Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gurbanguly Berdimuhamedowyň yz ýany, Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sebitine sapar etmegine garaşylýar


Polisiýa formaly adamlar Serdar Berdimuhamedowyň öňünde tans edýär. Aşgabat. 24-nji mart, 2022 ý.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yz ýany, prezident Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sebitine sapar etmegine garaşylýar. Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri, sebitde Serdar Berdimuhamedowyň saparyna görülýän taýýarlyk işleriniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna görlen taýýarlykdan tapawutlanmaýandygyny aýdýarlar. Uly Berdimuhamedowyň saparynyň öň ýany, sebit merkezi Türkmenabadyň köçelerinden goýy reňkli awtoulaglar ýygnaldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri 20-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna sapar etmegine garaşylýandygyny habar berýärler. Munuň bilen baglylykda şu günler Türkmenabatda güýçli depginde arassaçylyk işleri alnyp barylýar.

Sebitdäki çeşmelerimiz Türkmenabatda alnyp barylýan taýýarlyk işlerini Halk Maslahatynyň başlygy we eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna görlen taýýarlyk işleri bilen deňeşdirýärler.

Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýunda sebite sapar etdi.

Azatlygyň habarçylary sebitde uly Berdimuhamedowyň saparyna tas bir aý öňünden taýýarlyk görlüp başlanandygyny habar berýärler.

“Gurbanguly Berdimuhamedowa has uly taýýarlyk görüldi. 5-10-njy iýun aralygynda Türkmenabatda gara, gyzyl, ýaşyl gök we beýleki goýy reňklerdäki awtoulaglaryň köçä çykmagyna rugsat berilmedi. Köne hususy awtoulaglaryň köçä çykmagyna gadagançylyk girizildi. Gadagançylyga garamazdan köçä çykan goýy reňkli awtoulaglar Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan saklandy we jerime duralgalaryna äkidildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, jerime duralgalary awtoulaglardan dolansoň, häkimiýetler saklanan awtoulaglary Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän Zerger etrapçasyndaky bir poligona ýerleşdiripdirler.

Ýöne gyzykly ýeri, bu poligon Mary-Türkmenabat demir ýolunyň üstünden geçýän köprüden görünýän ekeni. Bu köprüden bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow geçmeli ekeni.

“Gurbanguly Berdimuhamedow bu köprüniň üstünden geçip, Ak bazara barmalydy we ol ýerde döredilen emeli bazary görmelidi” diýip, çeşmämiz aýdýar.

Şonuň üçin, Berdimuhamedowyň saparyna iki gün galanda, 7-nji iýun gijesi häkimiýetler poligony awtoulaglardan boşatmaly diýen karara gelýär.

“4-5 sagadyň içinde, dessine şol awtoulaglary çölüň içine, poligondan bäş kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýän bir meýdança geçirdiler” diýip, çeşmämiz aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda onuň söwda tekjeleri azyk harytlardan doldurylan bir bazara aýlanyşyny görkezdi.

Azatlyk Radiosynyň bir çeşmesi şol bazarda saparyň öň ýany, azyk bolçulygynyň döredilendigini we saparyň yz ýany bu önümleriň tekjelerden aýrylandygyny habar berýär.

“Ak bazardaky ‘emeli bazar’ 9-njy iýuna çenli hereket etdi. 12-nji iýundan başlap, şol söwda tekjelerinde azyk ömümleri satylmaýar. Azyk önümleri görkezilen tekjelerde häzir aýal-gyzlar üçin köýneklik mata, jorap, ‘çeşka’, tahýa, ýaka we beýleki harytlar satylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki çeşmesi habar berýär.

“Şol bazarda 2021-nji ýylyň 22-30-njy dekabry aralygynda hem-de 2022-nji ýylyň 9-njy iýuny aralygynda azyk önümleriniň satylýandygyny gördüm. Başga wagty ol ýerde hemişe ýaňky agzap geçen harytlarym satylýar” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna etmegine garaşylýan saparynyň 20-nji iýuna meýilleşdirilýändigini, ýöne munuň heniz takyk däldigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG