Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maska dakynmalymy ýa-da ýok? Prezident bu soragyň jogabynyň aýdyňlaşdyrylmagyny tabşyrdy


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat.

Türkmenistanda pandemiýa düzgünleriniň bölekleýin gowşadylmagynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda, Lebapda we Maryda maska dakynmagyň zerur ýerleri ýa-da zerur däl ýerleri barada başly-baratlygyň dörändigini habar berdiler. Bu habaryň yz ýany, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli resmiler bilen geçiren ýygnagynda agyz-burun örtüginiň zerur ýerleri ýa-da zerur däl ýerleri barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Has ozal, türkmen hökümeti 1-nji iýundan başlap, raýatlardan diňe transport serişdelerinde we ýapyk binalarda maska dakynmagyň talap ediljekdigini yglan etdi.

Açyk ýerlerde maska talabynyň ýatyrylandygyna garamazdan, hatda polisiýa işgärleri köçelerde maskasyz barýan adamlardan maska dakynmagy talap edýän pursatlary boldy.

“Köpler henizem köçede maska dakynyp-dakynmajagyny anyk bilmeýärler we ätiýaçdan maskaly bolmagy kem görmeýärler. Talabyň resmi taýdan gowşadylmagyna garamazdan, köçede maskasyz adamlara jerime salynmagy muňa sebäp bolýar” diýip, Azatlyk Radiosy 8-nji iýunda habar berdi.

Maska düzgüni boýunça emele gelen başly-baratlyk döwlet metbugatynda habar berilmedi, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary pandemiýa düzgünleriniň de-fakto, ýagny iş ýüzünde saklanýandygyny, ilat arasynda “maska dakynmalymy ýa-da dakynmaly däl” “nirelerde maska dakynmaly”, ýaly bir topar soragyň dörändigini yzly-yzyna habar berdiler.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, onuň dowamynda, beýleki meseleleri maslahat etmek bilen bir hatarda, resmilerden ýurtda bölekleýin saklanýan maska düzgünini ilat üçin aýdyňlaşdyrmagy talap etdi.

Bu tabşyryk Türkmenistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlary boýunça Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe berildi.

Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi agyz-burun örtükleriniň ulanylýan we ulanylmaýan ýerleriniň ilata köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriljekdigini habar berdi.

“Hormatly prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilat arasynda agyz burun örtükleriniň ulanylýan ýerleri we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi hem tabşyrdy” diýip, döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi 11-nji iýunda geçirilen hökümet mejlisinden habar berdi.

Prezidentiň maska boýunça beren tabşyrygy Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maskalar babatda ilat arasynda dörän başly-baratlykdan habar bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Dünýäde koronawirus ýokanjynyň pandemiýa yglan edilmeginiň yz ýany, Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýunynda “howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň adatdakysyndan köpelendigini” öňe sürüp, ilatdan maska dakynmagy talap etdi. Göni iki ýyl mundan ozal güýje girizilen bu düzgün ýurduň polisiýa işgärleri tarapyndan berk gözegçilikde saklandy.

Galyberse-de, türkmen hökümeti pandemiýa döwründe hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady. Azatlyk Radiosynyň ýurduň lukmançylyk pudagyndaky ygtybarly çeşmeleri bu kesel bilen kesellän adamlar barada habar berdiler.

Ýöne Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurtdan syzyp çykýan maglumatlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Türkmen hökümeti maýyň ortalarynda pandemiýa çäklendirmelerini bölekleýin gowşadyp başlaýandygyny yglan etdi. Munuň yz ýany, ýurtda sebitara otly gatnawlary, halkara uçar gatnawlary, galyberse-de, häkimiýetleriň agyz-burun örtük talaplary bölekleýin gowşadyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG