Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Koronawirussyz' Türkmenistanda maskalaryň haçan we nirede dakynmalydygy barada düşündiriş berler


Aşgabat. Maý, 2022 ý
Aşgabat. Maý, 2022 ý

Türkmenistanyň prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan ýerleri we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy. Serdar Berdimuhamedow bu barada 11-nji iýunda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde çykyş etdi.

Mundan öň, Azatlyk Radiosy ýurtda bir tarapdan maska talabynyň ýatyrylýandygy barada resmi derejede yglan edilýändigi, beýleki tarapdan hem polisiýanyň köçelerde maskasyz adamlara jerime salýandygy barada habar beripdi.

Maý aýynyň başynda Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň fonunda girizilen çäklendirmeleri, şol sanda maska dakynmak düzgünini bölekleýin ýatyrdy. 6-njy maýda geçirilen hökümet mejlisinde 1-nji iýundan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde maskalary aýyrmak teklip edilse-de, olary açyk meýdanda dakynmagyň talap edilmejekdigi aýdyldy.

COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde lukmançylyk maskalaryny dakynmak talaby 2020-nji ýylyň iýulynda, BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň ýurda eden saparyndan soň girizilipdi. Daşary ýurt bilermenleri şonda Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdiler.

XS
SM
MD
LG