yglan edildi, emma meseläniň çözgüdi oba hojalyk boýunça orunbasarlary, häkimleri täzelemekden, käýinç we duýduryş bermekden aňry geçmedi.

Ýerli hünärmenler we synçylar ýurduň oba hojalygynyň we azyk üpjünçiliginiň häzirki düşen ýagdaýyny bu pudaga ýeterlik serişde goýberilmezligi, buýruk usulyndaky dolandyryşyň we mejbury zähmetiň saklanyp galynmagy, giň ýaýran korrupsiýa we on müňlerçe adamyň zähmet migrasiýasyna gitmegi bilen düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG