Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maska dakynmalymy ýa-da ýok. Türkmenistanda maska sebäpli jerime saklanýar


Aşgabat

Köpçülikde lukmançylyk maskalaryny dakynmak tertibi Türkmenistanda mesele bolmagynda galýar. Resmi taýdan 1-nji iýundan ilatdan diňe ýapyk jaýlaryň içinde we jemgyýetçilik ulaglarynda maska dakynmak talap edilýär. Muňa garamazdan, köpler henizem köçede maska dakynyp-dakynmajagyny anyk bilmeýärler we ätiýaçdan maskaly bolmagy kem görmeýärler. Talabyň resmi taýdan gowşadylmagyna garamazdan, köçede maskasyz adamlara jerime salynmagy muňa sebäp bolýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky, Lebapdaky we Marydaky habarçylary soňky ýagdaýlar barada habar berýärler.

Aşgabatda polisiýa işgärleri köçelerde maskaly adamlary saklap, olara köçelerde maska dakynmaly däldigini, diňe ulaglarda we jaýyň içinde maskaly bolmalydygyny düşündirýärler. Bu barada 8-nji iýunda Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy gürrüň berdi.

Şu günler köçede maska dakynmak Maryda hem hökman däl. Maska talaplary barada düşündirişler radioda hem berilýär. Şeýle-de bolsa, köpçülik henizem maskaly köçä çykýar. Azatlygyň ýerli habarçysynyň sözlerine görä, munuň sebäbi käbirler çäklendirmeleriň ýatyrylandygy barada eşitmedik bolsa, köpçülik häkimiýetlere ynanmaýar we saklanmakdan ýa-da jerimä sezewar bolmakdan gorkýar.

Iki ýyllap ilatdan hemme ýerde maska dakynmak talap edilipdi, ekin meýdanlarynda-da pagta maskaly ýygylypdy. Ýurduň ýaşaýjylary düzgün bozanlary anyklamak, saklamak we jerime salmak üçin yzygiderli reýdlere sezewar edildi. Adamlar diňe maskasyz bolany üçin däl, eýsem maskalaryň nädogry dakylmagy üçinem jezalandyryldy.

Türkmenistanda köp düzgünler dilden girizilýär we ilat köpçüligi ol ýa-da beýleki gadagançylygyň güýje girendigini özleri polisiýa tarapyndan saklananda ýa-da jerime tölemeli bolanda bilip galýar.

Azatlygyň Marydaky çeşmesiniň aýtmagyna görä, käbir polisiýa işgärleri şu günler maskaly geçip barýanlar bilen degişmäge synanyşýarlar we olara indi maska dakynandygy üçin jerime saljakdygyny oýun edip, aýdýarlar.

"Şäheriň köçelerinde polisiýa işgärleri geçip barýanlaryň ýanyna baryp, maskalaryny çykarmagy talap edýärler. Gorky astyndaky ýaşaýjylara maskalaryny aýyrmasalar olara jerime salynjakdygyny degişip, aýdýarlar" - diýip, Marydaky çeşme aýtdy. Onuň sözlerine görä, muňa garamazdan, köpler maskaly bolmagy kem görmeýärler. Sebäbi hatda bir-iki gün ozal, ýagny 5-nji we 6-njy iýunda şäherde maska dakynmadyk adamlara henizem jerime salynypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirus çäklendirmelerini ýeňilleşdirmek kararyna maý aýynyň birinji ýarymynda geldiler. 1-nji iýunda güýje giren täze talap köpçüligiň içinde we jemgyýetçilik ulaglarynda maska dakynmagy talap edýär.

Täze düzgünlerdäki talabyň kesgitli ýazylmagyna garamazdan, Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar talaplary gümürtik hasaplaýarlar we onuň eden-etdilige ýol berýändigini aýdýarlar. Hususan-da, hususy ulaglarda maska dakynmagyň düzgünleriniň kesgitli däldigini belleýärler.

Azatlygyň dürli welaýatlardaky habarçylary polisiýanyň awtoulaglarda maska dakynan adamlara jerime salýandygyny habar berdiler. Beýleki ýagdaýlarda awtoulag sürüjilerine maska dakynmandygy üçin jerime salnypdyr.

"Maşynda ýeke özüm bolanymda näme üçin men maska dakynmalydygym düşnüksiz. Häzir maskada gaty yssy. Mundan başga-da aýnalary garaltmak hem gadagan" diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Bu aralykda, goňşy Lebap welaýatynda ýerli ýaşaýjylara awtoulaglarda maska dakynandygy üçin jerime salynýar.

"Awtoulaglarda maska dakynmak talaby 4-nji iýunda ýatyryldy. Indi awtoulaglarda maskaly bolmaly däl. Indi hemme zat tersine boldy. Polisiýa maskaly adamlary görüp, maşyny saklaýar we olardan maskalary çykarmagy talap edýär" diýip, Lebaply çeşme 6-njy iýunda habar berdi we ýol gözegçilik polisiýasynyň hem sürüjilerden, hem-de ýolagçylardan maskalary çykarmagy talap edýändigini aýtdy.

Bu welaýatdaky habarçylaryň sözlerine görä, bazarlarda we dükanlarda maska dakynmak talaby ýatyrylypdyr we maskalar diňe hassahanalarda talap edilýär.

COVID-19 keseli ýokaşan ýekeje-de hadysanyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen hökümeti pandemiýa sebäpli iki ýyl ozal girizilen käbir çäklendirmelerini ýeňilleşdirmek kararyny maý aýynyň başynda yglan etdi. Maska dakynmagy bölekleýin ýatyrmakdan başga-da, iki ýurda halkara uçuşlaryny dikeltdi.

Azatlygyň habarçylary Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň arasyndaky etraplarda ýerleşýän barlag nokatlarynyň sökülip başlandygy 7-nji iýunda habar berdiler.

Tutuş ýurtda 2020-nji ýylyň ýaz aýlarynda döredilen barlag nokatlarynda polisiýa we lukmançylyk işgärleri ýerleşýärdi we olar geçip barýanlaryň lukmançylyk resminamalaryny we syýahat rugsatlaryny barlaýardy. Şol ýylyň noýabr aýynda hökümet ilatyň ýurt içinde gatnamagyna rugsat bermek üçin ýörite komissiýalary döretmek kararyny yglan edipdi. Komissiýa her bir admyň ýüzlenmesine aýratyn garaýardy we ilatyň bir welaýatdan başgasyna gitmegine rugsat bermek üçin sebäbiniň näderejede esaslydygyny kesgitleýärdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, gözegçilik nokatlarynyň sökülmegi baradaky habar ilat tarapyndan begenç bilen kabul edilipdir. Ýurduň içindäki hereket çäklendirmesi ençeme adamy girdejiden mahrum etdi.

"Koronawirus çäklendirmeleri sebäpli biz türmede ýaly bolduk. Meniň öüçm çäklendirmelerden geçmek üçin, Lebapdan Aşgabat we Türkmenbaşy şäherine gitmek üçin ençeme gezek para bermeli boldum" - diýip, Türkmenabatdaky çeşme gürrüň berdi.

Koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistan üç gezek doly gulplama girizdi. Türkmen hökümeti resmi taýdan ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny öňe sürse-de, hökümete ýakyn anonim çeşmeler ýurtda koronawirusdan ýogalanlaryň sanynyň 25 000 adamdan geçendigini habar berdi.

Türkmenistanda täze mazar ýerleri köpelýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG