Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda "artyk" çörek alanlaryň 15 gün tussaglyga höküm ediljekdigi duýdurylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda dowam edýän un we çörek gytçylygynyň barha ýitileşýän döwründe Aşgabadyň häkimiýetleri çöregiň söwdasyna gözegçiligi gaýtadan güýçlendirdi. Häzirki wagtda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri döwlet dükanlarynda kesgitlenen möçberden "artyk" çörek satyn alýan raýatlary anyklamaga synanyşýarlar. Olar munuň üçin wideo we foto kameralardan peýdalanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler polisiýa işgärleri döwlet dükanlaryna aýlanyp, nobata duran adamlary surata we wideo düşürýärler.

"Olar alyjylara kesgitlenen möçberden has köp çörek satyn alýan raýatlaryň 15 güne çenli türme tussaglygyna höküm ediljekdigini duýdurýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 21-nji aprelde gürrüň berdi.

Habarçymyz kanun goraýjy edaralardaky birnäçe çeşmä salgylanyp, un söwdasyndaky bidüzgünçilikler sebäpli ýokary derejeli döwlet resmileriniň arasynda uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilenleriň bardygyny hem aýdýar.

Bellesek, ýurduň döwlet dükanlarynda her bir raýatyň günde, sebitlere görä, iki ýa-da üç sany çörek satyn almagyna rugsat berilýär. Hususyýetçilerde bir çöregiň bahasy 5-10 manat aralygynda bahalanýan mahaly, ilata subsidirlenen bahadan satylýan bu çöregiň bahasy 60 teňňä deňdir.

Ýatlatsak, Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtyň häkimiýetleriniň gaýta-gaýta nobata durup, kesgitlenen möçberden has köp çörek satyn alýan raýatlary wagtlaýyn tussag edip başlandygy barada ilkinji gezek şu ýylyň başynda habar beripdi. Fewral aýynda habarçylarymyz tussag edilen raýatlaryň arasynda çagalaryň hem bardygyny aýdypdylar.

Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň ýitileşmeginiň fonunda, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ýurtda köp maşgala subsidirlenen bahadan satylýan çörege garaşly boldy.

Döwletiň bugdaý plan borçnamasynyň artykmajy bilen ýerine ýetirilendigini öňe sürýän häkimiýetler indi ençeme ýyl bäri ilaty çörek we un bilen kadaly üpjün etmekde kynçylyk çekýär. Döwlet dükanlaryna gelýän çörek nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär. Dükanlaryň öňünde duran adamlaryň arasynda uruş-dawa hem köp bolýar.

Soňky ýyllarda häkimiýetler döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlary gizlemek üçin yzygiderli tagalla edip, ilkibada olaryň satuwyny dükanlaryň arka tarapyna geçirdi, soňra-da çöregi daňdan garaňkyda satyp başlady.

Ýatlatsak, ilatyň azyk üpjünçiligi meselesi, hususan-da, döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar soňky ýyllarda täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem üns merkezinde bolupdy. Geçen ýylyň aprel aýynda, şol döwür wise-premýer wezipesini ýerine ýetiren Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň dükanlaryndaky nobatlardan nägile bolup, "onuň prezident kakasynyň abraýyna ýaramaz täsir ýetirýändigini" aýdypdy. Şondan soňra döwlet dükanlary subsidirlenen bahadan azyk satmagy bes edip, olary ýaşaýjylaryň öýlerine eltip bermek düzgünini girizdiler.

Emma Azatlygyň habarçylary prezident Serdar Berdimuhamedowyň şol tagallalarynyň netijesiz bolandygyny aýdyp, ýurduň dürli künjegindäki döwlet dükanlarynda un we çörek ýetmezçiliginiň saklanyp galýandygyny, olaryň öňündäki nobatlaryň günsaýyn köpelmese azalmaýandygyny habar berýärler.

Bellesek, Aşgabatdyň döwlet dükanlarynda un we çörek söwdasyna gözegçiligiň gaýtadan güýçlendirilmegi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipeden boşadylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Prezident bu baradaky permana 19-njy aprelde gol goýup, onuň "saglyk ýagdaýy sebäpli" wezipesinden boşadylandygyny aýtdy. Azatlyk ministriň wezipeden boşadylmagy bilen çöregiň söwdasyna gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň arasynda haýsydyr bir arabaglanyşygyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklap bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG