Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýene iýmit ýok." Saýlaw geçen badyna Türkmenistanda azyk önümleriniň ýetmezçiligi möwjedi


Hasyl baýramy mynasybetli gurnalan azyk önümleriniň sergisi. Aşgabat, 2021-nji ýylyň noýabry
Hasyl baýramy mynasybetli gurnalan azyk önümleriniň sergisi. Aşgabat, 2021-nji ýylyň noýabry

Prezident saýlawlary geçen badyna dessine türkmen alyjylary bahalaryň ýene ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Saýlawlardan öň peýda bolan towuk budlary we çörek satuwdan ýitdi, bankomatlaryň öňünde ullakan nobatlar döredi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky we ýurduň gündogarynda Lebap welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler.

Türkmenistanda ýene-de çörek we un ýetmezçiligi ýüze çykdy. Lebapda un gymmatlaýan we gytalýan wagtynda 15-nji martda Aşgabadyň köp sanly dükanlarynda çörek satylmady.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, 15-nji martda irden Atamyrat Nyýazow köçesinde "Halk Bankynyň" şahamçasynyň ýanyndaky uly ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän döwlet dükanynda altmyş töweregi adam çörek üçin nobata durupdyr. Ir sagat 7-de dükan açylanda nobatda duranlara çöregiň bolmajagy aýdylypdyr: "Satyjy aýal çöregiň agşam getiriljekdigini aýtdy. 'Agşam sagat 19-da geliň. Söwda ministrliginden çörek satmak görkezmesi gelse, şonda satarys' diýdi"- diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda ministrligi çöregiň we beýleki azyk önümleriniň söwdasynyň tertibi bilen baglanyşykly planlar barada resmi düşündiriş bermeýär. Bu aralykda, habarly çeşmelere görä, ýas pasly günüň uzamagy sebäpli çörek söwdasynyň wagtynyň üýtgemegi ähtimal. Şu wagta çenli çörek Aşgabatda, adatça irden garaňkyda satylýardy we munuň sebäbi nobatlaryň görünmezligi bilen bagly bolupdy.

15-nji martda Aşgabadyň "Gülüstan" we Teke bazarlaryna baryp gören habarçymyz alyjylar tarapyndan köp islenilýän towuk budlarynyň satuwdan ýitendigini habar berdi. Käbir söwda nokatlarynda bu haryt satuwda bolmasa-da, has ýokary bahadan, ýagny 1 kilogramy 30 manatdan gizlin satylýar. Harydyň häkimiýetler tarapyndan kesgitlenen bahasy bir kilogramy üçin 16 manat. Satyjylar bu önümi saýlawdan öň görkezilen bahadan satmaga mejbur edilýär.

Gündogar Altyn Asyr bazarynda towuk budlary bar, ýöne has ýokary bahadan satylyp, onuň ortaça nyrhy 40 manada ýetýär.

"Bazarda häkimiýetler satyjylardan towugy belli bir bahadan, ýagny her kilogramyny 16 manatdan satmagy talap edýärler, şonuň üçin bazarda açyk satuwda towuk ýok, ýöne gizlinlik bilen bir kilogramyny 30 manatdan satyn alyp bilersiňiz. Satyjylar häkimiýetler tarapyndan tutulmazlyk üçin, alyja ynanmaýan bolsalar, towugyň ýokdugyny aýdýarlar" diýip, habarçymyz bazar satyjylaryna salgylanyp, habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, häkimiýetleriň arzanladylan bahalardan düýbünden ýüz öwürmek niýetiniň ýokdugy ähtimal. Ýurtda uzaga çeken azyk krizisiniň fonunda, önümleriň ilata subsidirlenen bahalardan satylmagy soňky bir ýylda ep-esli çäklendirildi. Döwlet tarapyndan kesgitlenen bahalar ilki resmi taýdan ýokarlandyryldy, soň bahalar öz-özünden gymmatlady we subsidirlenen bahalar bazar nyrhyna deňeldi we geçdi.

Bu aralykda, häkimiýetleriň bahalary emeli usulda saklamak boýunça ýöredýän syýasaty telekeçileri söwda etmekden ýüz öwürmäge mejbur edýär. Häkimiýetler tarapyndan talap edilýän bahalardan önüm satmak söwdanyň manysyny gaçyrýar.

"Häkimiýetler käbir et önümleriniň kesgitlenen bahalaryny saklamak isleýärler. Sygyr etiniň we goýun etiniň bahasy bir kilogram üçin 70 manada çenli ýokarlandyryldy we şu bahadan satylýar. Häkimiýetler guş etiniň bahasyny kesgitli saklamaga synanyşýarlar. Häkimiýetler bu karary garyp raýatlar iň bolmanda arzan bahadan towuk etini satyn alyp bilerler diýip, esaslandyrýarlar. Emma satyjylar bu meselede munuň bilen düýbünden ylalaşmaýarlar. Satyjylar towuk etini öndürijiden kilogram üçin 25 manatdan alýarlar. Bu olaryň harydy satyp zyýana galmaga mejbur bolýandyklaryny aňladýar. Bu gapma-garşylykdan garyplar, şeýle hem pensionerler, maýyplar, talyplar, oba ilaty kösenýär"-diýdi, adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürleşen Aşgabatdaky çeşme aýtdy.

Bu döwürde sebitlerde un ýetmezçiligi ýene-de agyrlaşdy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Lebapda döwlet we hususy dükanlaryň tekjelerinden un ýok bolup, tapylan halatynda unuň bahasy 100% -e çenli ýokarlandy. Öň 500 manada satylan pes hilli unuň 50 kilogramlyk haltasy indi 680 manada zordan tapdyrýar, ýokary derejeli un 1000 manada durýar.

Azatlygyň söwda pudagyndaky çeşmelerine görä, unuň ýetmezçiligi we gymmatlamagy saýlawdan öň satuwa çykarylan un ätiýaçlyklarynyň gutarmagy we ammarlarda bugdaý ýetmezçiligi bilen baglanyşykly.

"[Lebabyň] bugdaý ammarlarynda bugdaý ýok diýen ýaly. Saýlawdan öň ammarlarda bolan zatlaryň hemmesi Ahal we Balkan welaýatlaryna eltildi. Resmi taýdan bu barada aýtmasalar-da, şol welaýatlarda gök önümleri, pagta ýagy we un ýeterlik däl. Ol ýere Lebapdan we Daşoguzdan önümler eltilýär. Şol sebäpli Lebapda azyk ýetmezçiligi ýüze çykýar. Indi un bu ýere Marydan getirilýär "- diýip, lebaply çeşme aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanan Serdar Berdimuhamedow öz saýlaw maksatnamasynda ilatyň hal-ýagdaýyny gowulaşdyrmak meselesine ünsi gönükdiripdi. Ses berişlik tamamlanan badyna ýurtda azyk we pul ýetmezçiligi güýçlendi we iş orunlary kemeldildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG