Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan özbek ýük ulaglaryna tranzit geçmäge rugsat berdi


Türkmenistan-Özbegistan serhedindäki ýük ulaglary (arhiw suraty)
Türkmenistan-Özbegistan serhedindäki ýük ulaglary (arhiw suraty)

Türkmenistan 1-nji iýundan başlap daşary ýurt ýük ulaglarynyň ýurduň çäginden tranzit geçmegine ygtyýar berdi. Bu barada Özbegistanyň Transport ministrligi mälim etdi.

Maglumata görä, ýük ulaglarynyň hereketi Özbegistan bilen serhetleşýän “Farap” barlag-gözegçilik nokadyndan başlap, Eýran bilen serhetleşýän “Sarahs” nokadyna çenli uzar.

Mundan başga-da, ýük ulaglary bilen ýol polisiýasynyň hereket etjekdigi, şeýle-de ýoluň ugry boýunça ulaglaryň durmagyna we sürüjileriň ondan çykmagyna rugsat berilmejekdigi bellenilýär.

Mundan bir hepde ozal, Özbegistanyň Döwlet gümrük komiteti Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedindäki "Alat" we "Farap" halkara gözegçilik nokatlarynyň 1-nji iýundan başlap kadaly iş düzgünlerine geçýändigini, şeýle-de daşary ýurtlaryň ulaglarynyň gatnawlaryna girizilen çäklendirmeleriň bir toparynyň ýatyrylýandygyny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG