Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “ýakyn wagtda” halkara gatnawlaryny dikelder


Berdimuhamedow halkara uçar gatnawlarynyň haçan ýola goýuljakdygyny aýdyňlaşdyrmady.
Berdimuhamedow halkara uçar gatnawlarynyň haçan ýola goýuljakdygyny aýdyňlaşdyrmady.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow “ýakyn wagtda” beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy. Ol bu barada 11-nji iýunda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde çykyş etdi.

Pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan, wirus sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyrypdy. Mundan soň müňlerçe türkmen raýaty watanyna dolanyp bilmän, dürli ýurtlarda'agyr ýagdaýda galandygyny', türkmen wekilleriniň hem olara hemaýat etmeýändigini gürrüň beripdiler.

Berdimuhamedow soňky karary bilen baglylykda eden çykyşynda “dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny” belledi.

Maýyň aýagynda türkmen häkimiýetleri “Türkmenistan” uçar kompaniýasynyň 30-njy maýdan Dubaýa (BAE) we 1-nji iýundan Kazana (Russiýa) yzygiderli, ýagny her ugur boýunça hepdede bir uçar gatnawyny dikeldýändigini yglan edipdiler.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedow beýleki halkara uçar gatnawlarynyň haçan ýola goýuljakdygyny aýdyňlaşdyrmady.

Türkmenistana käwagt barýan çarter uçarlara münmek üçin düzülýän resmi sanawlara goşulmak işi käbirler üçin aýlara, beýlekiler üçin bir ýyldan hem köp wagta çekýär. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar bu uçarlardan peýdalanyp bilmek üçin daşary ýurtlardaky türkmen resmileriniň 1 müňden 3 müň dollar aralygynda para soraýandyklaryny hem gürrüň berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG