Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda kazyýet toýda gelnini uran ýigidi jogapkärçilige çekmedi


Toýdan pursat. Özbegistan.
Toýdan pursat. Özbegistan.

Surhanderýada bolan toýda gelnini uran ýigit jogapkärçilikden gutulýar. Kazyýet gyz tarapyndan ýigidi jogapkärçilige çekmek talabynyň we arzasynyň ýoklugy sebäpli, oňa garşy administratiw çäre ulanmady. Bu barada ýerli habar serişdeleri ýazýarlar.

Surhanderýa welaýatynyň Uzun etrabyndan bolan ýigit toýda gelnini urandan soň, ötünç sorady we beýle zadyň gaýdyp gaýtalanmajakdygyna wada berdi. Giýewisiniň ötünç sorandygyny gyzyň ejesi Mening Yurtim teleýaýlymynda berlen sýužetinde tassyklady.

“Özümi saklap bilmedim, meniň elim göterildi. Düşünişmezlik çözüldi, toý hem dowam etdi. Men gelnimden ötünç soradym. Beýle zat indi gaýtalanmaz" diýip, täze durmuş guran ýigit aýdýar.

Telewideniýäniň gepleşiginde ýaş çatynjalaryň bir ýyl ozal durmuş gurandygy aýdylýar. Olar 10-njy maýda nikadan geçmek hakynda arza beripdirler, ýöne nika şahadatnamasyny diňe 15-nji iýunda, toýdan 9 gün soň aldylar.

Wideoda ýigit gelnini urandan soň, bir aýalyň gelip, gelni ol ýerden alyp gidýändigi görkezilýär. Şol aýal gyzyň ejesidir diýen çaklama tassyklandy. Enäniň teleýaýlymda beren gürrüňine görä, ýigidiň garyndaşlary ötünç sorandan soň, toý dowam edipdir. Ol gyzyna jaň edende, gowy ýaşaýandyklaryny aýdypdyr.

Etrap polisiýa bölümi ol adama garşy administratiw jogapkärçilik kodeksiniň 183-nji maddasyna (ownuk huligançylyk) laýyklykda iş açdy. Ýöne gelin tarapyndan şikaýat talabynyň we arzasynyň ýokdugy sebäpli, kazyýet ýigidiň garşysyna jeza ulanmady diýip, ýerli metbugatyň habarynda aýdylýar.

Toý wideosy dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi. Bu barada nemes neşiri "Bild" ýazdy, Koreýanyň JTBC teleýaýlymy wideony öz efirinde görkezdiler.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG