Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donbasda gazaply uruş barýar, Sewerodonetsk we Lysyçansk ‘öli şäherler’ – Zelenski


Ukrain esgerleri Donetsk sebitindäki front çyzygysynyň golaýynda.
Ukrain esgerleri Donetsk sebitindäki front çyzygysynyň golaýynda.

Ukrain güýçleri san we ýarag taýdan rus goşunyndan az bolsa-da, Sewerodonetskde heniz hem garşylyk görkezýär diýip, prezident Wolodymyr Zelenski aýtdy.

“Olar köp, olar has güýçli, ýöne bizde bu ugur boýunça göreşmek üçin ähli mümkinçilik bar” diýip, Zelenski aýtdy. Ol öýme-öý barýan urşuň we ruslaryň uçdantutma ok atyşlarynyň Sweredonetsk we Lysyçansk şäherlerini “öli şäherlere” öwrendigini aýtdy.

Heniz hem ukrainlaryň elinde bolan bu iki strategiki şäher ele geçirilse, Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk sebiti tutuşlygyna ruslara geçer.

Geçen hepde ruslaryň Sweredonetskiň 50 kilometr günortasynda ýerleşýän Popasna tarap ilerlemesi togtady diýip, Britaniýanyň Goranmak ministrligi 7-nji iýunda beren gündelik aňtaw hasabatynda aýtdy.

“Eger Moskwa özüniň Donetsk oblastyna gözegçilik etmek syýasy maksadyna tarap üstünlik we öňe gidişlik” gazanmak islese, Izýumdaky Popasnada ýa-da demirgazyk Sewerodonetskde “tas hökman” diýen ýaly uly üstünlik gazanmaly bolar diýip, hasabat aýtdy.

Zelenski 6-njy iýunda eden gijeki çykyşynda Zaporožýede “howply ýagdaýyň” dörändigini aýtdy. Ol ýerde rus goşuny sebitiň esasy şäherini ele geçirmäge niýetlenýär, gapdaldan Sewerodonetskde gözegçiligi ele geçirmek ugrunda söweşýär.

“Duşman Zaporožýe şäherini basyp almak isleýär” diýip, Zelenski 6-njy iýundaky metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby rus goşunlarynyň Zaprožýe ugry boýunça güýçlenýändigini aýtdy.

Käbir bölekleri eýýäm Russiýa tarapyndan alnan Zaporožýe sebiti günorta-gündogar Ukrainanyň iň bir senagatlaşan sebitleriniň biridir. Ol ýerde Ýewropanyň iň iri atom elektrik stansiýasy bar.

Şeýle-de, Zelenski gündogar Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde ruslar tarapyndan Mariupolyň “Azowstal” polat zawodynda saklanan 2500-den gowrak tussagyň bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Zelenski ruslaryň bu tussaglar babatdaky niýetleriniň yzygiderli öwsüp durýandygyny aýtdy. Donetskdäki Moskwa goldawly separatist resmiler käbir “Azowstal” goragçylaryny sud etmek barada gürrüň etdiler.

Bu aralykda, Associated Press (AP) “Azowtalyň” gabawynda öldürilen onlarça ukrain söweşijisiniň jesetleriniň rus güýçleri tarapyndan Ukraina gaýtarylyp berlendigini aýtdy.

Ukrain hökümeti jesetleri anyklamak işlerini yglan etmedi, rus resmileri kommentariý bermedi, ýöne zawodda öldürilen esgerleriň garyndaşlary bu prosesi AP-ä gürrüň berdi.

Mariupol ýaşaýjylary beterleşen ýiti azyk we suw ýetmezçiligi bilen, barha ýaramazlaşýan gumanitar krizise duçar bolýarlar.

Ukrainanyň bir resmisi 6-njy iýunda jesetleriň we zibilleriň zaýalanmagynyň holera keseliniň döremegine getirendigini we tutuş şäheri karantine iterendigini aýtdy.

“Biz şäheriň ýapylýandygyny görýäris” diýip, şäher häkiminiň geňeşçisi Petro Andrýuşçenko köpçülikleýin habar beriş serişdelerine aýtdy.

Zelenski öz ýurdunyň söweş zerarly petiklenen Gara deňiz portlaryndan galla daşaýan gämileriň çykmagyna rugsat berjek howpsuz geçelgeleriň döredilmegine umyt bildirýändigini aýtdy.

Ukraina galla daşaýan ukrain gämileriniň howpsuzlyk kepillikleri üçin Türkiýe we Britaniýa bilen gepleşik geçirýär diýip, ol aýtdy.

“Howpsuz geçelgäniň bolmagy, ol ýa-da beýleki ýurduň flotynyň galla iberilmegini üpjün etmegi biziň üçin wajyp” diýip, Zelenski aýtdy.

Galla eksporty Nýu-Ýorkda, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda hem gün tertibine getirildi. Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarl Mişel Kremli global azyk krizisi wehiminde aýyplady.

Mişel Geňeşiň 6-njy iýundaky ýygnagynda Russiýanyň ilçisi Wasiliý Nebenza ýüzlenip, özüniň birnäçe hepde ozal Ukrainanyň Odessa portunda “Russiýanyň Gara deňizdäki söweş gämileri sebäpli” millionlarça tonna dänäniň we bugdaýyň konteýnerlerde we gämilerde öňüniň baglanýandygyny görendigini aýtdy.

Onuň sözleri Nebenzany mejlisi terk etmäge iterdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG