Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda çagalara garşy jynsy zorluk görkezenlere jeza çäreleri güýçlendirilýär


Illýustrasiýa suraty 
Illýustrasiýa suraty 

Täjigistan parlamentiniň aşaky palatasy Majlisi Namoýandagonyň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri tassykladylar, täze üýtgeşmelere laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmediklere jynsy zorluk edenleriň jezasy has agyrlaşdyrylýar.

Mundan beýläk Täjigistanda pedofillere 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy abanýar. Ozal çagalara we kämillik ýaşyna ýetmediklere jynsy zorluk edenler 7 ýyldan 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýärdi.

Mejlisiň aşaky palatasynyň deputatlary bu mesele barada düşündiriş bermekden saklandylar.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysynyň haýyşy boýunça, Täjigistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksine girizilen täze üýtgetmeler barada teswir beren aklawçy Dilşod Juraýew çagalara we kämillik ýaşyna ýetmediklere jynsy taýdan zorlukda günäkärlenýänleriň çagalaryň terbiýesi hem okuwy bilen baglanyşykly ähli guramalarda we edaralarda işlemek hukugyndan, ömürlik mahrum edilýändigini aýtdy. "Türme möhleti gutarandan soň, esasanam mugallym bolup işlemek, kämillik ýaşyna ýetmediklere lukmançylyk kömegi, çagalary sosial taýdan goramak, çagalar sporty, çagalar sungaty ýaly ugurlarda işlemek gadagan edilýär" diýip, ýurist sözüne goşýar.

Jynsy zorluga garşy, şol sanda çagalaryň zorlanmagyna garşy jeza çäresini güýçlendirmek talaplary Täjigistanda öňräkden bäri aýdylyp gelinýär. Raýat aktiwistleri soňky gezek 8 ýaşly Rufeýda Inoýatowanyň öldürilmeginden soň, pedofiller üçin jezany hasam berkitmegiň zerurdygyny mälim etdiler. Rufeýdanyň wagşyýana öldürilmegi 2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda Rudaki etrabynyň Nawobod obasynda bolup geçdi. Ertesi gün kanun goraýjy guramalar gyzyň kesip böleklenen jesedini tapdylar. Jenaýat 30 ýaşly Rahmatullo Gadoýew tarapyndan amala aşyrylypdyr. Geçen ýylyň oktýabr aýynda, ol ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Rufeýda atly gyzjagaz öldürilenden soň, raýat aktiwistleri parlamentiň ýokarky palatasy Majlisi Milliniň başlygy Rüstam Emomala ýüzlenip, çagalara garşy zorlugy global problema atlandyrdylar. Olar häkimiýetlerden çaga zorlanlara berilýän jezany has-da berkitmegi talap etdiler.

Täjigistanyň Mejlisiniň aşakky palatasynyň wekilleri öz çykyşlarynda, Täjigistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmeleriň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jynsy taýdan zorlanmagynyň öňüni almak üçin, amala aşyrylandygyny bellediler.

Şeýle-de bolsa, bilermenler jeza çäreleriniň güýçlendirilmegi çagalara garşy zorlugy çözüp bilmez diýip hasaplaýarlar. “Agyr jeza adatda bolşy ýaly, zorluk edýänleri durzup bilmeýär, olar berlen jezany ýatyp çykanlaryndan soň, jenaýat işini dowam etdirýärler. Şonuň üçin düzediş edaralarynda pedofiller bilen düşündiriş işini güýçlendirip, olarda gowy adam häsiýetlerini emele getirmeli hem-de olarda-da ata-ene we uýalarynyň bardygyny düşündirmeli. Şeýle işler ýerli ilatyň arasynda hem geçirmelidir" diýip, psiholog Naýimjon Abduraşidow aýdýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň sözüne görä, Täjigistanda düşündiriş işleri kadaly ýola goýulmadygy üçin, ilat arasynda çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan jynsy zorluk wakalaryny paş etmeginden gorkmazlyk meselesi hem ýaramaz.

Gülçehra Rahmonowa “Taşabbusi hukuki” (“Hukuk inisiatiwasy”) jemgyýetçilik gaznasyna ýolbaşçylyk edýär. Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, ol Täjigistanda çagalara garşy jynsy zorluk köplenç ýagdaýda, oňa ýakyn adamlar tarapyndan edilýändigini aýtdy.

“Garyndaşlarynyň ýa-da maşgalanyň gatnaşykda bolan adamlarynyň öz jynsy zerurlyklaryny kanagatlandyrjak bolup güýç ulanmagy çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda nägileligi döredýär. Häzirki wagtda çagalara garşy jynsy zorlugyň öňüni almak üçin, ýeke-täk çäre ýok. Şoňa görä munda çagalara öz bedeniniň diňe özüne degişlidigini, başga hiç kimiň oňa hakynyň ýokdugyny düşündirmek iň gowy usuldyr. Hiç kimiň çagany oňaýsyz zada mejbur etmäge hukugynyň ýokdugyny, eger-de kimdir biri şeýle zorlugy etmäge synanyşsa, çaga muny öz ynanýan uly adamlaryna aýtmalydygyny düşündiriň” diýip, Gülçejra Rahmonowa aýdýar.

Adam Hukuklary Komissiýasynyň Täjigistanda ýerleşýän edarasynyň maglumatyna görä, 2019-2021-nji ýyllarda kämillik ýaşyna ýetmedikleri zorlamak meselesinde, 45 waka hasaba alyndy. Täjigistanda, umuman alanyňda, çaga zorlamak bilen baglanyşykly wakalar seýrek aýan edilýär. Beýle wakany jebir çekeniň hossarlary ýaşyrýarlar diýip, ýerli bilermenler hasap edýärler.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG