Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlaryny dikeldip başlaýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

“Türkmenistan” uçar kompaniýasy 30-njy maýdan Dubaýa (BAE) we 1-nji iýundan Kazana (Russiýa) yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeldýär diýip, hökümetçi “Turkmenportal” neşiri “Turkmenhowayollary” gullugyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň paýtagtyndan BAE-e gatnajak ýolagçy uçary her hepdäniň birinji güni, ýerli wagt bilen sagat 12: 20-de uçar.

Aşgabatdan Kazana gatnajak ýolagçy uçary hepdäniň üçünji günleri, ýerli wagt bilen sagat sagat 14: 55-de asmana göteriler.

Türkmenistandan Dubaýa uçýan uçaryň bir taraplaýyn biletiniň bahasy 6700 manat, Kazana uçmak üçin bolsa 8020 manat tölemeli. Bilet tölegleri milli walýutada kabul edilýär.

Uçar kompaniýasy öz saýtynda, COVID-19 bilen baglylykda, halkara gatnawlarynyň ýolagçylary üçin girizýän çäklendirmelerini habar berdi.

Mundan öň Türkmenistanda içerki demorýol, sebitara awtobus gatnawlarynyň açyljakdygy habar berildi.

“Türkmendemirýollary” golaýda Aşgabat şäherinden we welaýat merkezlerinden ýolagçy otly gatnawlarynyň bölekleýin dikeldilýändigini habar berdi.

20-nji maýdan başlap, Aşgabat - Türkmenbaşy (19:30 - 6:30) we Türkmenbaşy - Aşgabat (19:00 - 6:40) ugurlarynda ýolagçy otlularynyň yzygiderli hereketi dowam etdiriler, bu ugurlar boýunça otlular her gün işleýär diýip, edaranyň resmi web sahypasynda 19-njy maýda, gatnawlaryň dikeldilmeginiň bir gün öňünden çap edilen bildirişde aýdylýar.

Şeýle-de bildirişde her hepdäniň Penşenbe, Ýekşenbe günleri Türkmenabat-Türkmenbaşy ugry boýunça; her hepdäniň Anna, Duşenbe günleri Türkmenbaşy - Türkmenabat ugry boýunça; her hepdäniň Çarşenbe, Ýekşenbe günleri Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça; her hepdäniň Penşenbe, Duşenbe günleri Daşoguz-Aşgabat ugry boýunça demirýol gatnawynyň dikeldilýändigi aýdylýar.

Bildirişde raýatlaryň Aşgabat şäherine we bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara gelip-gitmek, üstaşyr geçmek üçin wagtlaýyn rugsatnama almalydygy, ýola çykmazdan öň Saglygy goraýyş edaralaryndan soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama almalydygy hem habar berilýär.

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiriniň maglumatyna görä, 20-nji maýdan başlap, Aşgabat — Türkmenbaşy we Türkmenbaşy — Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawlary hem dikeldilýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar bermegine görä, awtobuslar sişenbe, penşenbe we şenbe günleri Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine, duşenbe, çarşenbe we anna günleri bolsa yzyna — Aşgabat şäherine gatnawlary amala aşyrarlar.

Ýolagçylar bilet satyn almazdan ozal, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçip, negatiw netijäni alandygyny tassyklaýan şahadatnama, koronawirusa garşy üç waksina alandygy baradaky resminama, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan syýahat üçin berlen rugsatnama almaly diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistanda halkara uçar gatnawlary, sebitara otly we awtobus gatnawlary ýurtda bir hadysasy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Covid-19 çäklendirmeleri sebäpli ýapyldy.

Türkmenistandan syzyp çykan ygtybarly habarlarda bu keseliň on müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolandygy aýdylsa-da, Bütindünýä Saglyk Guramasy Aşgabatdaky hökümetiň maglumatlaryny has ygtybarly hasalap, ýurduň saglyk işgärleriniň keselçilik döwründäki tagallalaryna ýokary baha berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG